gulia_maksatmyradowna
21.10.2023 18:36

Lukman Hekimiň goşgy setirlerine öwrülen sargytlaryndan



Damarlaryň gatap agyrtsa teni,

Narpyzdyr o derdiň bire-bir emi.


Gyzamyk teniňe örse em azdyr.

Ýönekeý dermany aýdymdyr-sazdyr.


Aşgazana bela-beter geleni

Bolmanmyşyň köp iýýänleň kelemi.


Ýygydan iýilse kellebaşaýak,

Agyrydan halas bogun, el, aýak.


Her ynsana arassaja diş gerek,

Çözgüdi ýatmankaň iý gury çörek.


Sen isleseň kadaly gan basyşyň,

Çig şugundyr suwjagazyn köp içiň.


Garylsa ýumurtga, balyk, süýt, gatyk,

Bilmersiň gardaşjan rahatja ýatyp.


Böwürsleniň miwesidir, ýapragy,

Iýseň bagryň arassa bor köp ýeri.


Her günde üç gezek nahary iýseň,

Hepdede bir gezek hammamy söýseň,

Kellebaşaýakdan aýda bir doýsaň,

Lukmana hiç wagt ýüzüň düşmezmiş.


Azar berse ödüň bilmän çägini,

Içseň ýeterlikdir zeýtun ýagyny.


Aşgazanyň emi sowuk suw, diňle,

Gyzgynjak çaý bolsa dermandyr süňňe.


Toplan Ogulşat GYLYJOWA

38
181
alma___
21 Oktýabr 2023
Giç ýagşy
alma___
21 Oktýabr 2023
Giç ýsgşy,lukman Hekimin emlerinden kelle agyrynyñ emini gòzlemeli ekeniñizdà
serdarowna
21 Oktýabr 2023
Men okuwy gutaranymyzdan soň galar öýdýädim beýle zatlar ýöne wepaly ekenler tüweleme
serdarowna
21 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, şu wagt ukym tutýarow gaty erbet ýöne ertir bir klasdaşymyň doglan güni welin şony 00:00 da gutlaýyn diýip otyryn olam meňkini illkinji gutlapdy-😊da
serdarowna
21 Oktýabr 2023
Hawa
serdarowna
21 Oktýabr 2023
Diňe meň kelläm agyrýamyka diýýädim hemme kişiňki agyrypdyra
serdarowna
21 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, gowy sen gowumy
serdarowna
21 Oktýabr 2023
Salam
ilhano_va
21 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, bolya pka🙋🏻‍♀️
ilhano_va
21 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, sonky wagt gaty biderekleşdi ön gaty gowudy😒
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.