gullnara_
23.03.2024 21:23
SEN GARRAMA EJEJAN...” aýdymyň goşgusynyň döreýşiniň taryhy barada
Suratda: Çepde - Myrat Ömür, sagda onuň şahyr dosty Italmaz Akmyradow.
“SEN GARRAMA EJEJAN...”
Hemmelere ýürege ýakynlygy bilen, sada, akgynly, şirin sazy bilen belli bolan “Sen garrama ejejan” aýdymyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Çünki häzire çenli halk arasynda, toý-baýramlarda aýdylyp, halkyň ýürek senasyna öwrülen bu aýdym ençeme ýyllardan bäri göwünleri heýjana salmagyny dowam edýär. Onuň başyny aýtsaň aýdymy ýüzugra dowam edip biljek adamyň juda köpdügi ikuçsyzdyr. Bu bolsa ýürekden çykan eseriň ýürege barýandygynyň aýdyň mysaly. Aýdymyň goşgusynyň döreýşiniň özboluşly taryhy bar.
Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan bolan şahyr Myrat Ömür işden dolanyp geleninde ogluny görmäge gelen ejesini görüp bir gez beýgelen ýaly boldy. Gelenine birnäçe sagat geçen ejesi bilen görüşeninden soňra işden ajygyp gelen ogluna bir zatlar taýýarlan ejesiniň saçak ýazyp agşamlyk äbermegi bilen nahar başyna geçdiler. Oglunyň gelerine garaşyp duz datmadyk ejesini synlap oturan şahyra, göýä ejesi öňküsindenem has garran ýaly, ylaýta-da özüne garaşyp garran ýaly duýuldy. (Özüni dünýä inderen bagtyň gözöňünde garrap barýanyny gören şahyryň ýüregi jigläp giden ýaly boldy. Ýüzi soldy) Ejesine ahwalyny bildirmejek bolup, onuň nazar salanyna mähetdel, “Sen garrama, ejejan” diýip degişen ýaly etdi. Bu şahyryň agşamky döretjek, soňlugy bilen aýdyma öwrülip halk içinde meşhurlyk gazanjak eseriniň meşhur setiridi. Gije bolsa sözler kerweni bir-birine birigip, ýürekden inen setirler ak kagyza nagyşlanyp başlady:
Maňlaýyňda bar gasyn,
Sen garrama, ejejan.
Dünýe dursun, dur asyr,
Sen garrama, ejejan.
Besdir daglaň garrany,
Besdir baglaň garrany,
Garrasak bir garraly,
Sen garrama, ejejan.
Garşylasyn goja dag.
Garşylasyn goja bag,
Bolup bize arkadag,
Sen garrama, ejejan.
Perzentlarňe pena sen,
Dillermize sena sen.
Meňzeseň-de enä sen,
Sen garrama, ejejan.
Şahyryň bu aýdymy 1993-nji ýylda bagşy Baýramgeldi Gutlyýewiň saz ýazmagy we ilkinji bolup ýerine ýetirmeginde aýdyma öwrülip, hali häzire çenli telewideniýede, radioda ýaňlanyp gelýär. Ylhamdan dörän ylham perzentleri diňe bir adamlara ruhy lezzet bermän, eýsem, ylham paýlaýan ajaýyp eserdir.
(Žurnalist Hojaberdi Apbaýewiň gürrüň bermegi esasynda taýýarlanyldy)
Türkmenportal
27
74
gullnara_
20.03.2024 14:58
Oglanlar
Owadan gyzlaryň bir garaýşyna,
Ýüpsüz dañylmaga golaý oglanlar!
Söýgiñ derdin satyn alyp başyna,
Perwanañ ykbalyn alan oglanlar!
Kalplarynda joşgun urýan ýaşlykdyr,
Wah, ol joşgun käte çenden aşyp dur,
Owadan gyz görse, bary aşykdyr,
(Bagyşlañ!) azajyk jalaý oglanlar!
Ýaşlyk söýgä ýanmak juda ýakynmy,
Käsi ýeñles, käsi agras-akylly,
Diñe gyzlar hakda gürrüñ ýakymly,
Ýary çyn, ýarysy ýalan oglanlar!
Yñdarmarak, degişgenräk jahyldyr,
Gyzlar hakda goşgy ýazar - şahyrdyr,
Ýary Mežnun, deñ ýarysy Tahyrdyr,
Leýli, Zöhre diýip ýanan oglanlar!
Garaýşyndan añlamasa özleri,
Aýt, nädersiñ bu doñýürek gyzlary?
Diñläp söýgi hakda aýdym-sazlary,
Gijeler bagryny dilen oglanlar!
Siziñ köñül dünýäñizde güýmenýän,
Goşgym bilen girmeklige synanýan,
Gözüm gidýär hem azajyk gynanýan,
Öz-özüni oda salan oglanlar!
awtory- Gulya Gulyyewa
28
71
gullnara_
10.03.2024 21:48
Bütin dünýä meşhur bolan 12 adam barada gyzykly faktlar!
Wolter. Fransuz ýazyjysy we filosofy, meşhur - Wolter kofe içmegi gaty gowy görüpdir. Ol günde 50 stakan kofeany içip bilipdir. Dogry, bu biz üçin adaty kofe däl, şokolad we kofeli garyşma bolupdyr. Beýle rahatlandyryjy içgilige özüni beren bu akyldara töwerekdäkiler onuň tiz arada öljekdigini aýdypdyrlar. Emma Wolter 83 ýyl ömür görüp olary haýran galdyrypdyr.
Hristofor Kolumb. Bolan wakalara esaslanan rowaýatlaryň arasynda, Kolumba görüplik eden ynsanlar we deňizçilere Kolumbyň mynasyp jogaby baradaky hekaýalar hem bar. Şol gybatçy adamlar Kolumba hemişe Amerikany açmak kyn bolmadygyny gaýta-gaýta aýdýardylar. Ispan deňizçisi kolumb bolsa muňa gazaplanýardy. Kolumb olara şeýle çäre görmeklige karar etdi: deňizçi Kolumb bäsdeşlik edýänleriň ählisiniň her birine bir ýumurtgadan berip, ony dik ýagdaýda goýmalydygyny aýdýar. Olar näçe hereket etseler-de başarmandyrlar. Şondan soň bir sany ýumurtgany eline alan Kolumb ýumurtgany örän çaltlyk bilen pyrlaýar we şol ýagdaýda ony stolyň üstünde goýýar, ýumurtga dik ýagdaýda bolýar. Soňra Kolumb olara seredip ,,Amerikany açmak şeýle aňsat boldy" diýip aýdýar. Ýagny Kolumbyň açyşyna pisentsizlik bilen seredip aňsat açyş diýýänlere şol ýumurtganyň dik goýulyşy ýaly aňsat işi edip bilmeýişleri ýaly aňsat açyşam açyp bilmediklerini jogap hökmünde gaýtarýar.
Genri Ford. Meşhur telekeçi Genri Fordyň kompaniýasyna işçiler olaryň saglyk ýagdaýyna seredilmezden kabul edilipdir. Mysal üçin 1917-nji ýylda onuň kompaniýasynda 6000 sany maýyp zähmet çekipdir. Şeýlelikde bu ýagdaý kompaniýanyň däp-dessuryna öwrülipdir. Mundan başga-da bu telekeçi hemme işçilerine deň aýlyk hakyny bermekligi möhüm hasaplypdyr. Genri Fordyň bellemegine görä mayplar sag adamlara seredende käbir işler üçin has ukyply bolupdyrlar.
Karol Alfonso XIII. Karol Alfonso XIII köşgünde başgalardan tapawutly mahsus wezipe - gimnçi bolupdyr. Karol Alfonso XIII aýdym-sazdan ukyby bolmandyr. Şonuň üçin ol gimni (döwlet senasyny) başga aýdymlardan tapawutlandyryp bilmändir. Gimnçiniň wezipesi bolsa milli gimniň başlanýandygyny aýdyp duýdurmakdy.
Ýuliý Sezar. Ýuliý Sezar hemişe we ähli ýerde lawr ýapraklaryndan gülçemberi kellesine dakyp gezen. Hökümdar bu ýol bilen saçlarynyň dökülýändigini gizlejek bolupdyr.
Çarlz Darwin. Bize meşhur nazaryýetleriň biriniň üsti bilen tanyş bolan bu alym aslynda biologiýa ugrundan mahsus maglumata (diploma) eýe bolmadyk. Mekdebi gutarandan soň Darwin maşgala däp-dessurlaryny dowam etdirmek üçin lukmançylyk ugruna, Edinburg uniwersitetine okuwa girýär. Emma tiz wagtdan ol lukmançylyk ugruny taşlap gidýär. Çünki alym gandan çendenaşa gorkýardy. Belki Darwin barada indiki aýtjak maglumatym siz üçin täzelik bolup biler, ýöne köp ýerde onuň muny tassyklanlygy barada maglumatlar görkezilse-de Çarlz Darwin hiç haçan adamyň maýmyndan gelip çykandygyny tassyklamaýar. Ol diňe adam we adama meňzeş maýmynlaryň umumy gelip çykyşlygy bir bolmagy mümkindigi barada çaklama edýär. Bu iki düşünje, ýagny tassyklamak we çaklamak bolsa biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar.
Karl VII. Köpçülik üçin tanyş bolan, täç geýdirilende aýdylýan: ,,Karol öldi, ýaşasyn karol" diýlen jümle ilkinji gezek Karl VII täç geýdiriliş dabarasynda aýdylýar. Bu hadysa 1422-nji ýylda bolup geçipdi. Bu meşhur jümläni ilki öňki karolyň jaýlanyş dabarasynda aýdýarlar. Onuň manysy bolsa şalygyň bir şanyň elinden başga şanyň eline geçendigini aňladýar.
Merilin Monro. Taryhyň iň gözel we üstünlikli aktrisalarynyň biri Merilin Monronyň durmuşy juda agyr we bagtsyzdy. Onuň ejesi uzak wagtyň dowamynda ruhy keseller keselhanasynda bejerilýär. Şol sebäpden gyz ýetimhanada ösmeli bolýar. Ony 11 sany dürli maşgala alyp saklamakçy bolýar (perzentlige). Ýöne her sapar, dürli sebäplere gör yzyna getiriberýärler.
Albert Eýnşteýn. Beýik fizik 1955-nji ýylda ýagty älemi terk edýär. Onuň ölüminiň sebäbi aorta damarynyň ýarylmagy bolup, muny patologoanotom Tomas Harwi tarapyndan mälim edilipdir. Ýöne Tomas Harwi fizigiň ölüm sebäbini anyklamak bilen çäklenmändir. Ol bu alymyň beýni bölümini öwrenip, onuň beýnisini kelle süňkinden bölüp alypdyr we boş galan ýeri balzam bilen doldurypdyr. Iň gzykyly ýeri Ýönekeý adamyň beýnisiniň agramy hem 1400 grama deň bolýar, Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bolsa 1230 gram bolupdyr.
Jannad Ark. Jannad Ark ýaşan döwürlerde saçlary kesilen gyzlara duşmak diýerli eläçsizdi. Ýöne käbir dürtgileriň netijesinde Jannad ilkinjilerden bolup bu usuly gollap görýär. Aradan 500 ýyl geçip fransuz aýal gahrymany baradaky bu fakty eşiden polşaly bir dellegi ylhamlandyrýar we munuň netijesinde dellek ,,Bob" saç bezegini oýlap tapýar.
Awraam Linkolin. Awraam Linkolin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň meşhur prezidentlerinden biridir. Ol ýaşlyk döwründen oňat göreşçi bolan. Ol köp hallarda köpçülik adamlara garap göreşe çagyran we islendigi bilen güýç synanşyp biljekdigini aýdan. Aýnan şu hereketleri sebäpli oňa ,,Göreşijileriň şöhraty" milli zalyndan ýer beripdirler. Onuň göreşiji sypatyndaky lakamy ,,Hakkany Eýb" bolup, hemişe öz karzlaryny wagtynda gaýtarýanlygy üçin şu lakama eýe bolupdyr.
Napoleon Bonopart. Napoleon Korsika adasynyň Aýaçço çäginde dünýä inip, onuň ähli eždatlary (ata-babalary) florensiýalylar bolupdyr. Şu sebäpli ony fransiýaly däl italiýaly, has anygragy Korsikaly diýip atlandyrmak mümkin. Napaleon italiýan dilini mekdep döwürlerinde öwrenär, fransuz dilini bolsa 10 ýaşda öwrenip başlaýar. Napaleon Fransiýa we Italiýa imperatory hasaaplanan. Şol sebäpli Italiýanyň baýdagy işläp çykarylýan wagtda işe özi gözegçilik edip işiň başynda durýar. Esas edilip bolsa Fransiýa baýdagy peýdalanylan. Bu orunda üýtgedilen ýeke zat mawy reňki ýaşyl reňke çalşylmagy bolupdyr.
34
409
gullnara_
10.03.2024 10:15
Göripligiň düýp manysy bäsdeşlikdir, has takygy, özüne degişli bolmadyk üstünlige, baýlyga, bagta eýe bolmak islegi bilen, garşydaşyňy habarly etmezden amala aşyrylýan gizlin bäsdeşlikdir.
🌗 Göriplik duýgusy
Göriplik duýgusy öýke, agressiýa, öjükme ýaly emosional ýagdaýlar bilen utgaşykly gelýän duýgudyr. Adam özüni başga adamlar bilen, has dogrusy olaryň üstünlikleri we maddy ýagdaýlary bilen deňeşdirýär. Öz isleýän, arzuwlaýan zadynyň başgalarda barlygy üçin ýigrenç döreýär. Käwagtlar göriplik sussupeslige, janyýangynlylyga getirip bilýär.
Göripligiň psihologiýasy başga adamlaryň bagtyna guwanyp bilmezlik, olaryň bagtynyň beýgeldigiçe, negatiw emosiýalaryň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Psihologiýa göriplige birwagtda şahsyýet üçin çäklenme we üstünlige itergi hökmünde garaýar. Adam göripleýän adamsyna ökünmek, ony kopiýalamak bilen öz şahsyýetiniň çökmegine, ýitmegine, çäklenmä getirip biler. Tersine göripleýän adamsyndan ýokary netijeler gazanmak üçin, maksadaokgunly hereket etmäge itergi hem berip biler.
🌗 Göripligiň esasy sebäpleri
Göripligiň esasy sebäpleri hökmünde Mätäçligi (Islendik zada,şol sanda söýgä, mähre, dostluga…), kanagatlanmazlyk duýgusyny, şahsy üstünliginiň ýoklugyny, maddy ýagdaýyň pesligini, öz-özünden göwnüniň bitmezligini, närazylygyny bellemek bolar.
,🌗 Göripligiň görnüşleri
Göripligiň görnüşleri köpdür: gysga wagtlyk,uzak wagtlyk, köpçülige niýetlenen, gizlin, duşmançylykly, kemsidiji… bular ýüze çykarýan häsiýetleri degişlilikde ak we gara göriplige bölünýärler.
Ak göriplik- göripleýän adamsynyň derejesine ýetmek üçin, zyýansyz hereket edýan, gysga wagtda geçip gidýän duýgudyr.
Gara göriplik- ýaňsylama, öjükdirme, kemsitme arkaly agressiw hereketleri bilen göripleýän adamsyna zyýan ýetirmek isleýän,iň gorkunç we ýakymsyz duýgudyr.
🌗 Göripligiň zyýany
Başga adamlaryň ýaşaýşyny, üstünliklerini göriplik bilen synlaýan,yzarlaýan adam öz durmuşyny arkaýyn ýaşap bilmez. Kimdir biri bagtly ýaşaýar, kimdir biriniň ähli zady gowy diýip ejir çekýän adam bilen ýaşamak kyn bolar. Galyberse-de, göripligi başdan geçirýän adamda ýüze çykýan agressiýa, ýigrenç, sussupeslik ýaly duýgulary ony jemgyýetçilik düşünjesinden daşlaşdyryp biler. Özüň awy içip, başga adamynyň ölümine garaşmak diýleni ýaly-da.
Görüplik diňe günä sebäbäp bolýan ýürek keseli bolman,bir tarapdan eýesiniň gowy gylyklarynyda aradan aýyrýar. Gürrüňe degişli hadys-y şerifde şeýle diýilýär: \"Ot töňňäni iýip dynyşy ýaly, görüplik-de gowylyklary iýip dynar.\"(Ebu Davud, Ibn-i Mace)
Başgasyna berlen nygmaty gysganan adamlar, ýüreklerinde biderek ýere gynanç göterýärler. Çünki duýan gynançlary görüplik edýän nygmatlary azalmaýar ýa-da özlerine berilmeýär. Şeýlelik bilen görüplik edýän adam maksadyna ýetmeýär we Allahyň kömek edenleriniň hataryna goşulmaz. Görüplik doly kalp eýesi, hem dünýäde kynçylyk we hasrat içinde ýaşar, hem-de ahyrýetde uly ýitgä sezebar bolarlar.
🌗 Göriplikden nädip saplanyp bolar?
Göripleýän zadyňyza näme sebäpden göripleýändigiňizi anyklamaly. Belki-de, siz şonsuzam bagtlysyňyz,şol zadyň size ähmiýeti hem ýokdur.
Adamlaryň şol bagta ýetmek üçin nämeleri başdan geçirendiklerini bilmeýändigiňe düşünmeli. Belki-de siz olaryň ýerine bolmak hem islemezdiňiz.
Başgalaryň bagtyny, üstünliklerini öwrenip ýörmän, özüňizi kämilleşdirmeli, özüňizi hakykatdan bagtly edip biljek zatlara üns bermeli.
Durmuşda göriplik duýgusyny ýeňip, ony başgalaryň bagtyna guwanmakdan lezzet almaklyga öwürip bilen adam, öz durmuşynyň hak eýesidir we bu adamynyň göriplap ýetip biljek derejesinden, has ýokary derejelere ýetjekligi şübhesizdir.
36
118
gullnara_
29.02.2024 22:04
Elektrik togy geçýän simleriň üstünde hatarlanyşyp oturan guşlary köplenç görýän bolsaňyz gerek. Esasan hem, bu hadysa agaçlaryň ýapragyny döküp, howanyň sowap başlan günleri has köp duş gelinýär. Eýsem, guşlary tok urmaýarmy?
Elektrik togy geçiriji häsiýete eýedir. Eger-de guşuň iki aýagy bir simiň üstünde duran bolsa onda tok guşuň iki aýagynyň arasyndaky güýjenmesi az simden geçip, ýoluny dowam edýär. Guşlar sime gonanda yzygiderli zarýadlanýar we aýagy arkaly güýjenmäni geçirip goýberýär. Eger-de guşuň her aýagy başga simde duran ýagdaýynda zynjyr emele gelip, guşy tok urýar. Elektrik togy garşylygy halamaýar. Şeýle hem elektrik energiýasy iki simiň birinden akyp baryp, lampany ýakandan soň, beýleki simden yzyna gaýdýar. Şeýle hem guşlaryň aýagyndaky izolýasiýa gatlagy tok urmagyndan goraýar. Käte guşlar «suwa düşüp», tokly simiň üstüne gonýarlar. Şeýle ýagdaýda guşuň aýagynyň derisi gyrlan bolsa ýa-da guş çüňki bilen sime degse, onda ony bada-bat tok urar. Bellenilmegine görä, elektrik togy uly guşlara görä kiçi guşlara az täsir edýär. Guşlar adaty energiýa woltundan 12 müň wolt aralygynda simlere gonup bilýärler. Simdäki toguň güýjenmesiniň beýgelip-peselip üýtgäp durýandygy sebäpli, energiýanyň guşlara täsir edişi hem dürlüçe bolýar.
33
132