guli_
22.04.2021 20:20
Arheologlar gözleri ýalpyldaýan 110 ýaşly möýleri tapdylar



Günorta Koreýada gadymy daşlara siňip giden möýler tapyldy. Olaryň arasynda garaňkyda gözleri ýanýan aýratyn möýler hem bar. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu tapyndylar mezozoý erasyndan habar berýär. Bu möýleriň bary-ýogy 7 dürli görnüşi bolup, olar hem daşa öwrülip gidipdir. Golaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ol möýleriň 10 sanysy ele salnypdyr. Olaryň içinde iki sanysy adaty möýlerden has tapawutlanýar. Olaryň adaty däldigi gözleriniň ýagtylygy yzyna serpikdirýänligindedir.

Tapetum-yň meňzeş aýratynlygy onuň serpikdirýän gatlagy bir forma getirýändiginde bolup durýar. Gijeki ýagdaýda görüş ukybyny üpjün etmekde tapetum uly wezipäni ýerine ýetirýär. Adamlarda beýle aýratynlyk ýokdur. Emma pişiklerde şeýle aýratynlyk bar, şonuň üçin hem olaryň gözleri gijelerine ýalpyldaýandyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, ähli paleontologiýanyň taryhynda möýleriň saklanyp galan tapetumynyň tapylmagy ilkinji ýagdaýdyr. Bu tapylan möýleri eýýäm Koreamegops sami we Jinjumegops dalingwateri diýip atlandyrdylar.

8
134
guli_
23 Aprel 2021
IDEALLIDER,Bilmedim😆
ideallider
23 Aprel 2021
O zatlardan çelowek paugyň habary ýokmyka!?
S_guvanjova
22 Aprel 2021
bah 110 yasly diyami😯😯
Ovezova_
22 Aprel 2021
Bah tasin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.