gulia_maksatmyradowna
24.10.2023 09:56

Tymsallar

Paýhasly adamy nadandan nädip tapawutlandyrmaly


Günlerde bir gün okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:

- Ýoldaş mugallym, parasatly adamy nadan adamdan nähili tapawutlanýar?

Güneşli ertir çagydy, mugallym gök çaý süzüp oturşyna pikir ummanyna gitýärdi. Birdenem okuwçysy üçin gutarylmadyk çaýyny taşlap, ony yzyna düşürip äkidýär. Mugallym okuwçysyny ýaňy-ýakynda opurlan dag gerşiniň etegine eltip, aşakda ýatan ululy-kiçili daşlary görkezýär. Hemem, şol daşlary dagyň depesine daşamagy buýurýar. Daşlar örän köpdi. Okuwçy ony uzak günläp daşady, mugallym bolsa bagyň kölegesinde oturyp kitap okaýardy. Görgüli oglanjyk örän ýadap, daş daşamasyny goýdy-da, mugallymynyň ýanyna geldi. Özüni bitiren işi üçin şadyýan halda şeýle diýdi:

- Ýoldaş mugallym, indi bilip bilerinmikäm soragymyň jogabyny?

- Ýok sen entek taýyn däl – diýip mugallym kellesini yralady.

- Onda şunça daşy ýokaryk daşamak nämä gerekdi? – diýip okuwçy nägileligini bildirdi.

- Ine – diýip mugallym süýem barmagyny görkezdi – Paýhasly adam şu soragy daş daşap başlamanka bererdi.

41
75
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.