hajymyratt
28.03.2024 00:27
Döwür şeýle, hakykat bizden uzak,
Basan ädimimiz gurulan duzak,
Dogan gatnaşygy sepinden üzük,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Ynsanlyk duýgymyz öwrülýär wagşa,
Çarhy pelek barýar jygyldap çagşap,
Ýamanlyk möwç alyp ýol ýitip ýagşa,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Sebäp dünýedenmi ýa-da adamdan?
Köpleň tapawdy ýok gury odundan.
Hiç zat geň görülmän näkes, nadandan,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Bir güni hemmämiz bolmaly pahyr,
Alýan her demimiz hasaply ahyr,
Kyn soraga jogap tapmadyň şahyr,
Diýrler indi saňa ilden kem bilýä,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Hajymyrat Goşaýew
17
37
mokono
28 Mart 2024
Bolmandyr. Köpüräk işle awtory özüň bolsaň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.