guli_
22.04.2021 14:01
Iň akylly adam...🌷

Bir wagtlar üç sany alym bir ýere üýşüp, dünýäniň iň gysga Baş kanunyny ýazmaga başlapdyrlar. Adamlaryň nähili hereket etmelidiklerini we özlerini nähili alyp barmalydyklaryny ündeýän kanuny tapan adam dünýäniň iň akylly adamy saýlanjakdy.

"Alla günäkärleri jezalandyrar" diýip teklip etdi alymlardan biri... Ýeke sözlem, gysga we düşnüklidi...

Emma beýlekiler munuň bir kanun dälde, gorkuzmadygyny aýdyp garşy çykdylar. Birinji alymyň bu teklibi kabul edilmedi.

"Alla söýgüdir" diýdi ikinji alym. Ýöne bu teklibem kabul edilmedi. Çünki adamlaryň borçlaryny doly beýan etmeýärdi.

Soňra üçünji alym şu teklibi aýtdy:

"Özüňize edilmegini islemeýän zadyňyzy başgalaryna etmäň" we dowam etdi "Kanun şudur"

Beýleki alymlaram bu teklibi kabul etdiler we ol alym şol döwrüň iň akylly adamy boldy.
12
236
ideallider
22 Aprel 2021
Gulnar_03,aha dogry🙂👍
S_guvanjova
22 Aprel 2021
👍👍👍👏👏👏👏
guli_
22 Aprel 2021
IDEALLIDER,Belki..so 8bolsun 9bolsun tp yok barde ozuni sylamadygyny gorkezer elbetde bizin yitiryan zadymyz yok🙂
ideallider
22 Aprel 2021
Gulnar_03, howwa. Dogry aýdýaň. Özüni sylaýan bu kanuny eýerer, emma 10-dan 8 adam bu kanuna garşy çykar🙂
guli_
22 Aprel 2021
IDEALLIDER,Belki dossy gorkandyr ozbasdak bejergiden bu diymek dossunyn komegine matac dal diyildigi dal....yone esasy zat hemme adama yagshylyk edp yaranyp bolonok yone yamanlyk bir etmeli dal...ozuni sylayan adam su kanuny eyerer elbetde...
Nazzydade
22 Aprel 2021
IDEALLIDER, 👍
ideallider
22 Aprel 2021
Watan urşunda iki esger dostuň ikisi hem agyr ýaralanýar we uruş-köşeşensoň iki sir ýana geçip ýaralaryna ideg edýärler. Ýarany çatmaga iňňe, sapak ýok. Şonda esgerleriň biri gylyjyny közde köz-ýaly gyzdyryp öz ýarasyna basypdyr we gan akmagy saklapdyr. Bu herekedi beýleki dostuna etjek bolanda "Ody özüňe bas, ötmese kesekä" diýipdirler. Maňa beýtme. Bu herekediňe garşy" diýipdir we köp gan-gidirip iriňledip golsuz galypdyr. Netije: Durmuş söweşdir, Öz ýaraňa köz basyp, muny ile etjek bolsaň hiçkim oňlanok. Ahlaksyz-abraýsyz galmaga razydyrlar, emma bejerilmäge garşy çykarlarlar.

Emma gowy kanun, hiçkim eýermese peýdasy näme🙂👍
Ovezova_
22 Aprel 2021
👏👏👏gowy kanun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.