8-nji mart goşgusy.
Ýene geldi gözel gyz dek sülmüräp,
Mart baýramy - baharyň baş baýramy.
Öz gülün gülleriň şasyna deňäp,
Säher bagda aşyk bilbil saýrady.
Egne ter güllerden geýindi lybas,
Köp toýlary toýlan bu köne dünýä.
Gyzlar öňküsinden gözelleşdi has,
Ýigitler öňküden jomart görünýär.
Goý, baýram kalplara şatlyk paýlasyn,
Bilbiliň nagmasyn güller diňlesin.
Söýýärin men baharyň baş baýramyn,
Hem şu güne sebäpkärleň hemmesin.
GURBANMUHAMMET AŞYROW