gulia_maksatmyradowna
17.10.2023 18:36

Okamak- bilim öwrenmekdir.

Bilim - özüňi bilmekdir.

Sen özüňi bilmeseň,

Bu neneňsi okamakdyr.


Yunus Emre.

41
104
angelface
17 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, taze posta gelaynda menka
angelface
17 Oktýabr 2023
Gaty gou soz
fasat
17 Oktýabr 2023
@seneca, Ullakan sag bol sözleriňe👍👍👍 Seniň ýazan teswirleriňde diňe okaman Manylary duýup we doýup bilýärin!!! Çünki seniň her teswiriň bir Post bolup biler👈 Gowy Posta gowy teswirler ýazypsyň👍👍👍
peri_04
17 Oktýabr 2023
❤️...
seneca
17 Oktýabr 2023
Mahlasy, şu sözüň üstüne bir kitabam ýazyp bolar, hakykatdanam, ylym ilki bilen özüňi bilmekden başlanýar.
seneca
17 Oktýabr 2023
Internet äleminde her gün millionlarça maglumat paýlaşylýar. Köp adam bolsa diňe kitap okap, özüne bilimlidir öýdüp ýör, hatda okamaýan şeýledir öýdýär, we ikinjisi has howply. Köp kişi durmuşyndan şatdyr, gaýgysy ýokdur, sebäbi heniz hiç zat bilenok, kellesini işletjek meselesi ýok, emma welin sen oňa bir zat diýseň hemme zady bilýän ýaly saňa akyl beree durar. Şol sebäpli herkim öz derejesini bilmeli, özüni bilmeli.
seneca
17 Oktýabr 2023
Meselem biz 3-4 kitap okasak hem özümize göwnümiz ýetýär, "beýbä şulary okaýypdyryn" diýip özümize guwanýarys. Emma biz aslynda hiç zat bilemzok. Diňe bilýändirin öýdýäris, müňlerçe kitap okan prpfessoryňam bilmeýän tonlarça zady bar, diňe bir meselede (mysal Jüneýit han) okaljak onlarça kitap bar, ýüzlerçe kitap bar.
seneca
17 Oktýabr 2023
Şu goşgunyň ikinji setiri şeýlebir wajyp welin, adamlaryň (esasanam sowatsyzlaryň) hiç üns bermeýän zady. Aslynda bu söz köp zady aňladýar. Köp kişi özüniň nähili derejede ylyma eýedigini, nähili adamdygyny, kem taraplaryny, halaýan zatlaryny, nämelerden bihabardygyny, nämeleri ýitirýändigini bilmeýärler.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.