guli_
19.06.2021 17:46
Bagt hakda, gyzlar hakda, yigitler hakda…


Gözel gyzlar, Juwan gyzlar, Aý gyzlar,
Gözellikden alypsyňyz paý gyzlar,
Size bir goşgyjyk aydyp bermekçi,
Belki bolar yüregnize jaý gyzlar.

Bir yigit söýüpdir bir gözel gyzy,
Gül yüzli, hoş sözli, bir serwi näzi,
Bir gun gabat gelip şol gözel gyza,
Yigit gül gowşuryp çöküpdir dyza…

Diyipdir: “men seni yurekden soyyan, Yşgynda ot bolup örtenip köýýän,
Sen hem mundan artyk gynama meni, Ynan gyz, yurekden soyyarin seni!”

Ana şonda, ol gyz yigide garap, Ulumsylyk bilen kellesin yrap,
Diyipdir: “men seni soyup bilmerin,
Asla seni soyyan diyip bilmerin…

Menin yaly gyzy aljak yigidin,
Menin yan yoldaşym boljak yigidin; Gyzyldan goýulan dişi bolmaly, Düşewüntli kärde işi bolmaly.

Pul ýagdyryp duran eli bolmaly,
Nace sowjak diyse puly bolmaly,
Garajda ZIL mashyn hynglap durmaly, Mercedes gapyda henglap durmaly,

Calaja goýulan murty bolmaly,
Yigitlerin sur boý sorty bolmaly..
Indi şuny dinle hormatly yigit,
Menin sana diyjek sozlerim nagt,

Sende ol zatlardan yok asla Derek,
Şonun ücin seni kuysanok yurek”…
Yigit dinlapdir-de gyzyn sozlerin,
Onun gozlerine dikip gozlerin,

Yurekden syzdyryp diyipdir şeyle:
“seni samsykmykan oytmandim beyle… Hic wagt baylykdan gozleme bagty, Duşunersin muna gelende wagty…”


“Hic wagt baylykdan gozleme bagty,
Dushunersin muna gelende wagty…”
Şol wakadan sonra gecipdir aylar,
Toylanypdyr ence şatlykly toylar,


Bir gunem uly toy toylananmyşyn,
Yigit başga gyza oylenenmişin..
Biri-birlerini soyupdir olar,
Bagt soygudedir diyipdir olar.


Olar päk zahmetden gozlapdir bagty,
Şatlykly gecipdir olaryn wagty..
Bagtly bolmak hakda kop piker oylap,
Yigitleň icinden secip hem saylap,

Gyz hem bir yigide durmuşa çykan,
Şol yigidin waspy sheylerak eken.
“Gyzyldan goyulan dishi bar eken,
Düşewüntli karde ishi bar eken.


Pul yagdyryp duran eli bar eken,
Nace sowjak diyse puly bar eken..”
Emma adamcylyk yok eken onda,
“Akmammetden”doyup gelip her gunde


Gelip aýalyny urar ekeni,
Azar yamanyny berer ekeni..
Aglapdyr ayaly gozlerin yaşlap,
Indem ahmyr edya, hyrçyny dişlap.


Oz eden işine edipdir puşman,
Emma sonky puşman ozune duşman,
Yigit bolsa gyzyp, baylyga-pula,
Bir gunem duydansyz düşüpdir ele.


Kanun onun bar aýbyny acypdyr,
Yigit gozenekden aňry gecipdir..
Ayaly yzynda aglap galypdyr,
Hemem şol sozleri yada salypdyr.


Hic wagt baylykdan gozleme bagty,
Duşunersin muna gelende wagty…”
Gozel gyzlar,Juwan gyzlar,Ay gyzlar,
Sozleriniz şirin-şeker balgyzlar,


Gözellikde aýa-gune taý gyzlar,
Gara gözi garamyk deý şol gyzlar,
Eger bagt barada piker etseniz,
Bagt diyip baylyga düşünmäň sizler,


Bagt baýlykda dal, bagt söýgüde,
Elmydam söýgini Hormatlaň gyzlar!!!
12
184
guli_
18.06.2021 19:52
Göwün bir näzik zat,degmäli ilki,
Ynjasa,öwüsýän ýellere meňzeş.
Şo:l göwni ýykansoň,sorasaň ötünç,
Mazara goýulan güllere meňzeş.

Öwezgeldi Taganow
7
127
guli_
guli_
18.06.2021 19:15
Ösümlikler hakynda gyzykly maglumatlar. Bambuk agajy her gije-gündizde ençeme santimetr ösýär. Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, ondan süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4
guli_
guli_
18.06.2021 14:02
Ýerde altyn nädip peýda bolduka? Ýapon astronomlary ilkibaşda Ýerde altynyň peýda bolmandygyna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, onuň gelip çykyşy Ýerde döremändir-de, weýrançylygyň netijesinde peýda
guli_
guli_
17.06.2021 17:32
Täsinlikler Piramidalar barada nämeleri bilýärsiňiz? Piramidalaryň her bir kerpiji 20 tonna agyrlykda bolup, kesilen daşlardan gurlandyr. Bu daşlary piramidanyň ýerleşýän ýerine getirmek üçin bolsa,
guli_
guli_
17.06.2021 13:36
Saglyk hakda biläýmeli maglumatlar Ýaponiýanyň Okinawa adasynda 100 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň sany 450 adamdan geçýär. Bu ada iň sagdyn ýer hasaplanýar. Kompýuterde işlemek ýa-da telewizora tomaşa
guli_
16.06.2021 10:41
Şol bir gapydan ikinji gezek girmeziňden öň pikirlen,birinji gezek näme üçin ondan çykanyňy!
11
98
guli_
14.06.2021 14:17
Seni asla gujaklap ýa öpmedim
Köýnegimiň iligi çümmesin diýip
Bir gün duşaýsagam ýolda ýodada
Dili gysga bolup dymmasyn diýip

Kerim Hally
13
244
guli_
13.06.2021 13:12
Öwgi, şöhrat hem biz

„Ýene-de öwgümi? Öwgüden ýadadyk“ diýme, dost. Hiç kimi öwmek maksadym ýok, diňe öwgi hakynda oýlanasym, onuň manysyna düşünesim geldi-de...

Hawa, menem owal «Öwgüdir-dä onuň nämesine düşünjek?» diýip pikir edýärdim. Ýöne soňky wagtlar öwgi, şöhrat, şöhratparazlyk meni köp pikire batyrýar, eýgilige bolsun-da hernä. Biziň hemmämiz (bolmanda meniň tanaýanlarym) öwgüni halamyzok, şöhratparazlygy ýigrenýäris. Dostum, şeýle gerek? Emma... bizde bir gylyk bar: - biriniň ýazan zadyny okamazdan öňürrti ony ýazanyň kimdigine seredýäris. Şeýdäýmeseň boljagam däl, dünýe-de ýazyjy-şahyr kän, kitab-a ondanam köp. Öňüňden çykany okap bolanok. Ýitiren wagtyňam jähennem, kä wagt şeýle bir «eserleri» okaýaň welin, dost, ýazyjy, şahyr diýlen millete garaýşyň üýtgäberýä. Gowy eser okanyňda-da ýazan adama hormatyň bilen birlikde, umuman ýazyjylygyň, şahyrlygyň mertebesi göz öňüňde ýokary galýandyr-a. Ana, şoň ters ýüzi bolup geçýär. Onsoň isleseň-islemeseň ýazanyň kimdigine seretmeli bolýar. Tanalýan biriniň ýazan zady bolsa derrew, işdämen okap başlaýaň. Ýazyjy meşhur bolsa, eserine düşünse-düşünmese öwýänlere-de duşulýar. Bolmanda «halamadym» diýmän, «düşünmedim» diýýäň. Mysal üçin, biz „Pablo Pikasso ýa-da Salwador Dali ýaramaz suratkeş“ diýip bilmeris. Ýogsa, dost, olaryň eserleriniň näçerägine düşünýärkäk? Bularyň hemmesini etdirýänem ilki öwgi, öwginiň yzy bilenem gelýän şöhrat dälmi? Ýöne Pikasso şöhratyň hasabyna meşhur däl, elbetde. Diňe onuň şöhraty özüne düşünmeýänlerem baş egdirýär. Onda öwgi, şöhrat gowy zatmy? Göwnüme, kimdir biri: „Erbet zat bolsa oňa ýetjek bolup derde-azara galynyp, hatda kä kişi bihaýalykdanam çekinmän ýörmezdi“ diýýär. Bu elmydama meni akylly-başly oýlanyp, meseläň düýp maňzyna ýetmäge goýmaýan gaharym. Gel, gyzmalygy bir gyra goýaly, dost.

Bir döwürler, heniz ýigrimi bäşem ýaşamadyk ýyllarymyz, biz ýaňy hekaýa, goşgy ýazmaga başlan dost oglanlar bolup, her hepde oturyşyp, biri-birimiziň ýazan zatlarymyzy okaşardyk. Näme gözüň köküni gyryp, beýniň ýülügini döküp, uzak gijäňi ukusyz geçirip ýazan zadyňy başga biri kötekläp dursa ýaraýarmy? Öwüleniňi isleýäň, emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ... içinden monjuk gözleýädik. Başga birini gowja ýepbekläp öz sowatlylygymyzy, ýiti zehinimizi, talantymyzy görkezmäge çalyşýardyk. Kimdigi anyk ýadyma düşenok, özüm tapanam bolsam, garaz, „Tankytdan peýda ýok, ol ruhybelenligiňi öçürýär, höwesiňi gaçyrýar, geliň biri-birimizi diňe öweliň“ diýen karara geldik. Biz şo wagtlar bäş-alty dagy-ha bardyk, bu pikir hemmämize-de kem ýaramady. Sebäbi biziň joşup-joşup ýazasymyz gelýärdi. Öwgüden beter joşdurýan zat barmy?! Bir salym «öwh-ä öwe» başladyk. Öwere zadam tapýardyk, ýöne bir gezek, (ýene-de mendim öýdýän) bir hekaýa ýazdym. Aramyzda gödekden, gönüsini aýdýan birimizem bardy, o neresse ýaş ýogaldy, hekaýaň golýazmasyny öňe oklap goýberdi-de «Biderek, aýal gybaty ýaly» diýip goýberdi. Aramyzda bir dym-dyrslyk boldy. Birdenem barymyz pakyrda berdik. Şeýdibem «öwmeşek» gutardy. Gutarmalydam. Ýalanyňam ömri uzyndyr welin, çynyň ömrem ondan uzyn bolmasa gysga däldir. Olar ekizler ýaly biri-birine meňzeş bolmasalaram, mydama bile gezýäler. Emel edip olary aýrylyşdyrjak bolsaňam ýaňky biziň bolşumyz ýaly gülkünç ýagdaýa düşýäň. Birazajyk pikirim şaha ýarjak boldy, bagyşla, dost, esasy meselä – öwgi bilen şöhrata dolanyp geleli.

Ýadyma düşýär, bäş ýaşlarymdadym. Ejem, gelnejem, doganlarym dagymyz köplük bolup bir tabakdan palaw iýip otyrdyk. Şonda ejem goňşularymyzyň meň bilen deň-duş oglunyň adyny tutup: «Pylany palawy penjesini dolduryp iýýär. Meň oglum barmagynyň ujy bilen iýýär» diýdi-de maňa söýünç bilen seredip ýylgyrdy. Hiç ýadymdan çykanok, ýogsa ondan bäri elli ýyl geçeňkirläpdir, emma ejemiň meni öwmesi beýle-de dursun, şol pursat nahar iýen tabagymyzyň reňkine çenli ýadyma düşýär, Hytaýyň gülli mejmesidi. Öwgi şeýle zat. Onuň tagamyna, lezzetine taý geljek zat bir barmyka? Şondan soň, mydama, başarsam özümi keseden synlamaga çalyşdym. Egin-eşigim, nahar iýişim, dilime alýan sözlerim, garaz ähli hereketimi elekden geçirjek boldum.

Bir ýerden okapdym ýerine salyp, laýyklap öwüp bilseň, öwlen adamyň beýnisi iň azyndan üç sekuntlap doňýarmyş. Öwgiň ýylanyň jadysy ýaly zatdygynam, şöhratparazlygyň adamy gözli kör edýäninem köp görensiň, dostuum. Nähili beýle bolýar? Onda bu meseläň çözgüdi ýokmy? Meni oba alyp barýan ulagyň magnitofonyndan eşdilýän aýdym hasam pikirimi jemlemäge päsgel berýär:

«Toý, toý, toý,

Sen gamlanma, goý,

Gülüp-oýnalyň

Oý, oý, oý.»

Aýdymyň bu sözleri beýnimi iýip barýar. Şol aýdymyňy öçüräýem diýip bolanok, ulagyň içinde menden başga-da 10-12 adam bar. Belki, olaryň hiç birem bu ýüwel heňi höwes bilen diňleýän däldir, şonda-da maňa galyply sokjaran bolmak. Ýarpy ýolda-da düşüp galýan.

Dost, nähili pikir edýäň, belki öwgini, şöhraty özüň ýörite gözlemeseň bolýandyram. Iliň özi seni öwse, mysal üçin Mylly Täçmyrat, Alty Garly ýaly bolsaň, öwülseň zyýanam ýokdur, belki? Senden soranam bolýan welin, birhili böwrümi diňleýän. Sebäbi özüň suw meýilli bolsaň, oňaryp öwjek ýaranjaň, tamakin tapylar. Senem oňa ynansaň...

Alla janlarym, men-ä kelebimiň ujuny ýitirdim. Dostum, senden syrymy gizlemäýin, eger öwgüni, şöhraty hakykatdanam halamaýan, ýigrenýän bolsam munça gep otaryp oturmazdym. „Bu häsiýet diňe sende däl, köp kişide, gaty köp kişide bar“ diýip, öz-özümi köşeşdirjegem bolýan, käwagt köşeşýänem, ýöne ýene goltugymda ýylan göterip ýören ýaly howsala düşýän. Görşüň ýaly, çykalga-da tapamok. Aglaýyn, güleýin, ýigreneýin, söýeýin – göwnüm rahatlananok.

Ulagdan düşdüm, aýdymam gitdi, toýam. Indi pyýadalap bäş-on minut ýöresem öýe ýetýän, öýe ýetsem, inşalla ünsüm sowlar, belki suw grandymyz döwlendir ýa-da et gutarandyr...

Öýe golaýladymam welin, azan sesi eşdildi. Ikindi namazyna ýetişdim. Dostum, indi yzyny uzaltmaýyn, ýöne Kur'anyň birinji suresinde, bismilladan soň ilkinji setir „Elhamdülillähi Rebbil älemin“ ýagny älemleriň Rebbine hamd bolsun. Arapçada „hamd“ sözi öwgi, şükür, şöhrat ýaly manylary berýär. Men „Hawa, dogry, diňe Allah öwgä mynasyp, ýöne senem Allahyň öwgüsine mynasyp bolaýsaň...“ diýip pikir edenimi duýman galdym. Şobada-da „öwgi“, „şöhrat“ diýilen zatlar başga mana, has gymmatly zada öwrüldi. Men beýle ýönekeý çözgüde garaşmaýardym, emma dostum, bu beýle ýönekeýem däl ýaly-la. Allahyň öwgüsini gazanjak bolup ýaşamak islegiň bolýa, ýöne hany adamlaň öwgüsini inkär edip ýaşajak, işlejek bolup gör, dost. Ýeňil-ä düşmez, üstünlik arzuw edýän, özüme-de, saňa-da, dostum, eziz okyjym.

Hydyr Amangeldi
6
83
guli_
13.06.2021 02:31
Sen gerekmi?

“Her kim özüçe akylyndan azaşýar” diýýändirler, meňkem şoň ýaly boldy. Altmyş alty ýaşa ýetip barýarkam, dil öwrenmäge başladym. Iňlis dili kyn dilem däl diýdiler. Hakykatdanam, başda kynam görünmedi. Ýöne gitdigiçe kynlaşýar, sözleri ýadymda saklap bilemok, çalt ýadaýan, garaz, höwesim gaçyp başlady. Esasy agram salýanam “Altmyşdan soň dutar öwrenip, görüňde çaljakmy?” diýen sowal. Üstesine oglumam: “Gerek bolsa öwrenersiň” diýdi. Agtyjaklar saýraşyp dur, men welin, hyklap otyryn, sakawlabam bilemok. Olar mekdebe gidýär. Isleseler islemeseler iňlisçe biläýmeli. Mekdepde sapaklar iňlisçe, ýoldaşlaram türkmençe bilenok. Onsoň iňlisçe olara gerek, zerur. Maňa welin beýle zerurlyk ýok.

Aslynda, diňe iňlis dilimi? Dünýede ähli zat şol düzgüne görä düzülen dälmi näme? Biz diňe özümize gerek hasaplan zadymyzy öwrenýäris, gerek hasaplan zadymyza berk ýapyşýarys. Bir mysal: Çaga ejesini gowy görýär. Hemmämizem ejemizi gowy gňrýäris. Oňa içimizden, daşymyzdan gowy sözleri aýdýas, aýdasymyz gelýär. Sebäbi eje bize gerek. Ýuwaş-ýuwaş ulalýaň, süýtden aýrylýaň, ejeň gujagynda däl, ýeke ýatyp başlaýaň. Bu saňa ýokuş degýär. Ejeňem beter dözüňden itýär. Öwrenmeli, gürlemeli, çagalar bagyna, mekdebe gitmeli… Senem ýuwaş-ýuwaş ejeňden daşlaşyp başlaýaň. Soň öýlenýäň, özüň kaka bolýaň. Indi ejeňden hasam daşlaşýaň. Gurbannazaryň aýdyşy ýalyrak aýtsak, gelniň ýuwýar köýnegiňi, ejeň dolagyňy ýuwsa armany ýok. Indi sen ejeňe gerek. Seň welin, “göwnüň düzlerde.” Işlemeli, iş bitirmeli, iliňe-halkyňa peýdaly boljak bolýaň. Ejeňe-de “Täk seň üçin dogulmanma düşün ahyry” diýýäň. Sen ejeň garrap barýanynam kän duýaňok. Birdenem ol dünýeden ötýär. Sen içiňi tutýaň. Ejeň bagtyň ekendigine düşünýäň. “Emma seň gözleriň şol bagta zardyr. Eneň soňky demde günäňi öter, emma oň ötdügi saňa jezadyr.” Ýöne gürrüňi jeza hakynda däl, dünýäň gurluşy hakynda edesim gelýär. Hakykatdan ejäň gerekdigi, kakaň gerekdigi olar dünýeden ötenden soň has ýiti bildirýär. Şonuň üçinem olaryň ýokdugynyň, barka gadyryny az bildegimiziň yzasyny çekýäs. Sen gerekmi? Saňa garaýyşam başga. Gerek dälmi? Ýene şoňa görä. Edil iňlis dili ýaly. Dünýäň täsin hem owadan gurluşy bar. Olar gereklik sütünine daýanýar. Sen muňa öýkeläbem oturma. Şahyryň aýdyşy ýaly “Ondan-a kelläň bilen diwary süs, ýa şah çyksyn ýa-da çiş.” Ýene-de aýdylypdyr “Gerekli daşyň agramy ýok.” Gereksiz kime gerek?! Sen eje bol, isle kaka, ogul bol hala-da gyz. Ýöne öz gerekliligiňi duýmak – bu başga. Mydama gerekli bolup ýaşajak bolmak bu-da başga. Gereklidigiňi däldigiňi kesgitlemegem adamyň özüne berilmändir. Ony käte il-günem kesgitläp bilmeýär. Ony diňe Allaň özi kesgitleýär. Şonuň üçin Ýaradanyň ýaradanlarynyň içinde artykmajy bolmaýar. Senem artykmaç dälsiň, gereklisiň. Eger gerekli däldirin öýdäýseňem, Onuň işine goşuldygyň bolar. Bize düşýän paý gereklilik derejämizi mydama galdyrjak bolmaga çalyşmak. Şahyrlardan köp setir getirdim, ýene birini gaty köp gaýtalaýan, Gurbannazar “Gidemden soň gidendigim duýulsyn” diýipdir. Bu maňa dileg ýaly eşdilýär. Şol dilege goşulasym, gerekli bolup ýaşasym gelýär.


Hydyr Amangeldi
7
110