guli_
21.04.2021 23:01
Ýalňyşlyk

Bihasap zat ýokdur, Pany dünýäde,
Hasap soralmaýar, ýoldan azmasaň,
Sebäbi bolýandyr, bir mysal, ýa-da,
Şu goşgy dörärmi, özüm ýazmasam?!

"Urdy ýoldan..." diýip, şeýtan ýakasyn,
Tuyup durma, eden işiň ýeke sen,
Ömür bagyň gelmez, indi ýykasyň,
Çukura gaçmazdyň, özüň gazmasaň.

Gelin bolup düşseň, eziz bosagaň,
Maşgalasyn eýläp, bilseň saçagyn,
Diliň saklap bilseň, bolar maşgalaň,
Eneň sözün ýoldaşyňdan gizleseň.

Hawa, eneň sözün gizle äriňden,
Hem är sözün daşrak, tutgun eneňden,
Iki agyz gep tapsaň, öýe eňenden,
Gowy dälmi, ortalygy sazlasaň?!

Gaýyn-gelin oňsa, ine, onda gül,
Agzybirlik şondan başlanýandyr, bil!
Pyrlanar daşyňdan, är bolup bilbil,
Gülüň ysyn, öz-özüňden gözleseň.

Ýalan söz ynsanyň kökün kesermiş,
Näalaç galan ynam, özün asarmyş,
Egri agaç egriligne ösermiş,
Durmuşam, şol başdan dogry çyzmasaň.

Ýylan ýaly, iki garyş dil bilen,
Doganyňam ýat boljagyn, kim bilen?
Salam-älik alynmaz bor, il bilen,
Çakyp alyp, duzly-duzly sözleseň.

Netije: her kim ekenin orar,
Ýaman öz daşyna, kerebin sarar,
Azabyny ogul-gyzyndan görer,
Ýalňyşlygy belalardan syzmasaň.

Bir ýigit aýdypdy, "Ýamanlyk etňäň,
Azap gördüm" diýdi,
"Bagtyma ýetmän,
Hat-da, olar tarap, bir çöpem atman,
Geçdim nätjek, ejizleseň, dözmeseň?!

Bagtlymyş olar, onsuz has beter,
"Eden çeker" diýlen, ynamdan ýiter,
Oňa sensizligem, ömrüne ýeter,
Yza gaýdyp, ýanlarynda gezmeseň.

Ýagşy bol, ýaman bol, barjagyň bir ýer,
Gara ýer astynda, garaşyp eger,
Aýak basylmasa, topragňa meger,
Rahat ýatmaz, ruhy sözüm yzlasaň!

Nurana ARSLANOWA
13
146
Gülhan
23 Aprel 2021
Gulnar_03,😍😊❤️❤️
guli_
22 Aprel 2021
Ovezova_,Edil ozi♥🤗
Ovezova_
22 Aprel 2021
👏👏👏shu gyzy yaman gowy goryanda manyly goshgylar yazya
guli_
21 Aprel 2021
Ýèķèjè_02,Hakyky manyly gosgy♥
Misss
21 Aprel 2021
Okadym gaty govy gosgy su Nurana govja zatlar yazya..
guli_
21 Aprel 2021
Myhman Myhman,Amin.🤗♥♥♥Minnetdar sagbolun kop.kop yagshy dilegler un....Allam sizem oz penasynda gorasyn♥♥♥♥
Myhman Myhman
21 Aprel 2021
Saña doneyin!! Gaty gowy goşgy! Eliñe saglyk dost! Yuzuñ mydam gulsun! Durmuş saña gowy gunleri gorkezsin!! Allam seni oz penasynda gorasyn!!🥰🥰🥰
guli_
21 Aprel 2021
Gowy temada yazylan gosgy ....yaltanman okan do konsa👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.