Baýguşuň jogaby
Ýer ýüzündäki ähli janly-jandara hökmi ýörän Süleýman pygamber günlerde bir gün akla sygmajak işiň başyny tutmakçy bolupdyr. Oňa aýaly: “Ýerden diregsiz, gökden örksüz howada gaýyp ýören bir ajaýyp köşk edip beräýseň” diýipdir eken. Ol hem şu işi nädip bitirjegini bilmän kän oýlanypdyr. Ahyrsoňy-da guşlaryň ýeleginden gurup bolar diýen netijä gelip, ähli guşlaryň öz huzuryna gelmegini talap edipdir. Laçyn bu permany ýaýradypdyr welin, ilki bilen ýarganat gelipdir. Gele-gelmäne-de ýaranjaňlyk edip: “Men howlugýan” diýen bolup, perini sypyryp goýup gidipdir. Bu işiň soňunyň nähili boljagyna garamadyk ýalynjaň şeýdip ömürlik ganat-perinden jyda düşüpdir...
Ýuwaş-ýuwaşdan ähli guşlar gelipdirler, maslahata jemlenipdirler. Emma nämüçindir Baýguş wagty bilen gelmändir. Ahyrsoňy yzyndan Laçyny iberip getirdipdirler.
Guşlaryň içinde iň pähimdary bolansoň, Süleýman ony sylaýan eken. Şonuň üçin onuň bu eglenmesinde bir many bardygyny aňan Süleýman oňa sowal beripdir:
- Ýeri, aýdyp otur, akyldar guşum. Näme eglendiň? Ýa biziň sözümizi äsgermejek bolduňmy?!
- Ýok, pirim. Äsgermezlik edemok. Ýöne men bu habara ynanmadym. Süleýman onuň ýaly iş etjek bolýan däldir, biderek gürrüňdir öýtdüm.
- Biderek gürrüň däldigine indi göz ýetirdiň dälmi?
- Göz ýetirdim welin, men seniň etmek bolýan işiňe düşünemok - diýip, Baýguş gözlerini tegeledi. Süleýmanyň onuň bolşuna gahary geljek boldy:
- Seniň nämä düşünip, nämä-de düşünmeýändigiňi bilmek kyn däl. Sowalym bar, oýlan-da jogabyny ber. Hoşmy?
- Hoş. Beriň, sowalyňyz bar bolsa.
- Hany sen aýt, dünýäde abat köpmi, bibat?
- Bibat köpdür, pirim.
- Bibadyň köpdügini nädip bilýäň?
- Ozal bibatlar-a bir bibat, abatlaram bibat bolar. Şonuň üçin bibat köpdür, pirim.
- Onda sen aýt, dünýäde aýal köpmi, erkek?
-Aýal köpdür, pirim.
- O nähili beýle bolýar?
- Bar bolan aýallar-a bir aýal, üstesine aýalynyň gepine gidip ýören ärsumaklaram aýaldyr....
Süleýman bu jaýdar jogapdan soň, Baýguşyň pähimdarlygyna ýene bir gezek çuň sarpa goýýandygyny bildiripdir hemem başyny tutmakçy bolýan işinden ýüz dönderipdir.