gulia_maksatmyradowna
20.11.2023 08:39

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)


Pikirlenmegi, pelsepäni halaýan her bir adam barlygy soraga çekmäge çalyşandyr. Her kynçylyga duş gelenimizde "Men näme işläp ýörün?" diýp soramaýanymyz az bolsa gerek. Rene Dekart diýip bir ýaşuly, meşhur fransuz filosofy, näme işläp ýörün diýmändir-de birazajyk öteräk geçipdir. Derdi ulurak bolmalyda, ol özüne "Meñ barlygym bir çynmyka?" diýip sorapdyr.


Men barmy? Bu soragyñ jogaby bir bada gaty açyk görünýär. Dagy näme, men bar, biz bar. Ýöne gezek subut etmäge gelende biraz kynlaşýar. Duýuş organlarymyzyñ beýnimize berýän habarlaryna görä daşky dünýäniñ barlygyny añ etmäge we seljermäge çalyşýarys. Şu burnumyza gelýän ysyñ mantydanmy ýa-da garpyzdan gelýändigi baradaky habaryna doly ynanýarys. Dişlän şokoladymyzyñ şokoladmy ýa-da däldigi barada gözümize-de, burnumyza-da, dilimize-de ynanmazçylyk edemzok. Ýöne bu organlarymyz gynansakda bizi kähalatlarda ýalñyş maglumatlar bilen üpjün edip bilýär. Salgymlar görýäs, kabir zatlary göz çaky bilen ýalñyş ölçeýäs we şm. Käwagt bolsa bu hyýanaty bize beýnimiz edýär, şizofrenleriñ adatdan daşary zatlar görmegi, ukuda wagtymyz düýşler görmegimiz muña mysal bolup biler. Diýmek barlyk düşünjesine uly daýanç edip goýan duýuş organlarymyz we beýnimiz beýle berk hem däl eken- diýýär Dekart daýy.



We gürrüñine dowam edýär: "Belki biz hem bir düýşde gezip ýörendiris, belkem bu zatlaryñ hemmesi ýönekeýje bir hyýaldyr. Hatda men hem bir hyýal bolaýmaýyn. Belkem biri bizi şu zatlaryñ hatda meniñ hem bardygyma ynandyrandyr." Soñ birden pikirlenip oturan wagty źeton gaçýar. Hemmämiziñ gulagymyza eşdilýän şol ştyñññ sesi eşdilýär, kellesiniñ gapdalyndaky lampajyk ýanýar. "Eger biri meni bu zatlaryñ hakykydygyna ynandyrjak bolaýan ýagdaýynda-da, ynandyrmagy üçin men bar bolmaly, pikirlenip bilýän bolmaly. Men pikirlenýän, diýmek men bar." diýýär.




Galamkesh


çeşme : Media.сom

41
271
Dusia
24 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, erte meňem iş günim, morfologiyadan çykyp baryan
paradisem
24 Noýabr 2023
Selam
Dusia
24 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, ejem erte işdemi
Dusia
24 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, tolpa bolup gitmelimi kruosan almagada🤦🏻‍♀️
Dusia
24 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, men iýip otyrkam ajykyan. (
Dusia
24 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, pikirlenip başlaýan welin ajykyan :(
Dusia
24 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, men nähili post goýjagymy blmk 🤷🏻‍♀️
a_e_r
24 Noýabr 2023
Muny hem menem paýlaşypdym, awtory: Ýaran Allamyradow
Dusia
24 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, 🙎🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.