guli_
07.05.2021 13:44
Husyt pyşdyl

Gargyşa galanyň her hili külpet başyna geler ekeni. Pyşdyl, gör, nä güne düşüpdir. Güýe baýyňkydan ibaly däl.
Bir gün pyşdyl zordan gününi görüp ýören goňşusy dul aýaldan bir çanak galla diläpdir. Ol aýalam dözmändir-de, bir uly çanagy dolduryp berip goýberipdir. Aradan kän wagt geçenden soň Pyşldylyň bergisi ýadyna düşüpdir. Şonda ol öz ýanyndan “Akly çaşan garry hatyn, nähili çanakda berendigini-de unudandyr. Oňa şu-da bor” diýip, pyşdyl kiçijik çanagy galladan dolduryp, goňşusynyň ýanyna barypdyr. Öz ýanyndan hondan bärisi bolubam:
- Sen ýadyňdan çykaran bolsaňam, men unudamok. Birmahal bir çanak galla beripdiň. Şonyňy al, goňşy - diýipdir.
Şonda ýazyksyz hatynyň oňa gahary gelip, gargapdyr:
- Alyp giden çanagyň üstüňe, getireniňem astyňa gap bolsun. Bar, git. Ýok bol, gözüme görünme - diýip, ony kowup goýberipdir.
Pyşdyl yzyna dolananda asty-üsti çanakly süýrenip gaýdypdyr. Onuň indi şol bolup ýörşi-dä.
7
102
Nazzydade
7 May 2021
Gowy hekaya👍
Misss
7 May 2021
👍👍👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.