gulia_maksatmyradowna
20.10.2023 08:12

«Lukman Hekimiň tymsallar kitabynda» jemi 41 sany tymsal bar bolup, olaryň aglabasy haýwanlar hakyndadyr. Şol tymsallaryň käbirini terjime edip, okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.


Keýik


Bir keýik suw boýuna gelip, onda öz keşbini gördi. Ol şahlarynyň haýbatly we kuwwatlydygyna öz ýanyndan begendi, aýaklarynyň inçedigine bolsa, gahary geldi. Edil şol wagtam arkasyndan gelýän awçylary görüp, gaçyp başlady. Awçylar hernäçe jan etseler-de, ony kenarda tutup bilmediler, ýöne umytdan hem düşmediler. Ine, birdenkä-de, dag ýakasyna gaçyp barýan keýigiň şahy iki agajyň arasynda ilteşip galdy we awçylar ony derrew tutdular. Şonda keýik: «Ýaman görnen aýaklarym meni halas etse, tersine, meni guwandyran şahlar zerarly heläk boldum» diýip, örän gynandy we puşman etdi.


Manysy: görnüşine däl-de, edýän işine görä baha ber.


Gara tenli kişi


Bir gün gara tenli kişi eşiklerini çykaryp, bedenine gar sürtüp başlady. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Ähtimal, agararyn» diýip, jogap berdi. Oňa bir dana şeýle diýdi: «Eý, pylany! Awara bolma, teniň gary gara etmegi mümkin, emma ol garaňy ak edip bilmez!»


Manysy: ýagşynyň ýaman bolmagy ýamanyň ýagşy bolmagyna görä aňsat.


Oglanjyk


Derýada gark bolup barýan oglanjyk dad-u-perýat edip, kömege çagyrýardy. Ýoldan ötüp barýan bir kişi onuň ýakynyna gelip, derýa gireni üçin käýäp başlady. Oglanjyk şeýle diýdi: «Eý, ynsan! Ilki meni halas et, soňra käýe!»


Manysy: kişiniň başyna kynçylyk düşse, oňa ýardam goluňy uzat, ony halas et we soňra ýazgar.


Amangeldi HOJANYÝAZOW

60
571
peri_04
20 Oktýabr 2023
@eziz03, hä düşündim
peri_04
20 Oktýabr 2023
@eziz03, iki hasabyň barmy?
peri_04
20 Oktýabr 2023
@eziz03, hälirak Ezizhan03 diyip durdumyka diyyan
peri_04
20 Oktýabr 2023
@eziz03, salam seň nikiňi nädip uytgetyaň ?
royall
20 Oktýabr 2023
👍
bagtl
20 Oktýabr 2023
Tazeden agza boljak bolsam muny pozup pley marketdan tazeden skacat etmelimi owrenmelini
bagtl
20 Oktýabr 2023
Bir nomyrdan nace nik acyp bolya
ezizhan03
20 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, ok goreyin hany
ezizhan03
20 Oktýabr 2023
Ay borlay duzdima inni zyýany yokla
Miss_Minnosh❤️
20 Oktýabr 2023
@ezizhan03, Hasabyndan cykyp tazeden girmeli menkem seyle boolya ka wagt
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.