gulia_maksatmyradowna
24.10.2023 09:56

Tymsallar

Paýhasly adamy nadandan nädip tapawutlandyrmaly


Günlerde bir gün okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:

- Ýoldaş mugallym, parasatly adamy nadan adamdan nähili tapawutlanýar?

Güneşli ertir çagydy, mugallym gök çaý süzüp oturşyna pikir ummanyna gitýärdi. Birdenem okuwçysy üçin gutarylmadyk çaýyny taşlap, ony yzyna düşürip äkidýär. Mugallym okuwçysyny ýaňy-ýakynda opurlan dag gerşiniň etegine eltip, aşakda ýatan ululy-kiçili daşlary görkezýär. Hemem, şol daşlary dagyň depesine daşamagy buýurýar. Daşlar örän köpdi. Okuwçy ony uzak günläp daşady, mugallym bolsa bagyň kölegesinde oturyp kitap okaýardy. Görgüli oglanjyk örän ýadap, daş daşamasyny goýdy-da, mugallymynyň ýanyna geldi. Özüni bitiren işi üçin şadyýan halda şeýle diýdi:

- Ýoldaş mugallym, indi bilip bilerinmikäm soragymyň jogabyny?

- Ýok sen entek taýyn däl – diýip mugallym kellesini yralady.

- Onda şunça daşy ýokaryk daşamak nämä gerekdi? – diýip okuwçy nägileligini bildirdi.

- Ine – diýip mugallym süýem barmagyny görkezdi – Paýhasly adam şu soragy daş daşap başlamanka bererdi.

41
75
gulia_maksatmyradowna
22.10.2023 23:31
Unutma:

Kä wagtlar eliň tersi bilen itenleriňi , eliň aýasy bilen dilärsiň...




42
124
gulia_maksatmyradowna
22.10.2023 10:20

Bir güli ösdürip ýetişdirjek bolsaň, kösenersiň, eliň ganar, gün seni derleder. " Bu ýerde gül ösmez" diýjekler bolar . "Gül beýle ösdürilmeýär, şeýle ösdürilýär" diýjeklerem bolar.

Sen özüňe şuny soramalysyň:

"Bu ýeri gülzarlyga öwürmek isleýärinmi? Bu ýerde dünýäniň iň owadan güllerini ösdürip ýetişdirmek isleýärinmi?"

Eger çynyň bilen isleýän bolsaň, ne eliňe batan tikene , ne-de aýdylýan zatlara üns berersiň.

Kim bolsaň bol, ýeketäk isleýän zadyň şu gülleriň ysyny almakdyr...

43
265
gulia_maksatmyradowna
21.10.2023 18:36

Lukman Hekimiň goşgy setirlerine öwrülen sargytlaryndan



Damarlaryň gatap agyrtsa teni,

Narpyzdyr o derdiň bire-bir emi.


Gyzamyk teniňe örse em azdyr.

Ýönekeý dermany aýdymdyr-sazdyr.


Aşgazana bela-beter geleni

Bolmanmyşyň köp iýýänleň kelemi.


Ýygydan iýilse kellebaşaýak,

Agyrydan halas bogun, el, aýak.


Her ynsana arassaja diş gerek,

Çözgüdi ýatmankaň iý gury çörek.


Sen isleseň kadaly gan basyşyň,

Çig şugundyr suwjagazyn köp içiň.


Garylsa ýumurtga, balyk, süýt, gatyk,

Bilmersiň gardaşjan rahatja ýatyp.


Böwürsleniň miwesidir, ýapragy,

Iýseň bagryň arassa bor köp ýeri.


Her günde üç gezek nahary iýseň,

Hepdede bir gezek hammamy söýseň,

Kellebaşaýakdan aýda bir doýsaň,

Lukmana hiç wagt ýüzüň düşmezmiş.


Azar berse ödüň bilmän çägini,

Içseň ýeterlikdir zeýtun ýagyny.


Aşgazanyň emi sowuk suw, diňle,

Gyzgynjak çaý bolsa dermandyr süňňe.


Toplan Ogulşat GYLYJOWA

38
181
gulia_maksatmyradowna
21.10.2023 11:06

Lukman Hekimin maslahatlary


1.Gundiz uklamagy endik edinen adamlar ondan birbada dal-de, kem-kemden el cekmelidirler. Ilki sag gapdalyna, son cepine agdarylyp yatanynda organizm guyc toplayar. Yuzin yatyp uklamak asgazanyn iymit sindirisine yardam edyar. Arkan yatyp uklamak zyyanlydyr.


2.Copantelpegi gaynadyp icsen, kelleagryny, sarygetirmani, yadawlygy we gakylyk gelmani ayyryar, bowrekdaki dasy ereder.


3.Siňňilden dynjak bolsan,semzek calmaly, seyle-de uzum cybygy kesilende damyan suwy calsan emdir.


4.Şugundyryn suwy el-ayagyn sowukdan jayrylan yerini tiz bitiryar, siňňili ayyryar.


5.Söwüdiň kuluni sirka garyp sińńile yapsan basym aýrar.


6.Asgazany yaraly adama towsan etini gowrup bermeli.


7.Dilin usti yaryk bolsa, ona owradylan narpyz sepmeli.


8.Bitmeyan yara yabany naryn guluni yapmaly.

45
180
gulia_maksatmyradowna
20.10.2023 08:12

«Lukman Hekimiň tymsallar kitabynda» jemi 41 sany tymsal bar bolup, olaryň aglabasy haýwanlar hakyndadyr. Şol tymsallaryň käbirini terjime edip, okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.


Keýik


Bir keýik suw boýuna gelip, onda öz keşbini gördi. Ol şahlarynyň haýbatly we kuwwatlydygyna öz ýanyndan begendi, aýaklarynyň inçedigine bolsa, gahary geldi. Edil şol wagtam arkasyndan gelýän awçylary görüp, gaçyp başlady. Awçylar hernäçe jan etseler-de, ony kenarda tutup bilmediler, ýöne umytdan hem düşmediler. Ine, birdenkä-de, dag ýakasyna gaçyp barýan keýigiň şahy iki agajyň arasynda ilteşip galdy we awçylar ony derrew tutdular. Şonda keýik: «Ýaman görnen aýaklarym meni halas etse, tersine, meni guwandyran şahlar zerarly heläk boldum» diýip, örän gynandy we puşman etdi.


Manysy: görnüşine däl-de, edýän işine görä baha ber.


Gara tenli kişi


Bir gün gara tenli kişi eşiklerini çykaryp, bedenine gar sürtüp başlady. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Ähtimal, agararyn» diýip, jogap berdi. Oňa bir dana şeýle diýdi: «Eý, pylany! Awara bolma, teniň gary gara etmegi mümkin, emma ol garaňy ak edip bilmez!»


Manysy: ýagşynyň ýaman bolmagy ýamanyň ýagşy bolmagyna görä aňsat.


Oglanjyk


Derýada gark bolup barýan oglanjyk dad-u-perýat edip, kömege çagyrýardy. Ýoldan ötüp barýan bir kişi onuň ýakynyna gelip, derýa gireni üçin käýäp başlady. Oglanjyk şeýle diýdi: «Eý, ynsan! Ilki meni halas et, soňra käýe!»


Manysy: kişiniň başyna kynçylyk düşse, oňa ýardam goluňy uzat, ony halas et we soňra ýazgar.


Amangeldi HOJANYÝAZOW

60
571
gulia_maksatmyradowna
20.10.2023 00:32

Filosofiýa- jemgyýetiň ösüşiniň güýji.


Filosofiýa -tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşiniň has umumy, esasy kanunlary hakyndaky ylym.


Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji penşenbesi BMG-niň senenamasynda Bütindünýä filosofiýa güni diýlip bellenilýär. Bu sene mynasybetli dünýäniň 70-den gowrak döwletinde dürli çäreler geçirilýär. Şol gün filosofiýa ylmynyň wekilleri ýokary okuw mekdeplerinde, okuw merkezlerinde bu ugra degişli döredijilik duşuşyklaryny, täsirli söhbetdeşlikleri guraýar.


Filosofiýa ylmy Platon, Aristotel, Konfusiý, Rene, Dekart ýaly dünýä belli akyldarlaryň atlary bilen berk baglydyr. Türkmen topragynda hem Al-Horezmi, Al-Faraby, Ibn Sina, Magtymguly Pyragy ýaly ençeme akyldar-filosoflaryň ýaşap geçendigi has-da buýsandyryjydyr.


Filosofiýa grekçe «phlosophía» diýen sözden gelip çykyp, «paýhasa bolan söýgi» diýmekligi aňladýar. Paýhasyň beýany we söýgüsi hökmünde pelsepe bize islendik bir pikir hakda pikirlenmegi, hakykatlary öwrenmegi we öz netijelerimizi dogry çykarmagymyzy öwredýär. Umuman, ynsanperwerligiň bir bölegi bolan pelsepe – adam durmuşynyň her bir ugruny sorag astyna alýar.


Filosofiýa hakykatyň we barlygyň tebigatyny, nämäni bilip boljakdygyny we dogry we nädogry özüni alyp barşyny öwrenmekdir. Filosofiýa diňe bir özüne çekiji ylmy düzgün bolman, eýsem, ol jemgyýetleri üýtgedip biljek gündelik durmuş tejribesidir. Filosofiýa dünýäde bar bolan intellektual hereketleriň dürlüligi dogrusynda tanyşmak bilen medeniýetleriň gepleşiklerine goşandyny goşýar.


Şeýle-de, pikirlenmäge we konstruktiw pikir alyşmaga gyzyklanma döredýär, çydamlylyk we hormat ýörelgelerine, has gowy hormat goýulýan jemgyýetiň döremegine itergi berýär. Netije-de, filosofiýa – döwrümiziň esasy meselelerine düşünmäge we jogap bermäge kömek edýär, şeýle hem üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär.


Filosofiýa dürli ugurlarda emele gelip, birek-biregiň üstüni ýetirýär. Häzirki wagtda filosofiýa dürli ugurlary öz içine alýar. Olar – metafizika, epistemologiýa, etika, estetika, jemgyýetçilik,syýasy pelsepe we ylym pelsepesi.


Filosofiýa sözi gadymy grek filosoflaryň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Meşhur filolog we taryhçy German Dilsiň bellemegine görä, filosofiýa sözüniň ulanylýan döwri taryhçylar Gerodotuň we Fukididanyň döwürlerine baryp ýetýär.


Filosofiýada dünýä, tebigat, jemgyýet we adam meselelerine umumylykda akyl ýetirilmeklige çalşylýar. Her bir beýleki ylymlar bu meseleleriň diňe ol ýa-da beýleki bir taraplaryny öwrenýär. Her bir ylmyň öz akyl ýetiriş usullary bar. Filosofiýa hemme ylymlar üçin ählumumy metodologiýa (usulyýet) hökmünde çykyş edýär.


Filosofiýa ylmy barlaglar üçin ählumumy prinsipleri (ýörelgeleri) kesgitleýär. F. Bekon aýtmyşlaýyn, filosofiýa beýleki ylymlar üçin olaryň ýoluny ýagtylandyrýan çyragdyr. Emma şol bir wagtyň özünde filosofiýanyň öz içinde dünýä akyl ýetirmekde dürli hili metodlaryň (usullaryň), has dogrusy, dürli hili çemeleşmeleriň (metafizika, dialektika, rasionalizm, irrasionalizm, agnostisizm, sensualizm we başgalar) hem barlygyny hem aýtmak gerek.


Mährijemal Çaryýewa,

35
78
gulia_maksatmyradowna
19.10.2023 08:13

Gyzykly geografiýa



Pluton planetasynyň bir ýyly Ýeriň 247 ýylyna barabardyr.

Manhetten adasy indeýlerden 24 dollara satyn alnypdyr.

Biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda Wezuwiýa wulkanynyň atylmasy bilen diňe bir hemmä belli Pompeý şäheri däl, eýsem, Gerkulandi we Stabiý şäherleri hem Ýeriň ýüzünden ýok bolupdyr.

Ýer ýüzüniň ilatynyň sany soňky 40 ýylda 3,1 milliard adam artypdyr.

Günbatar Awstraliýadaky Hilýer kölüniň näme üçin açyk gyzyl reňkdediginiň sebäbini henize – bu güne çenli bilip bilenoklar.

Ýer ýüzünde iň gurak ýer Antarktidanyň Gury jülgesi hasap edilýär. Ol ýerde indi iki million ýyl bäri hiç bir ygal ýagmandyr.

Afrika iň köp dilli yklym hasap edilýär. Afrikanyň ýaşaýjylary iki müňdenem gowrak dilde gepleşýärler. Olaryň arasynda iň kiçi dil bolan bilýa dilinde diňe 1998-nji ýylda Kamerun bilen Nigeriýanyň serhedinde ýaşaýan 87 ýaşly bir garry zenan gepleýär eken.

Gollandiýa bir wagtlar Niderlandlaryň welaýaty eken. Eýýäm XVI-XVIII asyrlarda Niderlandlaryň syýasy we ykdysady merkezi bolupdyr. Şondan bäri bu welaýatyň taryhy ýurduň umumy taryhy bilen şeýle bir gatyşyp gidipdir welin, indi Niderlandlar Gollandiýa diýlip atlandyrylyp başlapdyr.

Stambul iki yklymda ýerleşýän dünýäniň ýeke-täk şäheridir.

Kanadadaky kölleriň sany dünýäniň ähli kölleriniň sanyndan hem köpdür.

Ýaponiýanyň 70 göterimi daglyk ýerlerdir.

Ýaponiýanyň oba-şäherleriniň köçeleriniň atlary ýokdur.

Ýaponiýa 3900 adadan durýandyr.

Indoneziýada 17508 ada bardyr.

Beýikligi 8000 metrden geçýän daglaryň 14-si Aziýada ýerleşýär.

Dünýäniň iň beýik dagy Gawaýlardaky Mauna-Kea dagydyr. Onuň beýikligi okeanyň düýbünden 10203 metrdir. Onuň 4205 metri deňiz derejesinden ýokarda, galan bölegi bolsa deňiz derejesinden aşakda ýerleşýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň kiçi paýtagty Wermont ştatynyň paýtagty Monpelýe şäheridir. Onuň iki müňe golaý ýaşaýjysy bardyr.

Dünýäde iň ýelli ýer Antarktikadaky Wiktoriýa Ýeri hasaplanýar. Bu ýerde ýeliň tizligi sagatda 215 kilometre çenli ýetýär.

Ekwator çyzygy dünýäniň 13 ýurdunyň üstünden geçýär. Birleşen Milletler Guramasynyň uniwersiteti Tokioda ýerleşýär. Antarktikadaky Ueddel deňzi dünýädäki iň arassa deňiz hasaplanýar.

Günorta Amerika ýurtlarynyň arasynda diňe iki ýurduň — Boliwiýa bilen Paragwaýyň okeana çykalgasy ýokdur.

Amsterdam we Antwenpen şäherleriniň hersinde 26 ada bar. Sankt-Peterburgda 101, Wenesiýada 118 ada bar.

Çiliniň Atakama çöllüginde ýerleşýän Kalama şäherinde hiç wagt ýagyş ýagmaýar. Saud Arabystanynda ýekeje-de derýa ýokdur.

Ob derýasynyň 150 000 goşandy bardyr.

Nil derýasy dünýäde ekwatordan gözbaş alyp, aram klimata akýan ýeke-täk derýadyr. Beýleki derýalar onuň tersine akýarlar

38
105
gulia_maksatmyradowna
18.10.2023 09:41

Duýgy organlary barada bulary bilýän azdyr?!



Adamlar alty duýgynyň kömegi bilen töwerekdäki giňişlik hakda maglumat alýarlar. Olar: gulak, göz, deri, dil, burun we westibulýar apparat.


Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragynyň görüş organlary bilen baglanyşykly keselleri bar.


Artykmaç iýmitlenmek eşidişe ýaramaz täsir edýär.


Adamlar gaty iýmitiň tagamyny diňe tüýkülik bilen täsir eden soň duýýarlar.


Dünýä ilatynyň 2% iniň ys alyş synasy ösmedik.


Adam bir zady eşitmek islese sag gulagyny sesiň çeşmesine geçirýär, hatda iki gulagy deň eşidýänem bolsa.


Ys almak duýgusyny ýitiren adamlar jynsy isleglerini hem ýitirýärler.


Mawy gözli adamlaryň hemmesi, takmynan, 6000 ýyl ozal bedeninde üýtgän gen dörän şol bir ata-babadan gelip çykypdyr.


Adamyň gözi 10 million ýyla çenli reňk saýgaryp bilýär.


Adam beýnisiniň maglumatlary gaýtadan işlemek ukuby örän ýokarydyr. Şonuň üçin adamlaryň belli bir pursatda duýýan zatlarynyň hemmesi, aslynda, durmuşynyň öňki pursatyna degişlidir.


Adamyň gözüniň retinasy dünýäni tersine görýär, soňra beýni ony tersine öwrüp şekillendirýär.


Düşünjeli ýaşda görejini ýitiren adamlar ukusynda dünýäni görmegi dowam etdirýärler. Doglan wagtyndan kör bolan adamlar umuman düýş görmeýärler.


Täze doglan bäbekler, takmynan, 40 sm aralykdaky zatlary tapawutlandyrýarlar.


Gara gözli adamlaryň köpüsi Türkiýe we Portugaliýada ýaşaýarlar.


Statistiki hasaplamalara görä, ortaça aýallar bir ýylda 50 gezek, erkek adamlar bolsa 7 gezek aglaýarlar.


Pagta çigidiniň nädogry peýdalanylmagy sebäpli her ýylda 300 müňden gowrak adam eşdişini ýitirýär.


Gök gözli adamlar goňur gözli adamlara seredende, garaňkyda gowy görýärler.


Tagam bilmek ukuby çagada dogulmazdan öň emele gelip başlaýar.


Adamyň dili 5000 tagamy duýup bilýär.



Toplan Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA

40
533
gulia_maksatmyradowna
17.10.2023 18:36

Okamak- bilim öwrenmekdir.

Bilim - özüňi bilmekdir.

Sen özüňi bilmeseň,

Bu neneňsi okamakdyr.


Yunus Emre.

41
104