guli_
09.05.2021 22:07
Dünýäniň iň köp aýdylýan aýdymy haýsy?



Bu «Happy birthday to you» aýdymydyr. Onuň asyl çeşmesi amerikaly iki gyz dogana degişlidir. Asyl, aýdym «Good morning to all», ýagny, «Hemmäňiziň ertiriňiz haýyrly bolsun!» bolup, soňra üýtgedilip dünýä ýaýradylýar.



Adamlar sagatlaryny näme üçin çep ellerine dakýarlar?

Üýtgeşik bir ýagdaý bolaýmasa, adamlaryň köpüsi sagatlaryny çep ellerine dakýarlar. Sebäbi sag el bilen has köp hereket edilýändigi üçin bir ýere degip, sagadyň döwülmegi ahmal. Şeýle-de sagada tow berenimizde elimizden aýyrman sag eli ulanyp, aňsatlyk bilen nurbadyny towlap bilýändigimiz üçin sagady çep elimize dakýarys.



Termos näme üçin gyzgyny gyzgyn, sowugy sowuk saklaýar?

Munuň esasy sebäbi wakumdyr, ýagny boşlukdyr. Termosda iç-içe iki gap bardyr. Daşky gap metal bolup, içindäki gap bolsa aýnadyr. Ikisiniň arasyndaky howa boşadylandyr. Boşlukda howa molekulalarynyň ýoklugy üçin gyzgyn ýa-da sowuk geçirmeýär. Boşlugyň geçirijiligi ýokdur. Gabyň içindäki suwuň ýylylygy başda nähili bolsa, şonlugyna-da galýar. Şeýlelikde, termosa guýulýan suw sowuk bolsa sowuklygyna, gyzgyn bolsa-da gyzgynlygyna galar.



Adamyň beýnisi nähili işleýär?

Adamyň beýnisi açyk howada has gowy işleýär. Adam dik aýak üstünde duranda beýni 10 göterim köp işleýär diýip hasap edilýär. Ýöräniňde eliňi sallamak beýniniň işjeňligini artdyrýar. Dil öwrenmek adamyň beýnisini güýçlendirýär. Sözlükleri okamak ýa-da telefon belgileriňizi ýat tutmak hem peýdalydyr. Zehin maşklaryny ýerine ýetiriň. Ýagny, tapmaça çözmek, küşt oýnamak ýaly zehin artdyryjy oýunlary oýnap bilersiňiz. Dowamly gaýtalaýan endikleriňizi üýtgediň. Mysal üçin, käwagt telefony çep eliňiz bilen alyň, ýantorbaňyzy beýleki eliňizde göteriň, öýüňize başga ýoldan gidiň.
9
418
ideallider
10 May 2021
Gowy makala🤗
guli_
10 May 2021
Ýèķèjè_02,Hakyky herkimin oz aladasy😒
Myhman Myhman
10 May 2021
Саг болун коп коп.
Misss
10 May 2021
Gulnar_03, 😁😁olar oz aladalarny edyada

Doctor, salam
Doctor
10 May 2021
salam hemmanize
guli_
10 May 2021
Ýèķèjè_02,Agy oraza ayy diyyayyan wln kafedaky adamlary gorayde gyrlym iv icp otyrlar suw icp otyrlar diymersin sulan agzy beklemi dp😒
Misss
10 May 2021
Gulnar_03, wii suwagt agzym bekli diysenem kafe girmedinmi diyjek bolyana😂
guli_
10 May 2021
Ýèķèjè_02,Agzymam bekli gidesim gelenoga entagem howa gowydy bu gun kan suwsamadym😁
Misss
10 May 2021
Gulnar_03,😂😂😂onarypdyr dogry aytya
Misss
10 May 2021
Gulnar_03, haa onna anyrda ejemi yitirerdim men😂omir gitsek ya o biryere girp yitya yada men
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.