guli_
27.04.2021 12:20
Täsinlikler dünýäsinden



Suwuk akkumulýatorlar döredilýär

Barha giň ýaýrawa eýe bolýan elektromobilleriň energiýa üpjünçiligi üçin sarp edilýän uzak möhlet ony ulanyjylarda kynçylyk döredýärdi. Şonuň üçin hem hünärmenler bu kynçylygy aradan aýyrmak maksady bilen, çalt energiýa alýan akkumulýatory döretmegi maksat edinýärler. Çalt energiýa alyjy suwuk akkumulýatorlaryň üsti bilen elektromobillere birnäçe minudyň içinde energiýa bermek göz öňünde tutulýar. Elektromobilleriň howany hapalaýan gazlary bölüp çykarmazlygy onuň gaty uly artykmaçlygy bolsa hem, energiýadan dolmagy üçin sarp edilýän wagt oňa isleg bildirýänleri ýaýdandyrýardy. Alymlaryň täze hödürlejek suwuk akkumulýator tehnologiýasy elektromobilleri «birkemsiz ulaga» öwrer.

Ýük ulaglaryndan garbanyşhana

Arhitektorlar müşderileri özüne çekip biljek görnüşli binalary gurmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýärler. Olaryň bu zähmetiniň netijesinde täsin dizaýnly binalaryň ençemesi peýda bolýar. Bu ugurda eýýäm ençeme işleri amala aşyryp, meşhurlyga ýeten arhitektorlar hem bar. Olardan meşhur ýapon arhitektory Kengo Kuma Taýwanda Starbucks garbanyşhanasyny gurmak üçin 29 sany ýük ulagyndan peýdalandy. Köp gatly bina görnüşinde ýerleşen ýük ulaglary ak we gara reňke boýalyp, dürli görnüşdäki we ölçegdäki penjireler bilen üpjün edilen. Binanyň umumy meýdany 320 inedördül metre barabar. Onda her biri özboluşly dizaýna eýe bolan birnäçe aýratyn otaglar bar. Olaryň käbiri dolulygyna agaç bilen örtülen. Täsin myhmanhananyň birinji gatynda bolsa, sürüjiler ulagyndan düşmezden, ýörite penjireler arkaly kofe satyn alyp bilýärler.

Iň gymmat kepderi

Dünýäde kepderi söwdasy ýa-da kepderileriň bäsleşigi gaty uly meşhurlyga eýe bolmasa hem, bu ugurdaky seýrek söwdalar we ýaryşlar köpçüligi haýran galdyrýar. Şeýle haýran galdyryjy ýagdaý golaýda Belgiýadaky bäsleşikli söwda-da bolup geçdi. Bu ýerde kepderiler ýaryşynyň meşhur ýyldyzy bolan Armando atly kepderi satuwa çykaryldy. Onuň satuwa çykarylmagy diňe Belgiýanyň ilatyny däl, bütin dünýäniň bu ugur bilen gyzyklanýan janköýerlerini bir ýere jemledi. Netijede, hytaýly bäsleşikli söwda gatnaşyjy kepderini 1,25 million ýewro satyn aldy. Bu şeýle görnüşli guş üçin tölenen iň ýokary bahadyr.

110 ýaşly daragt — kitaphana

Häzirki wagtda adamlaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak islendik ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň, aýratynda, binagärleriň we bu ugur bilen gyzyklanýan beýleki raýatlaryň baş maksadyna öwrüldi. Täsin görnüşli myhmanhanalar, medeni-dynç alyş merkezleri, kitaphanalar — dünýäniň dürli künjeklerine bezeg berýär. Golaýda şeýle kitaphanalaryň ýene biri ABŞ-nyň Aýdaho ştatynda peýda boldy. Ýerli ýaşaýjy Şarali Armitaž Goward atly aýal 110 ýaşly äpet daragtyň içinde ýerleşýän kitaphanany döretdi. Kitaphananyň mugt bolmagynyň sebäbini Şarali Goward ol ýerde öz şahsy kitaplaryny ýerleşdirendigi we adamlaryň kitaba söýgüsini artdyrmagy maksat edinýändigi bilen düşündirýär. Kitaphananyň mugt bolmagy we özboluşly dizaýny dürli ýaşdaky okyjylary we syýahatçylary barha özüne çekýär.
8
125
S_guvanjova
27 Aprel 2021
👏👏👏👌
Ovezova_
27 Aprel 2021
👍👍👍👏
Misss
27 Aprel 2021
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.