guli_
27.04.2021 18:32
Dünýädäki geň-taňlyklar



Ýeriň dartyş güýji dünýäniň ähli ýerinde birmeňzeş däldir.

Zeminiň süýji suw gorlarynyň 70 göterimi hem-de ähli buzlarynyň 90 göteri­mi An­trak­ti­da dün­ýä bö­le­gin­de ýer­leş­ýär.

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Guiz­hou we­la­ýa­ty­nyň çe­tin­dä­ki Miao obasynyň çagalary üçin ullakan gowak mekdep hökmünde ulanylýar. Jemi 5 synpdan ybarat bolan bu mekdepde 200-e golaý çaga okaýar. Ýeri gelende bellesek, çagalar bu ýere gelmek üçin 3 sagada golaý wagtyny ýola sarp etmeli bolýarlar.

Bi­ziň ýa­şa­ýan pla­ne­ta­myz Gün ulgamynyň içinde suwuň hem gaty, hem suwuk, hem gaz halyny alyp bilýän ýeke-täk ýerdir.

Agaç na­hal­la­ry­nyň he­niz ýaý­ra­ma­dyk mahalynda Ýer ýüzünde äpet kömelekler bar eken.

Wenera planetasynyň 1 güni biziň planetamyzyň bir ýylyndanam uzakdyr.

Ýyl­dy­ry­myň gyz­gyn­ly­gy Gü­nüň üstündäki gyzgynlykdan 5 esse artykdyr.

Gün şöh­le­si 8 mi­nut 20 se­kunt wagtda biziň dünýämize gelip ýetýär.

Nigeriýada iňlis dilinde gürleýänleriň sa­ny Ang­li­ýa­da­ky­lar­dan has köp­dür. Şeý­le-de ABŞ-da 24-den hem köp iň­lis şiwesi bardyr.

Ýertitreme hadysasy mahalynda suw altyna öwrülip biler.

Bedenimizdäki bakteriýalaryň sany öýjüklerimiziň sanyndan 10 esseden hem köpdür.

Eger bedenimiziň bütin öýjüklerindäki DNK-ny biri-birine sepleşdirsek, 16 milliard kilometr uzynlyk emele geler.

Her gün alym­lar ta­ra­pyn­dan tä­ze 41 görnüş janly beden ýüze çykarylýar.

Fo­to­sin­tez ha­dy­sa­sy ma­ha­lyn­da ösümliklerden töwerege adamyň gözüne görünmeýän ýagtylyk ýaýraýar.

Aý Ýer to­ga­lagyndan her ýyl 3,78 santimetr daşlaşýar.

Pomidorda ynsan bedenindäkiden has köp gen bar. Ýeralmada bolsa hromosoma bar.

Benziniň düzüminde 150-den 1000-e çenli biri-birinden tapawutly himiki birleşme bar.

«Ýumurtga ilki döräpmi ýa-da towuk?» diýen jedelli sowalyň jogaby tapyldy. Bu babatda alymlar towuk ilki döräpdir diýen netijä geldiler.

0-luk sany aňladyp bolmaýan ýeke-täk ýazuw rim sanlarydyr.

Iňlis dili jemi 67 ülkäniň resmi dilidir. Şunuň bilen birlikde, bu dil dünýädäki ähli howa ýollarynda hem resmi dil hasaplanýar.

Iňlisçe ýazylýan tekstleriň 90 göterimi müň söz bilen ýazylýar. Bu müň sözi öwrenip bilen adam adaty tekstleriň ählisini okap biler.

Iňlis diline, takmynan, iki sagatda bir, ýagny ýylda dört müň sany täze söz goşulýar.

1883-nji ýylda Sumatra bi­len Ma­laý­ziýa döwletleriniň arasyndaky Krakatau adasynda atylan wulkanyň sesi adamzat taryhynyň iň uly güwwüldisi hasaplanýar. Şol güw­wül­di 4800 ki­lo­metr uzak­lyk­dan hem eşidilipdir.
8
290
guli_
28 Aprel 2021
Greenleaf,Yazan zadyma gowja uns bersen menm ylmy tarapdan beyan edp dusundirdim sana....dini,filosifiki garayysy gosmadym....Ylmy tarapdan bir alym ilki towuk dorapdir diyen bolsa onna znacit bir subutnamasy badyr....Menem biologiyadan 0dal😊
Greenleaf
28 Aprel 2021
Gulnar_03 menem aýydym ýokarda. Islendik zada ylmy, dini, filisofiki garaýyş bar dp. Bärde ylym barada gürrüň gitýär. Onda garaýyşlar hem ylmy tarapdan beýan etmeli.

Nazzydade menem ýazdym ýokarda. Elbetde ylmy garaýyş bir başga dini garaýyş bir başga bolýar. Dini garaýyşdan elbetde siziňki dogrydyr. Men ýöne YLMY garaýyşy ýazdym. Filisofiýa barada gürrüň hem edilmändi! 🤨

IDEALLIDER ylmy düşündirilişi ýazandygym bolsa meniň ateistligimi aňlatmaýar. Biologiýadan bilýänligim ün men günäkär däl.Indem men komment ýazýan däldirin!
Myhman Myhman
28 Aprel 2021
Nazzydade, goşulýan dogry
guli_
27 Aprel 2021
IDEALLIDER,Bolya diymedigim😑

Gulnura jogap yazanymyn sebabi meniň postum bu we biri tankyt etse son jogapkarciligini men cekyan we do konsa goyan postumyn arkasynda durmaly....diylen dusunje bn otwet yazzym yzyna😐
ideallider
27 Aprel 2021
Gulnar_03,Nazzydade, zat diýmäň şoňa haýşt. Ol ýokuş görýär🙁
Nazzydade
27 Aprel 2021
Greenleaf, ylymde belki yumartgadyr yone ylym bn dini ikisi den gelenok yone Alla tagalla hemme zadyy yaradanda ilki janly jandarlary yaratdydami? Ozune cekme welin guycli filosoflar Hudayada ynananoklar olar dine goryan zatlaryna ynanyalar
guli_
27 Aprel 2021
Greenleaf,Ay yone yokardaky towuk ilki dorapdir diyilyaninem bir alym diyipdir yagny men ozbasyma oylap tapymok....eger alym aydan bolsa onda anyrsynda onam subutnamasy badyr👍☺
ideallider
27 Aprel 2021
Greenleaf, kom ýazýanyňa garşy däldim. Sen öz pikiriňi men öz pikirimi aýtdym. Dežawýu=şeýle hadysanyň öň hem bolup geçenýaly bolup görünmegine aýdylýar🙂
Greenleaf
27 Aprel 2021
IDEALLIDER, dežawýiň nämedigini bilemok ýöne, muny kompliment dp kabul edýän seň ün. Bolmasa düşündirişli sözlükden bilip bilerimem wn. Borla men onda komment ýazmarynamda indi.
ideallider
27 Aprel 2021
Greenleaf, howwa sen milýard ýyl ozalam bar ekeniň. Mende şuwagt DEŽAWÝU🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.