gullnara_
29.02.2024 22:04
Elekt­rik to­gy geç­ýän sim­le­riň üs­tün­de ha­tar­la­ny­şyp otu­ran guş­la­ry köp­lenç gör­ýän bol­sa­ňyz ge­rek. Esa­san hem, bu ha­dy­sa agaç­la­ryň ýap­ra­gy­ny dö­küp, ho­wa­nyň so­wap baş­lan gün­le­ri has köp duş ge­lin­ýär. Eý­sem, guş­la­ry tok ur­ma­ýar­my?
Elekt­rik to­gy ge­çi­ri­ji hä­si­ýe­te eýe­dir. Eger-de gu­şuň iki aýa­gy bir si­miň üs­tün­de du­ran bol­sa on­da tok gu­şuň iki aýa­gy­nyň ara­syn­da­ky güýjenmesi az sim­den ge­çip, ýo­lu­ny do­wam ed­ýär. Guş­lar si­me go­nan­da yzy­gi­der­li zar­ýad­lan­ýar we aýa­gy ar­ka­ly güýjenmäni ge­çi­rip goý­ber­ýär. Eger-de gu­şuň her aýa­gy baş­ga sim­de du­ran ýag­da­ýyn­da zyn­jyr eme­le ge­lip, gu­şy tok ur­ýar. Elekt­rik to­gy gar­şy­ly­gy ha­la­ma­ýar. Şeý­le hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy iki si­miň bi­rin­den akyp ba­ryp, lam­pa­ny ýa­kan­dan soň, beý­le­ki sim­den yzy­na gaýd­ýar. Şeý­le hem guş­la­ryň aýa­gyn­da­ky izol­ýa­si­ýa gat­la­gy tok ur­ma­gyn­dan go­ra­ýar. Kä­te guş­lar «su­wa dü­şüp», tok­ly si­miň üs­tü­ne gon­ýar­lar. Şeý­le ýag­daý­da gu­şuň aýa­gy­nyň de­ri­si gyr­lan bol­sa ýa-da guş çüň­ki bi­len si­me deg­se, on­da ony ba­da-bat tok urar. Bel­lenilmegine gö­rä, elekt­rik to­gy uly guş­la­ra gö­rä ki­çi guş­la­ra az tä­sir ed­ýär. Guş­lar ada­ty ener­gi­ýa wol­tun­dan 12 müň wolt ara­ly­gyn­da sim­le­re go­nup bil­ýär­ler. Sim­dä­ki to­guň güýjenmesiniň beý­ge­lip-pe­se­lip üýt­gäp dur­ýan­dy­gy se­bäp­li, ener­gi­ýa­nyň guş­la­ra tä­sir edi­şi hem dürlüçe bolýar.
33
132
Kenno_Tabi
1 Mart 2024
@medik_, sorry
medik_
1 Mart 2024
Kenno_Tabi
1 Mart 2024
@medik_, medik a-medik 😬🤦🏻‍♂️
medik_
1 Mart 2024
@billygenius98, bilemokdym ozumizinkilerden birini yitiremizson bildim😥
Kenno_Tabi
1 Mart 2024
@medik_, bileňokmydyň?
medik_
1 Mart 2024
Suwda tok bolsa adamynam calt tok uryan eken😥
manolya
1 Mart 2024
Mugallym bizdenem sorapdy şu ýagdaýy )
ddddd
1 Mart 2024
Hersi basgaca dusundiripdi yone manysy bir hemmesininem
ddddd
1 Mart 2024
Salam...su soragy bize matematika molum beripdi bizi elektrik ugrunnan okatyan mugallymlaryn baryndan sorapdyk
spokkiyew
29 Fewral 2024
🌟🌟🌟
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.