Şwesiýa bilen Daniýany birleşdirýän haýran galdyryjy ýerasty geçelge
Bu seýrek duş gelýän ýol Daniýanyň paýtagty Kopengageni Şwesiýanyň Malmýo şäheri bilen birleşdirýär. Bu Eresun köprüsi daniýaly binagär Georg Rotne tarapyndan işlenilip düzülipdir we 2000-nji ýylyň 1-nji iýulynda açylypdyr. Köprüniň uzynlygy 8 kilometr töweregi bolup, soňra emeli adanyň kömegi bilen ýerasty geçelgä öwrülýär we 4 kilometre çenli uzalyp gidýär.
Bu ýer özüniň binagärçiligi, tebigat özboluşlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Adanyň çäginde hem-de deňziň düýbünde täsin hasaplanýan ösümlikleriň 500 görnüşi bolup, olar häzirki wagtda hem bu ýerde ösýärler.