Täsinlikler dünýäsinden
Belent bina
«Lotte Dünýä diňi» diýlip atlandyrylýan bina Koreýa Respublikasynda iň belent we dünýäde 5-nji uly ymaratdyr. Ägirt desga ýurduň paýtagty Seulda derýa boýunda ýerleşýär. Onuň 555 metr beýikligi, ýerüstünde 123 we ýerastynda 6 gaty bar. Onuň gurluşygy 2009-njy ýylda başlanyp, 2017-nji ýylda tamamlanypdyr. Bina üç aýratynlyk boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Onuň iň beýikdäki 6 gaty diňe synlamak üçin niýetlenip, ol binanyň üstünde ýerleşen ägirt uly synlaýyş giňişligi bolan toplumdyr. Şeýle hem onuň iki gatly lifti bolup, ol birwagtda 100 adamyny ýokary tizlik bilen ýokaryk çykarýar. Binada dürli dolandyryş edaralary we dynç alyş merkezleri bar.
Gadymyýetiň ýaňy
Uly ösüşleriň mekany bolan Seul şäheri diňe döwrebap, beýik binalary bilen tanalmaýar. Bu ýerde taryhyny gadymy geçmişden alyp gaýdýan köşkdür galalaryň hem birnäçesi bar. Şeýle ýerleriň biri hem «Gýeongbokgung» diýlip atlandyrylýan taryhy ýerdir. Paýtagtyň demirgazyk böleginde ýerleşýän künjek birwagtlar koreý hökümdarlarynyň dolandyryş merkezi bolupdyr. Birnäçe taryhy desgalary öz içine alýan toplum XIV asyryň ahyrlarynda gurlupdyr. Soňky ýyllarda 40 gektardan gowrak ýeri tutýan gadymy şäherçäniň 500 sany desgasy täzeden dikeldilipdir. Häzirki wagtda bu ýerde muzeýleriň birnäçesi hereket edýär.
Täsin çeşme
Koreýler tebigat gözelligine hem aýratyn ähmiýet berýärler. Birmahallardan bäri dag depesinden gaýdýan çeşmäni täzeden dikeltmek arkaly olar şäher içinde ajaýyp sazlaşygy döredipdirler. «Çeonggýe» diýlip atlandyrylýan, uzynlygy 11 kilometre golaý çeşme şäher merkezini kesip geçýär. Ol gözbaşyny şäher etegindäki dag gerşinden alyp gaýdyp, paýtagtyň merkezinden akýan Han derýasyna guýýar. Çeşmäniň boýunda dürli baglaryň ekilmegi bilen ýaşyl zolak döredilipdir. Çeşmäniň boýy adamlaryň dynç alýan we gezelenç edýän söýgüli ýeridir.
Gelim-gidimli muzeý
Koreýanyň milli muzeýi ýurduň taryhyna, mirasyna degişli dürli gymmatlyklary özünde jemleýän iň uly desgadyr. Muzeý 1945-nji ýylda esaslandyrylyp, ol 300 müň inedördül metr meýdanda, ägirt uly giňişlikde ýerleşýär. Ol dürli döwre degişli taryhy gymmatlyklaryň müňlerçesini özünde saklaýar. Şeýle hem bu ýer ýurtda iň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Hasaplamalara görä, her ýylda 3 milliondan gowrak adam ýurduň geçmiş mirasyna degişli gymmatlyklar bilen tanyşmaga gelýär.