gulia_maksatmyradowna
20.11.2023 17:57
Jogapkärçilik


Hanha bir garynjajyk ýüküni egnine atyp ýöräp barýar. Häzir hinjagazyna barar-da öz işini bitirenligiñ buýsanjy bilen ýüküni ýazdyrar, hasabatyny berer. Kim bilýä belki hasapçy garynjadan öwgi sözi hem alyp biler. Men bolsa öz kiçijek penjiramiñ bärsinden ony synlap ýatyryn. Ol öz taýpajygyna wepasyny görkezýär, jogapkärçiligini ýerine ýetirýär. Onuñ üçin şol jemgyýetde bolmagyñ boýnuna asan mejburiýetleri bar. Men bolsa özüm barada bu zatlaryñ küýüni hem etmän ýatyryn. Garynjalaryñ öz agramyndan ýigrimi bäş esse agyr ýükleri göterip bilýändigini okapdym. Menden bolsa hiçkim onça ýüki galdyrmagymy islänok. Aslynda eneñ-atañ, käbir saýlama mugallymlaryñ bolaýmasa senden şeýle zada garaşýas diýýänem ýok. Millete şeýle ýük getirseñ peýdadyr, şuny etmek zerurdyr diýip bilýän adamlaryñ sanynyñ näçedigini hudaý bilýär. Bu mejburiýetleri bilýänä azdyr welin, diline alyp bilýän ondanam az ýaly. Ýa bu ýükleri çekmegiñ uly bir mätäçlikdigini ýatlamak aýypmykan? Ejizligiñ barlygy dälde onun barlygyny duýmak erbetmikän? Hemişe bu mätäçlikleri görmediksiräp hemme zat güläle-güllük diýmek çözgütmikän?


Iliñ ündewiniñ barlygyna ýoklugyna sereden bolýan welin, özüñ düşünýän bolsañ ündew nämä gerek. Ündeýän ýok diýip ýüki öz üstümden atjak bolýan öýtýän. Şol garynjajygy hem biri bar ýük getir diýip ugratdymyka, ýa özi men wepamy subut etjek diýip döş gerdimikä? Birgün agramlyja azyk getirip ilimiñ öñüne taşlabilmesem menden hasap sorajagyñ şu döwrüñ adamlary bolmajagyna gözüm ýetip dur. Indiki nesiller belki meni bu sebäpli agras bir kazynyñ öñünde dik duruzmaklyklary ahmal. Ýok, ýok bu ýatyşym bilen dik duruba bolmaz, başym öñe egiler durar. Diñe men däl ine bu döwürdeşlerim hem mençe ýük getireni ýok diýip ili günäläp hem bilmen. Adamyñ köplügi günäni azaltmaly däl ahyry. Gaýta şunça adam bolup birijigiñ aklyna aýlanmadymy, wyždany çatmadymy diýseler dymyp oturarynda. Ili hem özüm bilen deñäp ýük getirmezlikde aýyplap otyryn, adam özi nähili bolsa ile-de şeýledir öýder eken. Menden başga beýdip garynja seredip ýatanam ýokdurla. Hamana köp ýaşajak ýaly indiki nesiller diýenem bolýan. Ýöne ölüp gidiberseñem kazydan dynma ýok. Allatagalla “Geç gulum bagyşlaýan” diýäýende-de bu ýola baş goýanlaryñ ýüzüne-de seredip bilmek gerek. Togrul beg bilen Çagry beg dagy öñümden çykyp “Ýigit sen bir aýda ýatanyñy biz ömrümizde ýatmadyk” diýse näme diýerkäm? Magtymguly çykyp “Iki setir okaman, üç setir ýazýañ. Men kitaplar düñderip ýazdyma o şygyrlary” diýse. Üýşüp “Git zaññar, senden musulmanam bolmady türkmenem” diýseler. Tonna tonna ruhy azyk getirip halkyma diýip basyp goýan ägirdiñ sany sajagy ýokdur, döwür dowam edip gidiberse nesildenem çykjagy kändir. Elimizde owuntujagymyz bilen olañ öñünde gyzaryp oturjagam biz bolaýjakmykak?


Egnime beýle ýükler atjagyñy bilsem, ýüküñe nazar saljak dälä eziz garynja. Şonda-da gözümi açanyñ üçin sagbol. Ýene-de gapylmanka men gidip owuntujak gözläýin.


Galamkesh
Çeşme medium.сom
43
251
gulia_maksatmyradowna
20.11.2023 08:39

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)


Pikirlenmegi, pelsepäni halaýan her bir adam barlygy soraga çekmäge çalyşandyr. Her kynçylyga duş gelenimizde "Men näme işläp ýörün?" diýp soramaýanymyz az bolsa gerek. Rene Dekart diýip bir ýaşuly, meşhur fransuz filosofy, näme işläp ýörün diýmändir-de birazajyk öteräk geçipdir. Derdi ulurak bolmalyda, ol özüne "Meñ barlygym bir çynmyka?" diýip sorapdyr.


Men barmy? Bu soragyñ jogaby bir bada gaty açyk görünýär. Dagy näme, men bar, biz bar. Ýöne gezek subut etmäge gelende biraz kynlaşýar. Duýuş organlarymyzyñ beýnimize berýän habarlaryna görä daşky dünýäniñ barlygyny añ etmäge we seljermäge çalyşýarys. Şu burnumyza gelýän ysyñ mantydanmy ýa-da garpyzdan gelýändigi baradaky habaryna doly ynanýarys. Dişlän şokoladymyzyñ şokoladmy ýa-da däldigi barada gözümize-de, burnumyza-da, dilimize-de ynanmazçylyk edemzok. Ýöne bu organlarymyz gynansakda bizi kähalatlarda ýalñyş maglumatlar bilen üpjün edip bilýär. Salgymlar görýäs, kabir zatlary göz çaky bilen ýalñyş ölçeýäs we şm. Käwagt bolsa bu hyýanaty bize beýnimiz edýär, şizofrenleriñ adatdan daşary zatlar görmegi, ukuda wagtymyz düýşler görmegimiz muña mysal bolup biler. Diýmek barlyk düşünjesine uly daýanç edip goýan duýuş organlarymyz we beýnimiz beýle berk hem däl eken- diýýär Dekart daýy.



We gürrüñine dowam edýär: "Belki biz hem bir düýşde gezip ýörendiris, belkem bu zatlaryñ hemmesi ýönekeýje bir hyýaldyr. Hatda men hem bir hyýal bolaýmaýyn. Belkem biri bizi şu zatlaryñ hatda meniñ hem bardygyma ynandyrandyr." Soñ birden pikirlenip oturan wagty źeton gaçýar. Hemmämiziñ gulagymyza eşdilýän şol ştyñññ sesi eşdilýär, kellesiniñ gapdalyndaky lampajyk ýanýar. "Eger biri meni bu zatlaryñ hakykydygyna ynandyrjak bolaýan ýagdaýynda-da, ynandyrmagy üçin men bar bolmaly, pikirlenip bilýän bolmaly. Men pikirlenýän, diýmek men bar." diýýär.




Galamkesh


çeşme : Media.сom

41
271
gulia_maksatmyradowna
19.11.2023 15:47
Narcissism diýlip adamyň çenden aşa özüne bolan haýranlygyna, söýgüsine aýdylýar. Ady nirden gelip çykypdyr diýseňiz, gadyyym grek mitologiýasyna göra Narcissus diýip bir oglanjyk bar eken. Narcissus aşyk bolmak üçin juda owadan birini gözläpdir. Myş-myşlara göra hatda Echo atly peri gyzyna-da göwni ýetmändir. Ahyr soňy bir kölüň başynda öz keşbine gözi düşüpdir we aşyk bolupdyr. Rowaýatlara görä özüne seretmäge doýup bilmedik Narcissus kölde gark bolupdyr. Edil şol gark bolan ýerinde gül bitip onuň adyna-da Nerkes diýip at beripdirler.Rowaýatdan çykyp azajyk hakyky dünýä barada gürrüň etsek, psihologlaryň ylmy işleri netijesinde aýtmaklaryna görä Narcisistler özlerini has owadan, has akylly, has üstün has has has hasaplaýarlar. Özüni üstün hasaplaýan adam elbetde illeri pes görmek bilen bolýar. Beýle adamlar diňe özleri aşyk bolmak bilen kanagatlanman eýsem başgalarynyň hem olary öwüp tassyklamagyna garaşýarlar.

Ýene alymlaryň aýtmagyna görä bu ýagdaý iki görnüşde ýüze çykyp bilýär. Birinjisinde Üstün narcissism ýagdaýynda narsissist üns çekmäge juda höwesli bolýar. Daşky gurşawy hem özüni söýmeklige zorlaýar. Bu ýagdaýda eline güýç geçen adamlar- Hitler ýaly- özlerini subut etme maksady bilen juda howply netijelere getirjek kararlar alyp bilýärler. Şöhratyň, güýjüň yşgyna düşen bu adamlar, özlerine bolan yşgyny şu ýollar bilen kanagatlandyryp biljekdiklerine ynanýalar.

Ikinji görnüşe bolsa näzik narcissism diýilýär. Bu ýagdaýda adamlar özüne bolan haýranlyklaryny aç-açan görkezmeýärler. Ýöne içginden özleriniň hemme zada laýykdygyna ynanyp gezýärler. Narcissismiň içe siňdirilmegi adamda göriplige sebäp bolýar. Bu ýagdaýda narcissisme sezewar bolan adam özünden başga hiçkim we hiçzady pikir edip bilmeýär.

Iki ýagdaýda-da köplenç narcissist adamlar jemgyýete uly zeper ýetirýärler. Bu çenden aşa söýgi olary özlerinden başga hiçbir adamynyň dogry pikir edip bilmejekdigine ynanmaga eltýär. Beýle adamlar öz ýagşylygy üçin berilen maslahatlary hamana paýyş söz ýaly kabul edýärler. Beýle adamlar hatda eden ýagşylyklaryny hem özleriniň alkyşlanmagy üçin, güýçleriniň, şöhratlarynyň hemmeler tarapyndan kabul edilmegi üçin edýärler.

Alymlaryň çaklamalaryna göra çenden aşa öwülen ýa-da çenden aşa kemsidilen çagalarda narcissism ähtimallygy has ýokary bolýar. Çenden aşa öwülen çagalar bu öwginiň dowam etmegi, kemsidilen çagalar bolsa ömür boýy özüni subut etme hyýaly bilen bu elhenç keseliň penjesine düşüp bilýärler.

Bu kesele çäre hökmünde çagalarymyza merhemedi, hiçzat garaşmazdan ýagşylyk etmegi, adamlary sylamagy we özüňi olaryň ýerine goýmagy ýagny empatini öwretmegi ýola goýup bileris. Dogry tankyda açyk hatda öz özüni tankytlap hasaba çekip bilýän nesliň ýetişdirilmegi bu elhenç keseliň ýeke-täk emidir.



Galamkesh.

çeşme: medium
47
178
gulia_maksatmyradowna
16.11.2023 10:29

Umyt bar.



Herkim jahyllyga başyn soksa-da,

Akylly gürlände ýüzün buksa-da,

Zehin çüýrese-de köne bukjada,

Bäbek öwrenmäne höwesli dogýar,

Serediñ adamlar diýmek umyt bar.


Käsi suw ýerine ganlar içse-de

Maýsalar biçýän dek umyt biçse-de

Gözleñ ýaşy gurap, mähir ýitse-de

Bäbejik doganda gözýaşly dogýar,

Diýmek mähir hakynda-da umyt bar.


Goý ýaltalar ýatsa çüýräpler ýatsyn

Maksatsyz gämiler batmasa nätsin

Dilegim maksatlar zähmedi tapsyn

Ýykylsa ýatmaýa dyrjaşýa turýar

Sebäp balañ ädiminde umyt bar.


Ýygnap bilýän aldygyndan ýygnasa

Açgözlükden kiselere sygmasa

Paýlaşmak ýar bolmasa-da nygmata

Çaga elde baryn paýlaşyp bilýär

Paýlaşmaklyk barada-da umyt bar


Bir gün şygar bolsa dillerde ýalan

Diñe şondan galsa beýige galan

Ynamyñ janyna uly howp salan

Ýalany çagalar bizden öwrenýär

Öwretmesek hakykata umyt bar


Öýke kine ýüreklerde ornasa

Jigi doganyna duzak gurnasa

Bagyşlamak ýat bolsa-da gursaga

Çagajyk hemmäni bagyşlap bilýär

Kinäni ýok etjek rehme umyt bar.


Awtory: Ýaran Allamyradow.

45
134
gulia_maksatmyradowna
15.11.2023 09:01

Görüpsiň sen,


Heniz görülmedik bir üýtgeşik gyz.


Indi bolsa maňa gürrüň berýärsiň:


«Birden gaýyp boldy, galdym men ýalňyz».


Örtenýädiň hasam, ýetirsem häsin,


Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin.


«Gözlärin gijeler, gözlärin gündiz,


Asyl göz öňümden gidenok gözi.


Ynan, beýle gözi görmändim şindiz,


Asyl özgelerden üýtgeşik özi».


Men seni ýylgyryp, diňläp otyryn,


Kä başymy atyp, kä başym ýaýkap.


Diýýäň: «Zaryn çekip, ömrüm ötirin,


Topragy bagyrtlap, bagrymy oýkap».


Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin,


Maňa seň sözlerňi diňlemek nä kyn.


Sen bolsa o hakda edeňok pikir,


Gaýyp bolan gyzy undup bileňok.


Içimden näçeler etsem-de şükür,


Seň bolşuňa diňe ölüp bilemok.


Men diňläp otyryn ýylgyryp şindem,


Birden meniň ýylgyrşymdan eýmendiň.


Şonda gaşym çytdym gaharly hem tiz,


Ýoksa, şol görünip, gaýyp bolan gyz


MENDIM!




Laçyn Pürjäýewa

48
120
gulia_maksatmyradowna
15.11.2023 00:10

Soňky sargyt (rowaýat) dowamy...



Soňra bir gün gyzy çagyrdy lukman:

“Indi sen dünýäni görersiň hökman!


Nazaryňa gaýdyp bereris şugla –

Sagdyn gözler tapdyk saňa goýmaga.


Bardy bizde jandan umytsyz hassa,

Ýaş ýigitdi. Düýn ýogaldy neresse.


Dünýäden gitmänkä etdi wesýeti:

“Gözelligi görmek – ömrüň lezzeti.


Agyrardy mydam körlere nebsim,

Batyla göz bermek – soňky höwesim.


Gözlerimi size goýup gidýärin,

Kime zerur bolsa, bagyş edýärin”


Garaz, hasyl boldy gyzyň arzuwy,

Lukman ol amaly geçirdi şowly.


Ençe günden aýyrdylar sargyny,

Şatlyk tas ýarypdy gyzyň kalbyny:


Jahan indi giň, ajaýyp, beýikdi,

Penjireden daş bakmagam keýpdi.


Doýman bakdy aýnadaky keşbine,

Soň göwün ýüwürtdi geçip düşegne.


Birdenkä açylyp otag gapysy,

Eşidildi dostuň mähriban sesi.


Işikde dur şol çagalyk ýoldaşy,

Ýaşlyk döwrüniň hem ýalňyz syrdaşy.


Gyz ýigide ilki sapar syn etdi:

Görmegeý ýigitdi çynar syratly.


Ýylgyryşy göýä güneşiň çogy,

Emma... gymyldanok gözi-gabagy...


Gyz içini çekdi: “Sen-de batylmyň?

Wah, neressäm! Hossarym sen, ýakynym!


Meniň bilen hakyýt dertdeş ekeniň,

Alla bilýär nämeleri çekeniň...”


Ýigit diýdi: “Şat habary eşitdim:

Gutlaýan, ezizim, tümden çykypsyň!


Indi gezmersiň sen ýüregi dagly.

Meniň bagtym bolsa bir saňa bagly.


Men senden garaşýan başga habara,

Şol bolar men üçin şatlyk-dabara!


Göz ýetirmek isleýärin bir zada,

Maňa şondan möhüm zat ýok dünýäde:


Indi garaňkydan çykaňsoň ýagta,

Barmydyr, ezizim, wadaňda wepa?


Durmuş gurup, eli berip ele biz,

Ömürboýy bolarysmy bile biz?”


Gyz esli oýlanyp, gürledi agras:

“Soragyň şu bolsa, maňa gulak as!


Menem seniň ýaly körüň biridim,

Diňe seniň mähriň bilen diridim.


Ýüregimde saňa tükenmez alkyş...

Indem söýýän bolsaň, senden bir haýyş:


“Wadaň” diýen bolup ýanyma gelme!

Ýagdaýlar üýtgändir, şony berk belle!


Öňki diýýän maýyp gyzyň däldirin,

Onki synam ýerbe-ýerdir gül deýin.


Ýüz-gözümden hiç kim tapmaz aýyby.

Men özüme ýoldaş etmen maýyby!


Ykbalymdyr ýigitleriň seresi,

Maňa laýyk däldir köri-kerisi!


Men düşünmän kim düşünsin halyňa?

Bolsa-da kaýyl bol öz ykbalyňa!


Bizem ýagdaýyňdan habar tutarys,

Zerur bolsa maddy kömek ederis...”


Ýigit etmese-de gygyryp nalyş,

Sokur gözlerinden syrygdy gözýaş.


Hasasyny sermäp, dolandy yza.

Soň ondan gysgajyk hat geldi gyza:


“Hoş, dostum, ýanyňdan baky aýrylýan!

Indi gözleriň bar dünýäni görýän.


Aýagyn olary, oňatja ide --

Ozal meniňkidi şol goşa dide!”

49
197
gulia_maksatmyradowna
14.11.2023 15:53

SOŇKY SARGYT (Rowaýat)



Gül ýaly gyzjagaz, eýjejik çaga,

Ulag kakyp, duçar boldy pajyga.


Beýni sarsyp, garaklary gapyldy,

Göz öňüne gara perde ýapyldy.


Ýogsa galan ýeri tut dek sagatdy,

Näbine gyzjagaz şeýle betbagtdy.


Körpelikden bäri gedemje kalby

Indi oňa zyndan etdi jahany.


Kemsinmekden ýaňa ýanyp-jowranyp,

Ýaşap ýördi öz-özüni ýigrenip.


Gatnaşýany ýokdy deňi-duşunda,

Diňe bir oglanjyk perwaz daşynda.


Bolsa-da ol gyzdan iki-üç ýaş kiçi,

Şoldy ýalňyz tesellisi, daýanjy.


Duýup oglanjygyň mähir-yhlasyn,

Gyzam oňa ysnyşýardy ýylsaýyn.


Şeýdip olar ulaldylar, ösdüler,

Juwanlyk döwrüne gadam basdylar.


Çyndan köňül berip batyl naçara,

Ugrunda sepildi ýigit biçäre.


Her ne zerur işi bolsa bitiýrdi,

Ne hajaty bolsa gidip getiýrdi.


“Durmuşa çyk maňa!” diýip kän gezek,

Gyza ençe sapar ýalbardy uzak.


Sokur gözlerinden gelmese-de ýaş,

Bir gezek gyz etdi şeýle bir nalyş:


“Ölçerme odumy, gozgama derdim!

Ýanýoldaşy bolmak seniň deý merdiň...


Bu teklibiň -- meniň gökde arzuwym.

Emma ýok ahyry seňki dek gözüm!


Git meniň ýanymdan, etme ham-hyýal,

Saýlap al özüňe sagat bir aýal.


Meniň ýaly betbagt küje, sen küje?

Maňa ýazgyt boldy ümürlik gije.


Şu gara tümlükden çyksadym ýagta,

Seniň taýyň bolup, ýeterdim bagta!”


Ýigit diýdi: “Birden açylsa gözüň,

Şu wadaňdan dänme, söz bolsun sözüň!”




Dowamy bar......

45
130
gulia_maksatmyradowna
14.11.2023 08:15

Gadym döwürde Günorta Gresiýadaky Lakoniýa diýlen ýurtda ýaşan lakonlar (olara şol ýerdäki şäher-döwletiň ady boýunça spartalylar hem diýilýär) örän merdanalygy, sada durmuş ýörelgesi hem-de iňňän ýowuz tälim-terbiýesi bilen tapawutlanypdyrlar.


Lakonlaryň ýene bir häsiýetli aýratynlygy – az sözlülik bolan. Olar öz pikir-duýgularyny gysgadan manyly jümlä sygdyrypdyrlar, jogaplary bolsa birki sözden ybarat bolupdyr. “Daş heýkeller hem biziň ogullarymyzdan köp gürleýändirler” diýip, spartaly gojalar degişer ekenler. Häzirki wagtda hem çöp döwen ýaly gysga we anyk jogaba “lakonik jogap” diýilýär.


Haýsydyr bir ýurduň ilçisi lakonlara uzyn-uzak nutuk bilen ýüz tutsa, olar “Sözüň ahyryna ýetýänçäň başy ýadymyzdan çykdy, bize aýtjak zadyňy gysga aýt!” diýip talap edýän ekenler.


Isgender Zülkarneýniň atasy, Makedaniýanyň patyşasy Pilkus (Filippus) lakonlaryň bu häsiýetine belet eken. Bütin Gresiýany basyp alan Pilkus boýun egmezek Lakoniýa garşy güýç ulanmazdan öň olara abaý-syýasat etmegi ýüregine düwüp, şeýle buýruk beripdir:


– Lakonlara bolsa şeýle gysgajyk hat ýollaň: “Leşger dartyp, ýurduňyzy alsam, oba-şäherleriňizi ýere ýegsan etjekdigime şek-şübhe ýokdur!”


Lakonlardan bu gezegem adatdaky ýaly gysgadan aýdyň manyly jogap gelip gowşupdyr:


“Alsaň!”

42
79
gulia_maksatmyradowna
08.11.2023 08:32

Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,

Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.

Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,

Gögerenne bir kiçijik şänikden.

*****

Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,

Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.

Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,

Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.

*****

Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,

Hemmämizem aglap doglan bäbejik.

Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,

Bize berlen ömür özi nämejik.

*****

Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,

Uran paltaň degeninde daşa ýa.

Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,

Senden başga ýene biri ýaşaýa.


Mätgurbän Mätgurbanow.

53
93
gulia_maksatmyradowna
07.11.2023 10:02

"Ok diňe yza çekilip atylar. Durmuş sizi kynçylyk bilen yza çekýän bolsa, munuň sebäbi sizi has uly zada atar. Diňe SABYR edip, ARZUWLARYMYZA dowam edeliň..."

44
368