gulia_maksatmyradowna
15.11.2023 00:10

Soňky sargyt (rowaýat) dowamy...



Soňra bir gün gyzy çagyrdy lukman:

“Indi sen dünýäni görersiň hökman!


Nazaryňa gaýdyp bereris şugla –

Sagdyn gözler tapdyk saňa goýmaga.


Bardy bizde jandan umytsyz hassa,

Ýaş ýigitdi. Düýn ýogaldy neresse.


Dünýäden gitmänkä etdi wesýeti:

“Gözelligi görmek – ömrüň lezzeti.


Agyrardy mydam körlere nebsim,

Batyla göz bermek – soňky höwesim.


Gözlerimi size goýup gidýärin,

Kime zerur bolsa, bagyş edýärin”


Garaz, hasyl boldy gyzyň arzuwy,

Lukman ol amaly geçirdi şowly.


Ençe günden aýyrdylar sargyny,

Şatlyk tas ýarypdy gyzyň kalbyny:


Jahan indi giň, ajaýyp, beýikdi,

Penjireden daş bakmagam keýpdi.


Doýman bakdy aýnadaky keşbine,

Soň göwün ýüwürtdi geçip düşegne.


Birdenkä açylyp otag gapysy,

Eşidildi dostuň mähriban sesi.


Işikde dur şol çagalyk ýoldaşy,

Ýaşlyk döwrüniň hem ýalňyz syrdaşy.


Gyz ýigide ilki sapar syn etdi:

Görmegeý ýigitdi çynar syratly.


Ýylgyryşy göýä güneşiň çogy,

Emma... gymyldanok gözi-gabagy...


Gyz içini çekdi: “Sen-de batylmyň?

Wah, neressäm! Hossarym sen, ýakynym!


Meniň bilen hakyýt dertdeş ekeniň,

Alla bilýär nämeleri çekeniň...”


Ýigit diýdi: “Şat habary eşitdim:

Gutlaýan, ezizim, tümden çykypsyň!


Indi gezmersiň sen ýüregi dagly.

Meniň bagtym bolsa bir saňa bagly.


Men senden garaşýan başga habara,

Şol bolar men üçin şatlyk-dabara!


Göz ýetirmek isleýärin bir zada,

Maňa şondan möhüm zat ýok dünýäde:


Indi garaňkydan çykaňsoň ýagta,

Barmydyr, ezizim, wadaňda wepa?


Durmuş gurup, eli berip ele biz,

Ömürboýy bolarysmy bile biz?”


Gyz esli oýlanyp, gürledi agras:

“Soragyň şu bolsa, maňa gulak as!


Menem seniň ýaly körüň biridim,

Diňe seniň mähriň bilen diridim.


Ýüregimde saňa tükenmez alkyş...

Indem söýýän bolsaň, senden bir haýyş:


“Wadaň” diýen bolup ýanyma gelme!

Ýagdaýlar üýtgändir, şony berk belle!


Öňki diýýän maýyp gyzyň däldirin,

Onki synam ýerbe-ýerdir gül deýin.


Ýüz-gözümden hiç kim tapmaz aýyby.

Men özüme ýoldaş etmen maýyby!


Ykbalymdyr ýigitleriň seresi,

Maňa laýyk däldir köri-kerisi!


Men düşünmän kim düşünsin halyňa?

Bolsa-da kaýyl bol öz ykbalyňa!


Bizem ýagdaýyňdan habar tutarys,

Zerur bolsa maddy kömek ederis...”


Ýigit etmese-de gygyryp nalyş,

Sokur gözlerinden syrygdy gözýaş.


Hasasyny sermäp, dolandy yza.

Soň ondan gysgajyk hat geldi gyza:


“Hoş, dostum, ýanyňdan baky aýrylýan!

Indi gözleriň bar dünýäni görýän.


Aýagyn olary, oňatja ide --

Ozal meniňkidi şol goşa dide!”

49
197
kizi
12 Yanwar 2024
@okayjy, hawa gowy rep aydymdy gorup bilmeyardi ol bu dunyaniñ lezzetini onun derdine hic hili derman tapdyrmady ene pahyr hemme owulyalara sygyndy eyyam gyzyñ bolanyna 22yyldy bu pursatdan ene pahyr yykyldy ol name etsn ne puly.ba ne dermany
Dusia
24 Noýabr 2023
😢
okayjy
15 Noýabr 2023
Öñ bir rep bardy "Kör gyz" diýip şoña meñzeşiräk eken 🤔👍
serdarowna
15 Noýabr 2023
Oglana gaty gynandym-da😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.