guli_
guli_
30.04.2021 11:15
Täsinlikler dünýäsinden Belent bina «Lotte Dünýä diňi» diýlip atlandyrylýan bina Koreýa Respublikasynda iň belent we dünýäde 5-nji uly ymaratdyr. Ägirt desga ýurduň paýtagty Seulda derýa boýunda
guli_
29.04.2021 02:56
-Söýgi näme-diýip bir çagajykdan soradylar.
-Düýn daşary sowuk boldy,menem öz kurtgamy bir gyzjagaza berdim,ol ony geýdi, a ýylylyk bolsa maňa geldi,-diýip jogap berdi......♥
9
226
guli_
guli_
27.04.2021 18:32
Dünýädäki geň-taňlyklar Ýeriň dartyş güýji dünýäniň ähli ýerinde birmeňzeş däldir. Zeminiň süýji suw gorlarynyň 70 göterimi hem-de ähli buzlarynyň 90 göteri­mi An­trak­ti­da dün­ýä bö­le­gin­de
guli_
guli_
27.04.2021 12:20
Täsinlikler dünýäsinden Suwuk akkumulýatorlar döredilýär Barha giň ýaýrawa eýe bolýan elektromobilleriň energiýa üpjünçiligi üçin sarp edilýän uzak möhlet ony ulanyjylarda kynçylyk döredýärdi. Şonuň
guli_
27.04.2021 12:15
Hezreti Alydan 7 zadyň jogabyny soradylar.

1.Asmandan agyr zat barmy?
-Günäsiz adama atylan töhmet asmandanam agyrdyr.
2.Ýerden giň zat barmy?
-Hakykat ýerden giňdir.
3.Deňizden baý zat barmy?
-Kanagatly adamyň kalby deňizdenem baýdyr.
4.Daşdan gaty zat barmy?
-Mynapygyň (diňe ynanmaýanlaryň) kalby daşdanam gatydyr.
5.Otdan ýiti zat barmy?
-Patyşanyň zulumy otdanam ýitidir.
6.Buzdan sowuk zat barmy?
-Husyda işiň düşse, buzdanam sowukdyr.
7.Awydan ajy zat barmy?
-Awydan ajy zat SABYRDYR.
9
275
guli_
27.04.2021 05:24
Telefon bilen ýaşamaga şeýlebir öwrenişipdirin welin, ýöräp barýarkam "pikirler-de" ýazamda ýykylyp bir ýerimi agyrtmakdan dälde, harp ýalñyş göýbermekden gorkýan📱😁

Howa gyzgyn🌡🌞, balyklar hem derleýändir diýip, akwarýuma buz ýaly kola guýdum. Göräýdä bulary. Begenjinden ýaña hemmesi arkan ýüzüp başlady.😁

Jalaý gözler bilen gapdalymdaky stolda kokteýl içip oturan gyza seredip durkam: «Nämä seretýäñ, haýwan?» - diýende, göz ýetirdim men Shah Rukh Khana dälde, Ýalmoguzhana meñzeýän ekenim.😁

Telefon belgiñi "kontaktdan" pozdym, Birden ýalñyşyp jañ edeñde ekranda adyñy okap, tolgunmakdan ýaña ýüregim ÿarylmasyn diýip.
Bolmasa maña näme unutdym elbetde.😁📱

Awtobusda, filmlerdäki ýaly duýguly sahnalary janlandyrmak isläp kellämi aýna ýasladym...
minutda altymyş gezek kellämi aýnana urdym.😁✌
15
306
guli_
27.04.2021 04:57
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.

Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk...

Awtor: Sapa HOMMADOW


5
112
guli_
guli_
25.04.2021 18:42
Asyryň akyldaryndan altyn sargytlar ýa-da Eýnşteýnden 10 sargyt Biz ýaly adaty adam bolup dünýä inen Albert Eýnşteýn bütin ömrüne okanlary, öwrenenleri, tejribede synag edenleri bilen çuňňur zehiniň,
guli_
guli_
25.04.2021 14:12
Ýyldyzlar nädip süýnýär? Ýyldyzlar bizden örän uzakda ýerleşip, olar Günden tapawutly däldir. Ýagny Gün hem bir ýyldyzdyr. Ýöne ýyldyzlar has uzakda bolansoň, kiçi bolup görünýär. Şeýle hem olaryň
guli_
guli_
24.04.2021 14:07
2022-nji ýylda ilkinji ýüzýän döwlet peýda bolar Dünýä ýüzündäki maýlamanyň netijesinde Ýer şarymyzda ähli taraplaýyn meseleler ýüze çykýar. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, soňky 30 ýylyň dowamynda