Gahrymanlar baky ýaşar gursakda
Topragyň goragyn saýyp mukaddes,
Beýik Ýeňşi beren gerçekler hakda...
Her bir namalardan gelip dur bu ses:
«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».
Ar-namysyn öňe goýan bar zatdan,
Şol ärleň nesli biz, ýadyňda sakla!
Asyrlar bu Ýeňşi çykarmaz ýatdan,
«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».
Ojaklaryn saklap, ýaşan eneleň,
Sarpasy tutulýar ene toprakda...
Yzda galyp, gerçeklere deňelen,
«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».
Türkmen ogullary gorar Watany,
Kasam edýäs, ör turup şu pursatda...
«Wepat» diýip alsak-da biz patany,
«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».
Watançylyk urşuň ýarasy bitmez,
Gül dessesin «Baky oda» goýsakda...
Ady kalbymyzdan ebedi ýitmez,
«Gahrymanlar baky ýaşar gursakda».
Çarymyrat Saryýew.