guli_
guli_
24.04.2021 13:19
Şwesiýa bilen Daniýany birleşdirýän haýran galdyryjy ýerasty geçelge Bu seýrek duş gelýän ýol Daniýanyň paýtagty Kopengageni Şwesiýanyň Malmýo şäheri bilen birleşdirýär. Bu Eresun köprüsi daniýaly
guli_
24.04.2021 11:06
ahh
0
18
guli_
guli_
22.04.2021 20:20
Arheologlar gözleri ýalpyldaýan 110 ýaşly möýleri tapdylar Günorta Koreýada gadymy daşlara siňip giden möýler tapyldy. Olaryň arasynda garaňkyda gözleri ýanýan aýratyn möýler hem bar. Alymlaryň
guli_
guli_
22.04.2021 15:00
Adamyň gülşine garap,onuň häsiýetini nädip bilip bolar?!(Psihologik maslahat) Adamyñ gülşüne seredibem onyñ häsiýetini bilmek mümkin eken. Bu ýar saýlaýanlara, dost tapanlara we ähli ýagdaýda
guli_
22.04.2021 14:01
Iň akylly adam...🌷

Bir wagtlar üç sany alym bir ýere üýşüp, dünýäniň iň gysga Baş kanunyny ýazmaga başlapdyrlar. Adamlaryň nähili hereket etmelidiklerini we özlerini nähili alyp barmalydyklaryny ündeýän kanuny tapan adam dünýäniň iň akylly adamy saýlanjakdy.

"Alla günäkärleri jezalandyrar" diýip teklip etdi alymlardan biri... Ýeke sözlem, gysga we düşnüklidi...

Emma beýlekiler munuň bir kanun dälde, gorkuzmadygyny aýdyp garşy çykdylar. Birinji alymyň bu teklibi kabul edilmedi.

"Alla söýgüdir" diýdi ikinji alym. Ýöne bu teklibem kabul edilmedi. Çünki adamlaryň borçlaryny doly beýan etmeýärdi.

Soňra üçünji alym şu teklibi aýtdy:

"Özüňize edilmegini islemeýän zadyňyzy başgalaryna etmäň" we dowam etdi "Kanun şudur"

Beýleki alymlaram bu teklibi kabul etdiler we ol alym şol döwrüň iň akylly adamy boldy.
12
236
guli_
21.04.2021 23:01
Ýalňyşlyk

Bihasap zat ýokdur, Pany dünýäde,
Hasap soralmaýar, ýoldan azmasaň,
Sebäbi bolýandyr, bir mysal, ýa-da,
Şu goşgy dörärmi, özüm ýazmasam?!

"Urdy ýoldan..." diýip, şeýtan ýakasyn,
Tuyup durma, eden işiň ýeke sen,
Ömür bagyň gelmez, indi ýykasyň,
Çukura gaçmazdyň, özüň gazmasaň.

Gelin bolup düşseň, eziz bosagaň,
Maşgalasyn eýläp, bilseň saçagyn,
Diliň saklap bilseň, bolar maşgalaň,
Eneň sözün ýoldaşyňdan gizleseň.

Hawa, eneň sözün gizle äriňden,
Hem är sözün daşrak, tutgun eneňden,
Iki agyz gep tapsaň, öýe eňenden,
Gowy dälmi, ortalygy sazlasaň?!

Gaýyn-gelin oňsa, ine, onda gül,
Agzybirlik şondan başlanýandyr, bil!
Pyrlanar daşyňdan, är bolup bilbil,
Gülüň ysyn, öz-özüňden gözleseň.

Ýalan söz ynsanyň kökün kesermiş,
Näalaç galan ynam, özün asarmyş,
Egri agaç egriligne ösermiş,
Durmuşam, şol başdan dogry çyzmasaň.

Ýylan ýaly, iki garyş dil bilen,
Doganyňam ýat boljagyn, kim bilen?
Salam-älik alynmaz bor, il bilen,
Çakyp alyp, duzly-duzly sözleseň.

Netije: her kim ekenin orar,
Ýaman öz daşyna, kerebin sarar,
Azabyny ogul-gyzyndan görer,
Ýalňyşlygy belalardan syzmasaň.

Bir ýigit aýdypdy, "Ýamanlyk etňäň,
Azap gördüm" diýdi,
"Bagtyma ýetmän,
Hat-da, olar tarap, bir çöpem atman,
Geçdim nätjek, ejizleseň, dözmeseň?!

Bagtlymyş olar, onsuz has beter,
"Eden çeker" diýlen, ynamdan ýiter,
Oňa sensizligem, ömrüne ýeter,
Yza gaýdyp, ýanlarynda gezmeseň.

Ýagşy bol, ýaman bol, barjagyň bir ýer,
Gara ýer astynda, garaşyp eger,
Aýak basylmasa, topragňa meger,
Rahat ýatmaz, ruhy sözüm yzlasaň!

Nurana ARSLANOWA
13
146
guli_
21.04.2021 19:54
Bulary bileňokdyň...

1. Näme üçin Filippinleriň baýdagy dürli bolup bilýär?
Filippinleriň baýdagy gün we ýyldyzlar şekillendirilen üçburçlukdan we iki sany zolakdan (gök we gyzyl) ybarat. Bu iki sany deňhukukly görnüşi bolan ýeke-täk resmi baýdakdyr. Parahatçylyk wagtynda gök zolak ýokarda, gyzyl aşakda we uruş wagtynda tersine bolup bilýär.


2. Niagara şaglawugy haçan durdy?
1848 ýylyň 29-njy martynda buz bölekleriniň dyknyşygy sebäpli Niagara şaglawugy 30 sagatlap kesildi.


3. Haçan ýyldyrym tutuş futbol toparyny heläk etdi?
1998 ýylda Kongo demokratik respublikasynda futbol oýny wagtynda futbol meýdançasyna ýyldyrym urdy. Netijede myhman toparyň ähli 11 oýunçysy hem heläk boldy. Ýene 30 tomaşaçy hem şikes aldy. Emma ýer eýeleriniň hiç bir oýunçysyna hem hiç zat bolmady.


4. Haçan Germaniýa 1nji jahan urşuny döredeni üçin salgydyny töläp gutardy?
Diňe 2010-njy ýylda (Wersal şertnamasy boýunça).


5. Hytaý imperatory Sýan Lun şahyrlara gamgyn goşgylary ýazandyklary üçin ölüm jezasyny beripdir.


6. Krokodiller näme üçin daş ýuwudýarlar?
Çuňrak çümmek we iýmiti gowy siňdirmek üçin.


7. Öz 9njy simfoniýasyny ýazýarka Bethowen absolýut kerdi.


8. Adam tarapyndan döredilen iň uly material obýekt - 1961 ýylda synag edilen AH602 termoýader bombasynyň emele getiren kömelek şekilidir.


9. Näme üçin nika ýüzügi 4nji barmaga dakylýar?
Bu adat bize başda gadymy müsürlilerden, soň bolsa gadymy rimlilerden gelipdir. Olaryň düşündirmegi boýunça, hut şu barmakdan göni ýürege barýan söýgi damary (vena amoris) geçýär.


10. Haýsy itler üýrüp bilmeýär?
Afrikan basenji tohumly itler üýrüp bilmeýär.


11. Moment atly wagt birligi barmy?
Orta asyrlarda Moment atly wagt birligi bolupdyr. Ol häzirki minutyň ýarysyna deň eken.


12. Haýsy kompýuterler basseýni gyzdyrýar?
Uitikon (Şweýsariýa) şäherinde 2008 ýylda gurlan IBM kompaniýasynyň data-merkezindäki serwer kompýuterleri gysga wagtda ýerli basseýniň suwuny gyzdyrýar.

13. Haýsy futbol toparyň ady iki himiki elementiň adyndan emele gelipdir?
Russiýa, Permdäki "Amkar" futbol topary. Ammiak we Karbamid atlaryndan emele gelen. Sebäbi bu şäherde şol elementleri öndürýän zawod bar. Bu klub hem şol zawod tarapyndan esaslandyrylan.
15
371
guli_
21.04.2021 19:51
Zenan...🚺

* Zenanlardan onuñ name uçin aglayandygyny sorap bolar, yone hiç haçan ondan name sebapden aglayandygyny soramak gerek daldir, çunki ol sebabini unudyar.
* Eger erkek adam zenan yuregine dushunip bilmese, onda zenan erkegiñ mertebesine dushunmez.
Aleksandr Dyuma.

* Biz uyamyzy-da, ayalymyzy-da, atamyzy-da soyyaris, emma gaygyly gunumizde enemizi yatlayarys.
Zenan beyik soz. Onda gyzyñ pakligi, dostuñ gayratlylygy, enaniñ edermenligi bar.
Nikolay Nekrasow.

* Ahli zenanlar birmeñzesh, shol sanda her biri-de gaytalanmaz.
Wasiliy Sumbatow.

* Erkek adam beynisi bilen pikirlenmani halayar, zenanlar bolsa yuregi bilen.
Wissarion Belinskiy.

* Zenan durmushy soñlanmajak gyzyklanmanyñ taryhydyr.
Wasington Irwing.

* Zenan mashgala erkek adama soyyandigini aytmaly daldir. Goy, bu barada onuñ uçanaklayan, bagtdan doly gozleri aytsyn. Olar islendik sozden-de çeperdir.
12
150
guli_
20.04.2021 21:33
,,Söýgi näme"

«Söýgi näme?» diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn».

«Söýgi näme?» diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: «Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!»

«Söýgi näme?» diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: «Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal».

«Söýgi näme?» diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: «Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum».

«Söýgi näme?» diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
«Men, men, men...
Ynha, Söýgi men!..»

«Söýgi näme?» diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: «Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!»

«Söýgi näme?» diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: «Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!»


Kerim Gurbannepesow...♥
11
174
guli_
20.04.2021 17:44
Degişmeler....gülmek ömürden😄🤗

Gyzlar bilen üýşenimizde “Buýruk ýa-da hakykat” oýnadyk. Gyzykly bolsun diýip “buýruk” saýladym. Öýüňe git diýdiler. Gaty agyr degdi…

Ejem sapaklaryma taýýarlanyp oturanymy görende, gözlerine yaş aýlandy. Taşladym indi okamok, ejemi her gezek aglatmana dözemok.

Jerry-niň örän içýakgynçlygyny bilip, Tom üçin gynanýan bolsaňyz, onda Siziň ulalanlygyňyzdyr

Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňkileri ýuwmaly.
11
538