Leglekler uzak ýurda göçüş üçin uçýarkalar uklaýan ekenler. Uklamakçy bolan leglek uçýan leglekleriň toparynyň ortasyna geçmeli eken. Toparyň ortasyna geçmek «uklajak diýmegi» aňladypdyr.
* * *
Alaka bir ýylyň dokuz aýyny we galan üç aýynyň hem gijelerini ýatyp geçirýär.
* * *
Ýaş çagalar bir gije-gündizde on alty sagat ýatýarlar adam alty ýaşanda on bir sagat, ýigrimi ýaşdan soň ýedi-sekiz sagat ýatýar. Adam garranda, gije az ýatýar. Petr I, Napoleon, Gumbold, Mirabo, Şiller, Gýote, akademik Wawilow, Edison üç, käte iki sagat uky bilen çäklenipdirler.
* * *
D.I.Mendeleýew öz jedweliniň gutarnykly görnüşini düýşünde görüpdir. Edebiýatçy P.W.Annenkow birnäçe goşgynyň A.S.Puşkiniň düýşüne girendigini tassyklaýar. Görnükli edebiýatçy: «Ol irden turup, näme etmelidigini eýýäm anyk bilýärdi. Onuň çarçuwada çekjek bolýan zatlary gözüniň öňünde aç-açan görnüp durdy…» diýip, Feýhtwanger Gýote hakynda-da ýazypdy.
* * *
Dünýäniň küşt boýunça on ikinji çempiony A. Karpow oýnan döwleriniň biriniň utuşly göçümini düýşünde görüpdir.
* * *
Kosmonawt Ý.A.Gagarin bar zady aňyndan aýryp bilipdir, her hili ýagdaýda belli bir wagta çenli irkilmegi hem başarypdyr. Jon Kennedi käte mejlisleriň arasyndaky arakesmelerde kürsüsinde on-on bäş minut uklaýan eken, onuň öz sözlerine görä, şonda bir käse ajy kofe içen ýaly nepesini gowy durlap, işini dowam etdirýän eken.