gunesh_
30.11.2022 13:39
Günlerde bir gün bir öwünjeň meýlisde üznüksiz ýaňrapdyr. Ol birsyhly hemme
kişiň bilýän zatlaryny aýdyp, töwerekdäkileri ýadadypdyr. Biçäre Ependi hem bir garaňky
burça çekilip, pallap otyrmyş. Meýlis sowlansoň, ýaňra Ependiniň üstünden
gülmekçi bolup:
– Siz bu gün asyl düýbünden agzyňyzy hem açmadyňyz-la! – diýipdir.
Geplemän oturmakdan ýaňa içi byjyklan Ependi:
– Seniň aýdýanyň näme-how! Men agzymy açyp, agzymy açyp, tas eňeklerimi
ýazdyrypdym – diýipdir.
29
280
Myhman Myhman
1 Dekabr 2022
Gulkili yeri nirde aydayda😂🔫
sha.
30 Noýabr 2022
👍👍👍👍...
gunesh_
30 Noýabr 2022
k_25n, ýok kitapdan
k_25n
30 Noýabr 2022
ozun duzyanmi muny 🤔 jeren_seyitniyazowa,
gunesh_
30 Noýabr 2022
Posty üýtgetdim
k_25n
30 Noýabr 2022
bu degisme konelsipdir onki adamlar ucindir belki 🤔
Olka
30 Noýabr 2022
menä düşunmedim gulmelimikä😒😒😒😒
k_25n
30 Noýabr 2022
mena dusundim 😐
Девушка.
30 Noýabr 2022
Hakykatdan adamyň daşky görnişine seredip baha bermeli däl👏👏👍.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.