gulia_maksatmyradowna
14.11.2023 15:53

SOŇKY SARGYT (Rowaýat)



Gül ýaly gyzjagaz, eýjejik çaga,

Ulag kakyp, duçar boldy pajyga.


Beýni sarsyp, garaklary gapyldy,

Göz öňüne gara perde ýapyldy.


Ýogsa galan ýeri tut dek sagatdy,

Näbine gyzjagaz şeýle betbagtdy.


Körpelikden bäri gedemje kalby

Indi oňa zyndan etdi jahany.


Kemsinmekden ýaňa ýanyp-jowranyp,

Ýaşap ýördi öz-özüni ýigrenip.


Gatnaşýany ýokdy deňi-duşunda,

Diňe bir oglanjyk perwaz daşynda.


Bolsa-da ol gyzdan iki-üç ýaş kiçi,

Şoldy ýalňyz tesellisi, daýanjy.


Duýup oglanjygyň mähir-yhlasyn,

Gyzam oňa ysnyşýardy ýylsaýyn.


Şeýdip olar ulaldylar, ösdüler,

Juwanlyk döwrüne gadam basdylar.


Çyndan köňül berip batyl naçara,

Ugrunda sepildi ýigit biçäre.


Her ne zerur işi bolsa bitiýrdi,

Ne hajaty bolsa gidip getiýrdi.


“Durmuşa çyk maňa!” diýip kän gezek,

Gyza ençe sapar ýalbardy uzak.


Sokur gözlerinden gelmese-de ýaş,

Bir gezek gyz etdi şeýle bir nalyş:


“Ölçerme odumy, gozgama derdim!

Ýanýoldaşy bolmak seniň deý merdiň...


Bu teklibiň -- meniň gökde arzuwym.

Emma ýok ahyry seňki dek gözüm!


Git meniň ýanymdan, etme ham-hyýal,

Saýlap al özüňe sagat bir aýal.


Meniň ýaly betbagt küje, sen küje?

Maňa ýazgyt boldy ümürlik gije.


Şu gara tümlükden çyksadym ýagta,

Seniň taýyň bolup, ýeterdim bagta!”


Ýigit diýdi: “Birden açylsa gözüň,

Şu wadaňdan dänme, söz bolsun sözüň!”




Dowamy bar......

45
130
kidt
15 Noýabr 2023
Yzyny ýazaýyň gyzykly eken
ahgg
14 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, yok yone öz çaklamalaryma esaslanyp pikir ýöredip gőrdim
ahgg
14 Noýabr 2023
Mertligem mertlikdir weli ynsanyñ 12 i süññi amanat hudayyn beren sagat janyny başga birine bermek na dereje dogryka mysal un ejen kakañ ucin watan un ar namys ucin pida edip bolar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.