2022-nji ýylda ilkinji ýüzýän döwlet peýda bolar
Dünýä ýüzündäki maýlamanyň netijesinde Ýer şarymyzda ähli taraplaýyn meseleler ýüze çykýar. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, soňky 30 ýylyň dowamynda Ýerdäki howanyň temperaturasy ýarym dereje (gradus) ýokarlanyp, dünýä ummanlarynyň derejesi XX asyryň dowamyndan 15 sm ýokary galypdyr. Ýer ýüzüniň ilatynyň ep-esli bölegi bolsa kenarýaka etraplarda we adalarda ýaşaýarlar. Käbir alymlar Ýer şarynyň yssy howasynyň ýokarlanmagy baradaky ähli gürrüňleri adaty erteki (mif) hasaplaýarlar we bu Ýer ýüzüne hiç hili howp salmaýar diýip ynamly aýdýarlar. Emma alymlaryň 90% (göterimi) bu ýagdaýyň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyna kynçylyk döredýändigine, ondan gutulmagyň ýokdugyna hem ynanýarlar.
Eger şeýle bolsa, onda gyssagly adamlary bu ýagdaýdan halas etmek üçin çäre görmek zerurdyr. PayPal edarasynyň esaslandyryjysy Piter Til bu ýagdaýdan baş alyp çykmagyň tärini hödürledi. Ol kimleriň öýleri howa şertleriniň üýtgemeginde suw alan bolsa «ýaramaz howadan gaçgaklar» diýip atlandyrylýan kenarýaka etraplarynyň ýaşaýjylary üçin ýüzýän döwletleriň gurluşygyna başlamagy teklip berdi. Piter Til hat-da munuň üçin 50 million amerikan dollaryny bölüp, şeýle adaly döwletiň taslamasyny inwestirlemäge ylalaşdy. Ilkinji ýüzýän döwlet Ýuwaş ummanynda tiz wagtdan 2022-nji ýylda peýda bolar.
Emeli ada-da 300-e golaý öýüň gurulmagy meýilleşdirilip, olar iň döwrebap, häzirki zaman infrastrukturasy bolan restoranlar, dükanlar, hassahanalar, mekdepler, edaralar bilen üpjün ediler. Bir söz bilen aýdylanda syýahatçy adaly adamlar biraz Ýerde ýaşaýanlardan tapawutlanarlar. Mundan başga-da, olaryň öýleriniň üçeklerinde dolulygyna paýlaşmak mümkinçiligi bolan toprak bilen örtülen ýaýlak bolup, ekerançylyk bilen meşgullanmaga hem şert döreder. Ýüzýän döwletiň ýaşaýjylary ähli ýurtlaryň hökümetine garamazdan, garaşsyz ýagdaýda bolar we özüniň kanunlaryny döredip biler. Häzirki wagtda kanunlaryň toplumynyň üstünde iş alnyp barylýar. Tiz wagtdan Konstitusiýanyň taslamasy hem taýyn bolar.
Fransuz Polineziýasy bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzüne geçirilmegine ullakan gyzyklanma bildirýär. Bu haýran galdyryjy däl, eger dünýä ummanynyň derejesi gitdigiçe ýokarlansa, onda Fransiýanyň Ploneziýasynyň adalarynyň uly bölegi suwuň aşagynda galar.
Ýüzýän döwletiň ilkinji raýatlarynyň durmuşy nähili boljagy hakda aýtmak kyn, ýöne häzirlikçe olara hemme zat şatlykly, bagtly, häzirki siwilizasiýanyň köp meselelerinden gaçmak üçin uly mümkinçilik hökmünde tanyşdyrylýar.
Dünýäniň finans ýagdaýyna bagly bolmaz ýaly bu ada-da ýaşaýan adamlar özleriniň aýratyn pul birliginden peýdalanarlar. Ada 11 sany platformadan ybarat bolar. Adamlaryň hersi islegine görä, döwletden aýrylyp özbaşdak ýüzmäge hem gidip bilerler. Jaýlaryň bölekleri ýaşaýjysyz galar, şonuň üçinem edaralara boş ýerleri hakyna bermäge mümkinçilik bolar. Häzirki wagtda abraýly edaralar, telekeçiler bu taslama köpsanly maýa goýum goýýar. Eger ilkinji ýüzýän döwletiň ykbaly bagtly bolsa, onda beýle döwlet ýeke bolman, muňa meňzeş ýüzýän ýurtlaryň gurluşygy ýene-de dowam ediler.