hajymyratt
24.03.2024 01:33
Bitişen ýaralar gaýtadan ganap,
Bimany durmuşyñ günlerin sanap,
Ýagşyny,ýamana dogan dek ýanap,
Erbetlige baslygypdyr bu dünýe.

Dininden aýyryp niçe ynsany,
Ýuwutdyrdy wyždan bilen ynsaby,
Pozulyp älemiñ ýagşy tymsaly,
Erbetlige baslygypdyr bu dünýe.

Üýtgeder tersine imany pesi,
Gursakdan eşdiler bahyllyk sesi,
Tañry hem halamaz herne näkesi,
Erbetlige baslygypdyr bu dünýe.

Kimse bilmez öñde ne ahwal gelýär,
Özüçe baýnanlar kah-kahlap gülýär,
Maña bolsa diñe diýäýmek galýar,
Erbetlige baslygypdyr hu dünýe.

Hajymyrat Goşaýew
18
26
efsane_tm
24 Mart 2024
adam etjegini edenden soñ günãkãr ya Huday ya dünya, aslynda adamlar erbet
sabyrly
24 Mart 2024
Malatsy üstünlik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.