guli_
14.05.2021 10:25
BAŞGALARDAN

üýtgeşik bolmak islegi,bizi ähli adamlar
bilen meňzeş bolmagymyza getirýär...🌜
0
13
guli_
13.05.2021 23:36
SORAG


Haçan seni ruhy taýdan öldürdiler?💔
(senesini ýazyň)
3
523
guli_
guli_
13.05.2021 12:24
Oraza baýramyñyz gutly mubärek bolsun! Mukaddes Remezan aýynda okan namazlaryňyz, eden doga-dilegleriňiz, beren sadakalaryňyz beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun🙏😊
guli_
guli_
12.05.2021 17:17
Hytaý akyldary Konfusiniň pähimlerinden Kim pikirlenmän okasa, şoňa bulam-bujarlyk akyp barýar. Kim okamazlygy pikir etse, şol päsgelçilige uçrar. *** Sözüň pikir aňlatsa, ýeterlik bolýar. ***
guli_
guli_
09.05.2021 22:07
Dünýäniň iň köp aýdylýan aýdymy haýsy? Bu «Happy birthday to you» aýdymydyr. Onuň asyl çeşmesi amerikaly iki gyz dogana degişlidir. Asyl, aýdym «Good morning to all», ýagny, «Hemmäňiziň ertiriňiz
guli_
09.05.2021 04:22
Gahrymanlar baky ýaşar gursakda



Topragyň goragyn saýyp mukaddes,

Beýik Ýeňşi beren gerçekler hakda...

Her bir namalardan gelip dur bu ses:

«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».



Ar-namysyn öňe goýan bar zatdan,

Şol ärleň nesli biz, ýadyňda sakla!

Asyrlar bu Ýeňşi çykarmaz ýatdan,

«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».



Ojaklaryn saklap, ýaşan eneleň,

Sarpasy tutulýar ene toprakda...

Yzda galyp, gerçeklere deňelen,

«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».



Türkmen ogullary gorar Watany,

Kasam edýäs, ör turup şu pursatda...

«Wepat» diýip alsak-da biz patany,

«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».



Watançylyk urşuň ýarasy bitmez,

Gül dessesin «Baky oda» goýsakda...

Ady kalbymyzdan ebedi ýitmez,

«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».



Çarymyrat Saryýew.
7
132
guli_
07.05.2021 13:44
Husyt pyşdyl

Gargyşa galanyň her hili külpet başyna geler ekeni. Pyşdyl, gör, nä güne düşüpdir. Güýe baýyňkydan ibaly däl.
Bir gün pyşdyl zordan gününi görüp ýören goňşusy dul aýaldan bir çanak galla diläpdir. Ol aýalam dözmändir-de, bir uly çanagy dolduryp berip goýberipdir. Aradan kän wagt geçenden soň Pyşldylyň bergisi ýadyna düşüpdir. Şonda ol öz ýanyndan “Akly çaşan garry hatyn, nähili çanakda berendigini-de unudandyr. Oňa şu-da bor” diýip, pyşdyl kiçijik çanagy galladan dolduryp, goňşusynyň ýanyna barypdyr. Öz ýanyndan hondan bärisi bolubam:
- Sen ýadyňdan çykaran bolsaňam, men unudamok. Birmahal bir çanak galla beripdiň. Şonyňy al, goňşy - diýipdir.
Şonda ýazyksyz hatynyň oňa gahary gelip, gargapdyr:
- Alyp giden çanagyň üstüňe, getireniňem astyňa gap bolsun. Bar, git. Ýok bol, gözüme görünme - diýip, ony kowup goýberipdir.
Pyşdyl yzyna dolananda asty-üsti çanakly süýrenip gaýdypdyr. Onuň indi şol bolup ýörşi-dä.
7
102
guli_
07.05.2021 13:39
Baýguşuň jogaby

Ýer ýüzündäki ähli janly-jandara hökmi ýörän Süleýman pygamber günlerde bir gün akla sygmajak işiň başyny tutmakçy bolupdyr. Oňa aýaly: “Ýerden diregsiz, gökden örksüz howada gaýyp ýören bir ajaýyp köşk edip beräýseň” diýipdir eken. Ol hem şu işi nädip bitirjegini bilmän kän oýlanypdyr. Ahyrsoňy-da guşlaryň ýeleginden gurup bolar diýen netijä gelip, ähli guşlaryň öz huzuryna gelmegini talap edipdir. Laçyn bu permany ýaýradypdyr welin, ilki bilen ýarganat gelipdir. Gele-gelmäne-de ýaranjaňlyk edip: “Men howlugýan” diýen bolup, perini sypyryp goýup gidipdir. Bu işiň soňunyň nähili boljagyna garamadyk ýalynjaň şeýdip ömürlik ganat-perinden jyda düşüpdir...
Ýuwaş-ýuwaşdan ähli guşlar gelipdirler, maslahata jemlenipdirler. Emma nämüçindir Baýguş wagty bilen gelmändir. Ahyrsoňy yzyndan Laçyny iberip getirdipdirler.
Guşlaryň içinde iň pähimdary bolansoň, Süleýman ony sylaýan eken. Şonuň üçin onuň bu eglenmesinde bir many bardygyny aňan Süleýman oňa sowal beripdir:
- Ýeri, aýdyp otur, akyldar guşum. Näme eglendiň? Ýa biziň sözümizi äsgermejek bolduňmy?!
- Ýok, pirim. Äsgermezlik edemok. Ýöne men bu habara ynanmadym. Süleýman onuň ýaly iş etjek bolýan däldir, biderek gürrüňdir öýtdüm.
- Biderek gürrüň däldigine indi göz ýetirdiň dälmi?
- Göz ýetirdim welin, men seniň etmek bolýan işiňe düşünemok - diýip, Baýguş gözlerini tegeledi. Süleýmanyň onuň bolşuna gahary geljek boldy:
- Seniň nämä düşünip, nämä-de düşünmeýändigiňi bilmek kyn däl. Sowalym bar, oýlan-da jogabyny ber. Hoşmy?
- Hoş. Beriň, sowalyňyz bar bolsa.
- Hany sen aýt, dünýäde abat köpmi, bibat?
- Bibat köpdür, pirim.
- Bibadyň köpdügini nädip bilýäň?
- Ozal bibatlar-a bir bibat, abatlaram bibat bolar. Şonuň üçin bibat köpdür, pirim.
- Onda sen aýt, dünýäde aýal köpmi, erkek?
-Aýal köpdür, pirim.
- O nähili beýle bolýar?
- Bar bolan aýallar-a bir aýal, üstesine aýalynyň gepine gidip ýören ärsumaklaram aýaldyr....
Süleýman bu jaýdar jogapdan soň, Baýguşyň pähimdarlygyna ýene bir gezek çuň sarpa goýýandygyny bildiripdir hemem başyny tutmakçy bolýan işinden ýüz dönderipdir.
8
117
guli_
06.05.2021 03:59
Bu Anketany paýlaşmagymyň sebäbi azajyk programma aktiwja gatnasyp pikirleriňizi beýan etmegiňiz üçin goýdum hem-de azajyk gyzykly bolar ýaly😊

Dostluk güýçlimi👬 ýa-da söýgi💑.

13
365
guli_
guli_
05.05.2021 21:36
Tebigat täsinlikleri Garagum çölünde her ýylda 165―185 günläp açyk howa bolýar. * * * Arwana tohumly düýeler ortaça 20―25 ýyl ýaşaýarlar. Olar şol döwrüň içinde 8-10 gezek otlaýarlar. * * * Syrtlan