gunesh_
11.12.2022 10:17
Gyş barada gyzykly maglumatlar:

Her bir gar tozgasy özboluşlydyr, tebigatda iki meňzeş gar tozgasy ýokdyr, ýöne şonda-da olaryň umumy bir zady bar – ýagny olaryň hemmesinde alty şöhle  bolýar.

Biziň hemmämiz garyň reňkiniň ak bolmagyna öwrenişdik, ýöne Antarktidanyň iň uly dagynda gyzyl, sary we gülgüne reňkdäki garlary hem görmek bolýar.

Gar tozgalarynyň aýdymlaryny eşidip gördüňizmi? Gar tozgalary, suwa degip, ýokary ýygylykly ses çykarýarlar, emma gynansak-da bu sesler adamlar tarapyndan eşidilmeýär.

Ýer ýüzünde ýedi milliarddan gowrak adam ýaşaýar we bu sanyň ýarysyndan gowragy öz gözleri bilen hiç-haçan gar görmändir.

Häzire çenli adamyň eline düşen iň uly gar tozgasynyň diametri 38 santimetre barabar bolupdyr.

Gary näçe söz bilen beýan edip bilersiňiz? Mysal üçin, eskimoslar garyň ähli mümkin bolan ýagdaýlaryny beýan etmek üçin 24 sany söz ulanýan bolsalar, sami ýaly demirgazyk halky bolsa gündelik durmuşynda bu maksat üçin 41 sany söz ulanýar.

Ýaponiýada tebigy buz kristallarynynyň öwrenijisi hökmünde meşhurlyk gazanan atmosfera buz fizikasynyň hünärmeni, ýapon professory Nakaýa Ukisironyň adyny göterýän gar tozgalarynyň muzeýi bar.

2013-nji ýylda gyş möwsüminde Antarktidadaky stansiýada galan ýapon alymlarynyň kömegi bilen -91.2 gradusa deň bolan haýrana galdyryjy pes temperatura hasaba alyndy.

Bütindünýä gar güni! Eýsem, beýle baýramçylyk barmy näme? Howa bar, ol her ýylyň 19-njy ýanwarynda bellenilip geçilýär.

Buzyň temperaturasy dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, Antarktida buzluklarynda olaryň temperaturasy minus 60 gradusa, Grenlandiýa buzluklarynda bolsa minus 28 gradusa çenli ýetip bilýär, iň ýyly gar bolsa Alp we Skandinawiýa daglarynyň depesinde ýerleşýär, onuň temperaturasy 0 gradus töwereginde bolýar.

Iň dowamly gar ýagmyryna 1932-nji ýylda Kanadanyň ýaşaýjylary şaýat bolupdyrlar. Gar ýagmagyny 9 gün dowam edipdir, munuň netijesinde garyň boýy bir gatly jaýlaryň üçegine çenli baryp ýetipdir.
28
56
gunesh_
10.12.2022 10:00
Tebigy merjenler (monjuklar) nähili emele gelýär?

Gadymy döwürlerden bäri adamlar tarapyndan gymmat bahaly daş hökmünde ulanylýan tebigy merjenleriň köpüsiniň esasy çeşmesi deňizde ýaşaýan deňiz balykgulagydyr. Balykgulaklar deňizde ýaşaýan näzik jandar bolup durýar. Merjenler balykgulaklaryň özüni goramak mehanizminiň netijesinde emele gelýär. Balykgulaklaryň gabygyndan içine giren islendik zat keseki madda hökmünde kabul edilýär. Özüni goramak üçin, balykgulak bu keseki maddany «merjeniň enesi» ýa-da «merjeniň gözbaşy» diýlip atlandyrylýan gaty, güýçli we ýalpyldawuk sadap mineraly bilen gurşap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen has köp sadap mineral bilen gurşalan keseki madda ahyrynda ýalpyldawuk we gaty daşa öwrülýär. Emele gelen bu daşa merjen diýilýär. Sadap mineral, gabygyň içki gatlagyny goramak üçin adatça balykgulaklar tarapyndan öndürilýär we «aragonit» diýilýän kalsiý karbonat kristalynyň bir görnüşinden emele gelýär. Sadap mineraly diňe bir merjen emele getirmän eýsem-de balykgulagyň gabygynyň içki gatlagyna reňk hem berýär. 
26
109
gunesh_
09.12.2022 09:46
Häzirki zaman dünýäsinde ýaşap, biz, Ýer şarynda adamlaryň haçandan bäri ýaşaýandygy hakynda seýrek pikirlenýäris. Ählisi mundan million ýyl öň, haçan-da ilkinji gominidler aýaga galyp we ýönekeý zähmet gurallaryny ýasamaklygy öwrenen wagtyndan başlaýar. Häzirki zaman ýazuw, şäher we döwletli döwür, biziň gadymy ata-babalarymyzyň uly bolmadyk taýpalarynyň yklymlardan-yklymlara göçlük eden döwürleri bilen deňeşdirilende, ýekeje pursat bolup durýar.

Şol döwürler olar jaýlarda ýa-da külbelerde ýaşamandyrlar, sebäbi ýygnaýjylyk bilen meşgullanýan ilkidurmuş taýpalary, pasyllaryň çalyşmaklygy bilen baglylykda, olara hemişe göçüp-gonup ýörmeklik zerur bolupdyr, şol sebäpli hem, jaýlary gurmaklyk zerurlygy bolmandyr. Emma seýrek ýagdaýda, bagty çüwenler, ýylyň dowamynda iýmitiň bol we gaçybatalgasy golaýynda  bolan ýerleri tapmaklygy başarypdyrlar. Gürrüň, elbetde, dag jynslarynyň onlarça metr çuňlugyna gidýän, tebigy gaçybatalgalar bolan – gowaklar hakynda gidýär. Adamlaryň oturymly ýaşaýşynyň iň gadymy nusgasy hem şulardyr. Käteler, şeýle gowaklar taýpalar üçin million ýyllaryň dowamynda ýaşaýan mekany bolup hyzmat edipdir. Şol wagtyň dowamynda, olarda, gadymy adamlar tarapyndan galdyrylan we käbirleriniň biziň günlerimize hem gelip ýeten köp sanly yzlary toplanandyr.

Ine, şeýle gowaklaryň biri, Argentinanyň günortasynda, Puntaras derýasynyň golaýynda ýerleşýär. Arheologlar, günorta-amerikan indeýleriniň nesilleri bolan gadymy adamlar, bu ýerde on müňlerçe ýyllaryň dowamynda mesgen tutunypdyrlar diýip hasap edýärler. Bütin dünýäde bu gowak «Elleriň gowagy» ady bilen bellidir.

Näme üçin bu gowagyň şeýle ada eýedigine eýýäm, oňa giren badyňa düşünýärsiň. Gowagyň diwarlary, onda ýaşan adamlaryň el yzlary bilen doldurylypdyr. Biziň  ata-babalarymyz, süňk turbajyklarynyň kömegi bilen diwara goýlan eliniň üstüne pürkmek bilen, tebigy reňklendirijileri  ulanypdyrlar.  Gepiň  gerdişine  görä, diwarlaryň birinden tapylan, hut şol galyndylaryň üsti bilen, alymlar gaýanyň ýüzündäki suratlaryň – 13 000-den, 9 000 ýyla çenli ýaşynyň bardygyny anyklamagy başardylar.

Eger-de erkek kişi öz eliniň aýasyny, daş ata-babalarynyň aýalarynyň yzlaryna goýup görse, onda olaryň aýalarynyň nähili derejede kiçi bolandygyna haýran galar. Onda, gadymy adam bilen häzirki adamyň arasynda beden taýdan berkligi şeýle ulumy? Aslynda ýok, sebäbi gadymy adamlar bize görä, beden taýdan berk bolupdyrlar we gowakdaky el yzlarynyň köp bölegi ýetginjeklere degişlidir. Ähtimal, taýpanyň agzalary, ýagny ýigitler we gyzlar belli bir ýaşa ýetenlerinde, gowagyň diwarynyň ýüzünde aýasynyň suratyny galdyrmaklygy özboluşly däp-dessur bolandyr.

Bu el yzlaryna dykgat bilen serediň. Gadymy daşdan, bize bireýýäm dünýäden öten adamlar ellerini uzadýarlar. Emma bu ýagdaýda gorky döränok – sebäbi, bu el yzlary bizi, ebedilik barada, şeýle hem, rehimsiz wagtyň akymynda bir adamyň ömrüniň nähili çalt geçýänligi barada pikir etmäge mejbur edýär. 
22
230
gunesh_
08.12.2022 12:42
Köpümize mälim bolan sudoku oýny dürli ýaşdaky adamlaryň aňsatlyk bilen öwrenip biläýjek oýunlarynyň biridir. Ilkinji gezek Ýaponiýada ýüze çykan bu gyzykly oýun «suuji wa dokushin ni kaguru» diýen ýapon sözleriniň utgaşmasyndan emele gelip, «sanlar ýeke-täk bolmaly» diýmegi aňladýar we gysgaça «sudoku» diýlip kabul edilipdir. Sudoku oýny 9×9 grafikada çözülýän we 1-den 9-a çenli sanlaryň her setirde hem-de sütünde we 3×3 gutularda 1 gezek ýerleşdirilýän oýundyr. Bu oýnuň esasy maksady, bar bolan sanlary hiç hili ikinji gezek gaýtalamazdan, 9 öýjükden ybarat bolan 9 sany deň öýjüge bölünen meýdançalarda sanlary tertipli ýerleşdirmekden ybaratdyr. Ýagny her setirde we her sütünde 1-den 9-a çenli sanlary diňe bir gezek ulanyp, olary ýerleşdirip çykmaly. Edil şular ýaly, 1-den 9-a çenli sanlar goýy çyzyklar bilen bölünen her gutuda bir gezek ulanylmaly. Şeýle hem sudoku 4×4, 6×6, 9×9 ýaly köp ululyklarda hem oýnalyp bilner.

Haýsy ululykda bolýandygyna garamazdan ähli sudoku oýunlarynyň üç sany esasy düzgünleri bardyr. Ýagny: 

- Her setirde ähli sanlar bolmaly we bu sanlar diňe bir gezek gaýtalanmalydyr.
- Her sütünde hem ähli sanlar bolmaly we bu sanlar hem diňe bir gezek ulanylmalydyr.
- Her gutuda ähli sanlar bolmaly we bu sanlar diňe bir gezek gaýtalanmalydyr. 



Özüniň gyzyklylygy, täsirliligi bilen bilikde sudoku oýny zehiniňi hem güýçlendirýän oýundyr. Bu oýny yzygiderli oýnaýan adamlarda beýnidäki gasynlaryň, joýajyklaryň köpelmegine, töwerekde bolup geçýän dürli ýagdaýlara hem wakalara dürlüçe garamaga, ýüze çykýan meseleleri çözmeklik ukybyny çalt gazanmaga we meseläniň aňsat çözgüdini tapmakda kämilleşmäge ýardam edýär.

Bulardan hem başga, sudoku oýny ünsi güýçlendirýär, ynsanyň döredijilik ukybyny artdyrýar, beýnini rahatlandyrýar we gaýgyny aradan aýyrýar, çaganyň matematiki meseleleri çözmek ukybyny örän ýokarlandyrýar we ýatkeşligi ösdürýär. 
22
50
gunesh_
07.12.2022 14:34
Bilmeýän bolmagyňyz mümkin ýöne ýylanlar mundan 100 million ýyl ozal ýöräp bilýärdi. Ýagny olaryň aýaklary bardy.

Alymlar ýylanlaryň ýerüsti ýa-da deňiz süýrenijilerinden gelip çykandyklary baradaky gözlegler bilen ylalaşmasa-da, ýöne olaryň aslardan ewolýusiýanyň netijesinde dörändiklerine has ýykgyn edýärler.

Alymlar 90 million ýyl mundan ozalky galyndylara esaslanyp, ýylanlaryň kem-kemden aýaklaryny ýitirendigini belleýärler. Näme üçin? Sebäbi aýaklary ýok bolsa, olar aw etmek üçin çukurlara we hinlere aňsatlyk bilen girip bilýärler.

Golaýda, tehnologiýa pudagy boýunça hünärmenler 3D printeriň kömegi bilen ýylanlaryň ýöremegi üçin robot aýagy ýasamagy başardylar.

Kompýutere birikdirilen, hereketlendirijili robot aýaklar ýylanlara aslar ýaly ýöremäge mümkinçilik berýär. Hünärmenler robot aýaklaryň kömegi bilen ýylanlaryň genlerini oýaryp, 100 million ýyl mundan ozal bar bolan aýaklaryny täzeden çykarmak isleýärler.
27
196
gunesh_
06.12.2022 21:08
It modasy — bu näme? Zerurlykmy ýa-da kaşaňlykdan gelip çykan nakyslyk?

Takmynan, 25 ýyl ozal köçede eşik geýdirilen itleri gören käbir adamlaryň geň galan bolmaklary-da mümkin. Ýöne ösen moda dünýäsi we onuň tendensiýalary bilen tanyş adamlar näme görýändiklerine şol wagt hem düşünendirler. Edil häzirki wagtda bolsa egnine kombinezon ýa-da sütükli eşik geýdirilen itler hiç kimi-de geň galdyrmaýar.

Eýsem öý haýwanlary, hakykatdanam, eşik geýdirilmäge mätäçmi we bu pikir haçan ýüze çykdy?

Aslynda, itler üçin eşikler birnäçe asyr mundan öň peýda bolupdyr. Emma ol döwürler eşikler itlere bezeg üçin däl-de, söweş wagtynda ýa-da iri ýabany haýwanlar awlananda goranmak üçin geýdirilipdir. Berk we agyr deridir demirden ýasalan eşikler iti söweşijileriň hem ýabany ýyrtyjylaryň gazabyndan ygtybarly gorapdyr. Şeýle gorag eşikleri ilkinji gezek b.e.öňki IV-V asyrlarda ýüze çykypdyr. Şol wagtlar itler üçin ýiti almaz bilen bezelen, şeýle-de diş-diş şekilli agyr we uzyn boýunbaglar ýörgünli ulanylypdyr. Käbir itlere garşydaşynyň dişi ötmez ýaly döşüni tutup duran demir öňlükler hem dakylypdyr. Itler, köplenç, aw üçin ýa-da söweşde kömekçi maksady bilen saklanan bolsa-da, öý bezegi, hojaýynyň söýgüli iti hökmünde saklanýan itler hem bolupdyr. Gadymy tapyndylardaky mozaikalarda hem owadan boýunbagly itleriň şekiline duş gelmek bolýar.

Soňra orta asyrlarda itler söweş maksady bilen däl-de, awçy we öý garawuly hökmünde ulanylyp başlanýar. Gadymy gobelenlerdir suratlarda hem boýunbaglary nagyşlardyr gerald şekilleri bilen bezelen itleriň gatnaşmagyndaky aw pursatlary ýa-da dabaraly ýörişler şekillendirilýär.

It modasy XVIII asyryň birinji ýarymynda Angliýada ösüp başlaýar. Şunlukda, edep-ekramly iňlis zenanlary we jenaplary öý haýwanlaryny eşiksiz köçä çykarmagy kabul ederliksiz hasaplap başlaýarlar. Angliýanyň çygly we sowuk howasy haýwanlaryň saglygy üçin o diýen peýdaly hem däldi. Şonda itler üçin ýapynjalar ilkinji eşigiň ornuny tutýar. Hut şol sebäpli-de, iňlisler itler üçin eşik toplumyny döredijiler hasap edilýär.

Emma itler üçin moda, elbetde, fransuzlar tarapyndan döredildi. Itler üçin esbaplary ilkinji bolup «GOYARD» kompaniýasy öndürip başlaýar. 1892-nji ýylda itler üçin esbaplaryň ilkinji katalogy çap edilýär. XX asyryň ortalaryna bu kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriniň amerikaly müşderileriň arasynda geçginlidigine göz ýetirýärler. Netijede, it modasy täze ýere göçýär.

1990-njy ýylda amerikaly dizaýner Tom Ford «GUCCI» markasy bilen beýleki öndürijilere çynlakaý bäsdeş bolup biljek it esbaplarynyň ýygyndysyny döredýär. Bu söwda markasy häzirlerem itler üçin plaş, boýunbaglardyr agyzdyryklaryň toplumlaryny, kiçijek itleri götermek üçin sumkalary we wanil ysly rezin süňkjagazlary öndürýär.

Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerindäki dizaýnerler itler üçin gezelenç maksatly, şeýle-de jemgyýetçilik çärelerine, toýlara geýer ýaly eşikleri öndürýärler. Itler üçin eşikleri it butiklerinden hem satyn alyp bolýar. Şeýle dükanlar ilkinji gezek 1920 — 1930-njy ýyllarda Angliýada we Amerikada peýda bolýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda her ýyl itleriň gatnaşmagynda hakyky moda dabarasyna öwrülen moda görkezilişikler guralýar. Nýu-Ýorkda geçýän «Moda hepdeligi» hem hut «Itleriň moda hepdeliginiň» görkezilmegi bilen tamamlanýar. Bu moda hepdeligine, takmynan, 500-e golaý it gatnaşýar.
25
133
gunesh_
05.12.2022 20:21
Leglekler uzak ýurda göçüş üçin uçýarkalar uklaýan ekenler. Uklamakçy bolan leglek uçýan leglekleriň toparynyň ortasyna geçmeli eken. Toparyň ortasyna geçmek «uklajak diýmegi» aňladypdyr.

* * *

Alaka bir ýylyň dokuz aýyny we galan üç aýynyň hem gijelerini ýatyp geçirýär.

* * *

Ýaş çagalar bir gije-gündizde on alty sagat ýatýarlar adam alty ýaşanda on bir sagat, ýigrimi ýaşdan soň ýedi-sekiz sagat ýatýar. Adam garranda, gije az ýatýar. Petr I, Napoleon, Gumbold, Mirabo, Şiller, Gýote, akademik Wawilow, Edison üç, käte iki sagat uky bilen çäklenipdirler.

* * *

D.I.Mendeleýew öz jedweliniň gutarnykly görnüşini düýşünde görüpdir. Edebiýatçy P.W.Annenkow birnäçe goşgynyň A.S.Puşkiniň düýşüne girendigini tassyklaýar. Görnükli edebiýatçy: «Ol irden turup, näme etmelidigini eýýäm anyk bilýärdi. Onuň çarçuwada çekjek bolýan zatlary gözüniň öňünde aç-açan görnüp durdy…» diýip, Feýhtwanger Gýote hakynda-da ýazypdy.

* * *

Dünýäniň küşt boýunça on ikinji çempiony A. Karpow oýnan döwleriniň biriniň utuşly göçümini düýşünde görüpdir.

* * *

Kosmonawt Ý.A.Gagarin bar zady aňyndan aýryp bilipdir, her hili ýagdaýda belli bir wagta çenli irkilmegi hem başarypdyr. Jon Kennedi käte mejlisleriň arasyndaky arakesmelerde kürsüsinde on-on bäş minut uklaýan eken, onuň öz sözlerine görä, şonda bir käse ajy kofe içen ýaly nepesini gowy durlap, işini dowam etdirýän eken.
20
61
gunesh_
01.12.2022 14:29
Aman Kekilowyň "Söýgi" romanyndan bölek. WUZ barada.

Barha selçeňleşer sany leksiýanyň,
Artar aladasy indi dekanyň.
Tagtanyň ýüzünde täze mazmunda
Dürli bildirişler görüner munda.
Gaý öňünde bolýan ümsümlik ýaly
Şowhun ýaňlandyrmaz leksion zaly.

Galdawly hereket studentlerde,
Kärine degişli kabinetlerde
Ýylyň dowamynda geçilen dersi
Gaýtalap tejribe geçirýär hersi.
Dolar okalgalar, bolmaz boş ýeri,
Her kim talap eder dürli eseri.
Ertirden agşama kitaphanasy
Işlär, adamlydyr mydam gapysy,
Depderi, kitaby - ýakyn ýoldaşy,
Ýetikdir her kimiň özüne işi.

Ynha, bir kabinet, gireňde oňa
Haýwanat dünýäsi görünýär saňa.
Egninde halady, ak gar dek başy,
Garry professor alyp bir guşy,
Ýatladýar täzeden geçen kursuny,
Sorag berenleriň çekip ünsüni.
Dürli ösümlikler başga birinde
Edil görnüşi dek biten ýerinde,
Yssy Gündogarmy, sowuk Günbatar
Goýulan bu ýerde hatarma-hatar.

Täze bir kabinet ol örän uly,
Içersi stoldan, şakfdan doly.
Saklanýar olarda hlor-u-metan,
Gazlar hem maddalar seretseň her ýan.
Adamzat ylym üçin goýupdyr güýçler,
Örän çylşyrymly ondaky işler.
Sintez-analizniň tapyp ugruny,
Açýarlar tebigat gizlin syryny.
Şeýle kabinetler durmuşy bilen,
Her kim meşgul munda öz işi bilen.

Ynha, boş korpusyň ýagty bir jaýy
Örän gyzgalaňly bu gün bu taýy.
Dil, edebiýat bilen meşgul bolanlar
Gollary kitaply gyzlar, oglanlar
Üýşüp alypdyrlar jaýyň öňüni,
Bu gün bu bölümde hasabat güni.
Wagt ýüz urupdy tomusa sary,
Ýaşlar arasynda köp günden bäri
Dilden düşmeýärdi "ekzamen" sözi,
Käte ýada salsa üýtgärdi ýüzi.

Bilmeýän, okyjym, näçe ýaşyňda,
Belki, gyraw bardyr eýýäm başyňda,
Ýa-da sen ýaňyja dolduryp onuň
Gezýänsiň yşkynda her dürli oýnuň.
Ulumy-kiçimi - parhy ýok ýaşyň,
Sorasaň göz aýlap töwerek-daşyň,
Habar bir säginmän beletdir özi,
Tanyşdyr her kime "ekzamen" sözi.
Her kim onuň bilen iş salyşandyr,
Wagtynda erjelli köp çalyşandyr.

Her haýsy ünsüňi çekip özüňe,
Geler hatarlanyp yzly-yzyna.
Taýýarlyk görersiň gijeler ýatman,
Baga, kino, tansa - hiç ýaňa gitmän,
Bir ýanyň ýazgylaň, bir ýanyň kitap,
Möhüm soraglara gözlärsiň jogap.
Käte arkaýynsyň, bilýän dek baryn,
Käte unudan dek okanyň ýaryn,
Howsala düşersiň birden öz-özüň,
Ýene kitabyňdan aýyrman gözüň.

Her hili zatlary göwne getirip,
Ynjalyk tapmarsyň, oturup, turup,
Gündizi bar ünsüň berseň işiňe,
Ýatyrmaz gijesi, girer düýşüňe:
Başyňy çişirmän uzak oýlanyp,
Durman nobatyňda ilden saýlanyp,
Batyrgaý girersiň, çekersiň bildiň.
Aňsady düşendir, eden umydyň
Çykar, bökjeklärsiň, misli bir çaga,
Bezenip, beslenip gidersiň baga.
17
93
gunesh_
30.11.2022 13:39
Günlerde bir gün bir öwünjeň meýlisde üznüksiz ýaňrapdyr. Ol birsyhly hemme
kişiň bilýän zatlaryny aýdyp, töwerekdäkileri ýadadypdyr. Biçäre Ependi hem bir garaňky
burça çekilip, pallap otyrmyş. Meýlis sowlansoň, ýaňra Ependiniň üstünden
gülmekçi bolup:
– Siz bu gün asyl düýbünden agzyňyzy hem açmadyňyz-la! – diýipdir.
Geplemän oturmakdan ýaňa içi byjyklan Ependi:
– Seniň aýdýanyň näme-how! Men agzymy açyp, agzymy açyp, tas eňeklerimi
ýazdyrypdym – diýipdir.
29
280
gunesh_
29.11.2022 10:05
Ir turmagyň 3 sebäbi


Köp adamlar ir turmagy kyn görýärler, ir turmaga öwrenişmekde kynçylyk çekýärler. Şeýle hem bolsa, ir turmagyň örän köp peýdaly taraplary bar: bedeniňiz üçin peýdaly bolmagyndan başlap, işleriňiziň aglaba bölegini wagtynda ýerine ýetirmäge ýetişmeklik…

Köp sanly barlaglaryň netijesinde ylymlar iň peýdaly uky iki  sagadyň dowamyndaky ukydygyny aýdýarlar, ýagny gije sagat 22:00 – 24:00 aralgyndaky uky. Eger siz şol iki sagadyň aralygynda gijeki ukyňyzy doly alyp bilseňiz, daňdan 05:00 arkaýyn oýanyp bilersiňiz diýip alymlar belleýärler.

1.Saglygyňyza peýdaly bolmagy.

22:00 – 24:00 aralygyndaky uka “süýji” uky diýilýär we şol iki sagadyň dowamlylygyndaky ukyňyz bedeniňiziň doly dynç almagyny üpjün edýär. Eger-de siz gijäň ýarynda ýatmana öwrenişen bolsaňyz, adaty 7-8 sagadyň ýerine 10 sagat ukyňyzy alsaňyz hem, bedeniňiz doly dynjyny alyp bilmeýär.

2.Wagtyňyzy sazlap bilmegiňiz.

Ata-babalarymyz “Ir turan işini dynar” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Säher bilen turmak bilen köp işleriňize ýetişersiňiz. Meselem: ertirlik edinmek, sport meýdançasyna ylgawa gitmek.

3.Şu günki işiňi ertä goýma.

Ir säher bilen turmak – öz halaýan işleriňizden başga-da, öýüň işlerini ýetişmegiňiz, günüň soňky böleginde etjek işleriňiziň azalmagyna ýardam berer.

Ir turup, köp işleriňizi dynyp bilersiňiz. Has ykjam we şähdaçyk bolarsyňyz, güniňiz hem göwnüňiz ýaly ýagty bolar. Agşam özüňizi öňkiler ýaly ýadaw duýmarsyňyz, diňe ukyňyz geler, ukyňyz gelen wagty hem 22:00-dan öňräk ýatmak maksadalaýyk bolar. Irden öňki edip bilmedik işleriňizi etmäge wagt dörär.
24
72