Saglyk hakda biläýmeli maglumatlar
Ýaponiýanyň Okinawa adasynda 100 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň sany 450 adamdan geçýär. Bu ada iň sagdyn ýer hasaplanýar.
Kompýuterde işlemek ýa-da telewizora tomaşa etmek üçin köp wagt sarp edýän adamlar, köplenç, ýadawlyk sindromyndan ejir çekýärler.
Şokolad çalt pikirlenmekde, şeýle-de matematiki endiklerimizi ösdürmekde diýseň peýdalydyr.
Ýalňyzlyk immuniteti gowşadýar. Dostlaryňyz we beýleki ýakyn adamlar durmuşyňyzda diňe barlygy bilen immunitetiňizi 60 göterim ýokarlandyryp bilerler.
Çerkez ösümligi düwnük öýjükleriniň öz-özüni ýok etmegine sebäp bolup biler.
Down sindromly 15 ýaşly oglan iňlis, ispan, fransuz we latyn dillerinde suwara gürleýär. Şeýle-de, Irlandiýada geçirilen 10-njy Bütindünýä Down sindromy maslahatynda skripka çaldy we Down sindromly adamlar üçin 6 sany ýaş rekordyny goýdy.
Stress, başgaça, «sessiz ganhor» diýlip atlandyrylýar. Ol ýürek kesellerine, ýokary gan basyşyna, döş agyrylaryna sebäp bolýar