gunesh_
07.12.2022 14:34
Bilmeýän bolmagyňyz mümkin ýöne ýylanlar mundan 100 million ýyl ozal ýöräp bilýärdi. Ýagny olaryň aýaklary bardy.

Alymlar ýylanlaryň ýerüsti ýa-da deňiz süýrenijilerinden gelip çykandyklary baradaky gözlegler bilen ylalaşmasa-da, ýöne olaryň aslardan ewolýusiýanyň netijesinde dörändiklerine has ýykgyn edýärler.

Alymlar 90 million ýyl mundan ozalky galyndylara esaslanyp, ýylanlaryň kem-kemden aýaklaryny ýitirendigini belleýärler. Näme üçin? Sebäbi aýaklary ýok bolsa, olar aw etmek üçin çukurlara we hinlere aňsatlyk bilen girip bilýärler.

Golaýda, tehnologiýa pudagy boýunça hünärmenler 3D printeriň kömegi bilen ýylanlaryň ýöremegi üçin robot aýagy ýasamagy başardylar.

Kompýutere birikdirilen, hereketlendirijili robot aýaklar ýylanlara aslar ýaly ýöremäge mümkinçilik berýär. Hünärmenler robot aýaklaryň kömegi bilen ýylanlaryň genlerini oýaryp, 100 million ýyl mundan ozal bar bolan aýaklaryny täzeden çykarmak isleýärler.
27
196
wolf
8 Dekabr 2022
👍🔥👍🔥👍bilemokdym. Dinozawrlary bir janlandyrmasalar 😁
k_25n
7 Dekabr 2022
nace ayagt bolpdur onsan 🙁
lalahan
7 Dekabr 2022
Gaty tasin post berekella
Myhman Myhman
7 Dekabr 2022
Gyzykly eken
gunesh_
7 Dekabr 2022
Bitter, gaty dogry. Kä wagt jogap ýazmaga ýaltanyp gysga jogaplar ýazýan ýa-da stiker goýýan. Ýazmaga ýaltanan zatlarymyň bir bölegini aýtdyňyz. 😁👍
sahyrlar_we_men
7 Dekabr 2022
jeren_seyitniyazowa,dogry 👍🏻
gunesh_
7 Dekabr 2022
Ýalňyşmaýan bolsam şoň zäherindenem derman ýasaýadylar öýdýän.
gunesh_
7 Dekabr 2022
Olka, ýigrenji diýýän jandaryňyzam Alla ýaradypdyr, peýdasyz, ýönekeýje zat bolsa ýaratmazdy şeýle dälmi?! 🙂
Olka
7 Dekabr 2022
Şol yylan diyilen yigrenji zady ýöredip name etjekka alymlar gaytam olary yok etmeli☝️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.