Uç sany öwünjeň daýhan öwünýär:
1) –Men şeýle bir pomidor ýetişdirdim, şeýle bir pomidor ýetişdirdim, göterip oturgyçda goýdum welin, oturgyjym döwüläýdi how!
2) –Onyň dagy näme?! Meniň ýetişdiren pomidorymy zordan göterip tapçanyň üstünde göýdum! Tapçan göterip bilmän, aýaklary çagşap gitdi!
3) –Menem bir pomidor ýetişdirdim welin, sen goýaý! Ähli maşgalamyz bolup zordan eşek araba ýükledik how....
Şu ýerde beýleki iki daýhanyň ikisi iki ýerden:
-Howwa, onsaň eşek arabaň döwüldimi? –diýip soraýar.
-Ýoklaý! Ondan beteri boldy – pomidoryň içinden ullakan gurçyk çykyp, eşegimi iýdi oturuberdi!