Ýüzüm gülýär, gözlem bolsa aglaýar
Sen gitdiñ gözlerim yzyñda galdy,
Arzuwlarmy bu gün weýran eýlediñ.
Süji günlem bilseñ saralyp soldy,
Aşygyñy diri ýere jaýladyñ!
Söýüp-söýlüp öñler gezerdik bile,
Ol günlere nedöw çaldy bilmedim
Dag ýaly söýgüñi öwürdiñ çöle,
Sensiz aglasamda ýöne gülmedim!
(Ýalan aýtýan) sensiz güldi bu ýüzim
Ýüzim gülýär, gözlem bolsa aglaýar
Şol gülküme gülki diýýän bil gülim
Şeýle gülki meniñ bagrym daglaýar!
Iki jahan owarrasy men bilseñ
Ne hä gülip bilýän, ne de hä gülmän
Şol öñki ýerimde halym görern diýseñ
Soýgüñ alyp gitdiñ janymy alman!!!
Kakajan Hekimow