gunesh_
06.12.2022 21:08
It modasy — bu näme? Zerurlykmy ýa-da kaşaňlykdan gelip çykan nakyslyk?

Takmynan, 25 ýyl ozal köçede eşik geýdirilen itleri gören käbir adamlaryň geň galan bolmaklary-da mümkin. Ýöne ösen moda dünýäsi we onuň tendensiýalary bilen tanyş adamlar näme görýändiklerine şol wagt hem düşünendirler. Edil häzirki wagtda bolsa egnine kombinezon ýa-da sütükli eşik geýdirilen itler hiç kimi-de geň galdyrmaýar.

Eýsem öý haýwanlary, hakykatdanam, eşik geýdirilmäge mätäçmi we bu pikir haçan ýüze çykdy?

Aslynda, itler üçin eşikler birnäçe asyr mundan öň peýda bolupdyr. Emma ol döwürler eşikler itlere bezeg üçin däl-de, söweş wagtynda ýa-da iri ýabany haýwanlar awlananda goranmak üçin geýdirilipdir. Berk we agyr deridir demirden ýasalan eşikler iti söweşijileriň hem ýabany ýyrtyjylaryň gazabyndan ygtybarly gorapdyr. Şeýle gorag eşikleri ilkinji gezek b.e.öňki IV-V asyrlarda ýüze çykypdyr. Şol wagtlar itler üçin ýiti almaz bilen bezelen, şeýle-de diş-diş şekilli agyr we uzyn boýunbaglar ýörgünli ulanylypdyr. Käbir itlere garşydaşynyň dişi ötmez ýaly döşüni tutup duran demir öňlükler hem dakylypdyr. Itler, köplenç, aw üçin ýa-da söweşde kömekçi maksady bilen saklanan bolsa-da, öý bezegi, hojaýynyň söýgüli iti hökmünde saklanýan itler hem bolupdyr. Gadymy tapyndylardaky mozaikalarda hem owadan boýunbagly itleriň şekiline duş gelmek bolýar.

Soňra orta asyrlarda itler söweş maksady bilen däl-de, awçy we öý garawuly hökmünde ulanylyp başlanýar. Gadymy gobelenlerdir suratlarda hem boýunbaglary nagyşlardyr gerald şekilleri bilen bezelen itleriň gatnaşmagyndaky aw pursatlary ýa-da dabaraly ýörişler şekillendirilýär.

It modasy XVIII asyryň birinji ýarymynda Angliýada ösüp başlaýar. Şunlukda, edep-ekramly iňlis zenanlary we jenaplary öý haýwanlaryny eşiksiz köçä çykarmagy kabul ederliksiz hasaplap başlaýarlar. Angliýanyň çygly we sowuk howasy haýwanlaryň saglygy üçin o diýen peýdaly hem däldi. Şonda itler üçin ýapynjalar ilkinji eşigiň ornuny tutýar. Hut şol sebäpli-de, iňlisler itler üçin eşik toplumyny döredijiler hasap edilýär.

Emma itler üçin moda, elbetde, fransuzlar tarapyndan döredildi. Itler üçin esbaplary ilkinji bolup «GOYARD» kompaniýasy öndürip başlaýar. 1892-nji ýylda itler üçin esbaplaryň ilkinji katalogy çap edilýär. XX asyryň ortalaryna bu kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriniň amerikaly müşderileriň arasynda geçginlidigine göz ýetirýärler. Netijede, it modasy täze ýere göçýär.

1990-njy ýylda amerikaly dizaýner Tom Ford «GUCCI» markasy bilen beýleki öndürijilere çynlakaý bäsdeş bolup biljek it esbaplarynyň ýygyndysyny döredýär. Bu söwda markasy häzirlerem itler üçin plaş, boýunbaglardyr agyzdyryklaryň toplumlaryny, kiçijek itleri götermek üçin sumkalary we wanil ysly rezin süňkjagazlary öndürýär.

Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerindäki dizaýnerler itler üçin gezelenç maksatly, şeýle-de jemgyýetçilik çärelerine, toýlara geýer ýaly eşikleri öndürýärler. Itler üçin eşikleri it butiklerinden hem satyn alyp bolýar. Şeýle dükanlar ilkinji gezek 1920 — 1930-njy ýyllarda Angliýada we Amerikada peýda bolýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda her ýyl itleriň gatnaşmagynda hakyky moda dabarasyna öwrülen moda görkezilişikler guralýar. Nýu-Ýorkda geçýän «Moda hepdeligi» hem hut «Itleriň moda hepdeliginiň» görkezilmegi bilen tamamlanýar. Bu moda hepdeligine, takmynan, 500-e golaý it gatnaşýar.
25
133
Olka
7 Dekabr 2022
😧😧😧😧😧😧😧
wolf
6 Dekabr 2022
👍🔥👍🔥👍bäh
butterfly
6 Dekabr 2022
👍......
Maýa06
6 Dekabr 2022
Adamlaryň ilkinji eldekileşdiren haýwanydyr itler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.