guli_
17.06.2021 17:32
Täsinlikler
Piramidalar barada nämeleri bilýärsiňiz?

Piramidalaryň her bir kerpiji 20 tonna agyrlykda bolup, kesilen daşlardan gurlandyr. Bu daşlary piramidanyň ýerleşýän ýerine getirmek üçin bolsa, takmynan, 100 — 150 kilometr ýol geçmeli bolupdyr.

Daşlaryň nähili getirilendigi we örülendigi barada hiç hili maglumat ýok. Piramida haýsy faraonyň adyna gurlan bolsa, şonuň mazary ýerleşen otagyna ýylda diňe 2 gezek Gün şöhlesi düşýär. Ol hem şol faraonyň doglan gününe we tagta çykan gününe gabat gelýär. Piramidanyň içinde ultraşöhlelendiriji, radar, kompas we radio tolkunyny beriji enjamlar işlemeýär. Onuň içinde goýlan hapa suw, birnäçe günüň dowamynda arassa, içilýän suwa öwrülýär. Bu ýerde goýlan süýt 2 günläp täzeligini saklaýar we ondan soň hiç hili bozulman, gatyga öwrülýär. Ösümlikler piramidanyň içinde adatdakysyndan has çalt ösýär. Piramidanyň içinde göni üçburçluk nokadynyň ýere çatyşýan ýerinde güýji gutaran batareýa goýlanda, ol gysga wagtyň içinde güýç alyp bilýär. Onuň içine oklanan nahar galyndylary ýa-da miweler çüýremeýär. Piramidanyň içi gyşyna mylaýym, tomsuna bolsa salkyn bolýar.

Süýnýän ýyldyzlar nämekä?

Hemmeleriň süýnýän (ýa-da ot açýan) ýyldyzlar diýip ynanýan jisimleri aslynda, ýyldyzlar bolman, olar Asman giňişliginde «syýahat edýän» gaty jisimler bolan meteoritlerdir.

Birnäçe tonna agramy bolan, gijede görüp bolýan meteoritler örän uly jisimlerdir. Has uly däl-de, kiçiräk meteoritler Ýeriň atmosferasyna girenlerinde ýanýarlar. Ol jisimler Ýere zeper ýetirmedik halatynda meteoritler diýlip atlandyrylýar. Meteoritler köplenç balarylar ýaly topar-topar bolup, «syýahat edýärler». Toparlaýyn hereket edýän jisimler Ýeriň howa giňişligine ýokary tizlik bilen girip ýanýarlar we soňra tebigatyň diýseň täsin feýerwerkleri, ýagny, meteorit görkezijisi bolup ýere gaçýarlar.

Näme üçin uçarlar günbatara ugranlarynda, haýal gidýärler?

Uçar günbatardan gündogara ugranynda, mysal üçin, Nýu-Ýorkdan Londona bäş sagatlap uçýan bolsa, gündogardan günbatara, Londondan Nýu-Ýorka ýedi sagatlap uçýar.

Munuň sebäbi, atmosferanyň ýagdaýy bilen düşündirilýär. Howanyň çalt akymy deňiz derejesinden örän ýokarda bolup, ol hemişe Atlantik ummanynyň üstünden günbatardan gündogara öwüsýär. Uçarlaryň howada şol bir tizligi saklap, seresaplylyk bilen erk edilmegi netijesinde-de, şol akymyň täsiri bilen günbatardan gündogara çalt gidýär.
7
210
guli_
18 Iýun 2021
IDEALLIDER,Beh😐
ideallider
18 Iýun 2021
Belli peredaça bolan "Myth Busters=Разрушители мифов" peredaçada simden kijijek tirsek boýy piramidanyň sütünlerini ýasaýarlar we şol piramidajygyň içinde ýarty alma bölegini beýleki bölegini bolsa piramidanyň daşynda goýýarlar. Netijede simiň içindäki alma bölegi haýal, 20sm daş daş ýüzündäki alma bölegi bolsa bahym guraýar. Tele-alypbarjylyar we alymlar bu ýagdaýyň sebäbini düşündirip bilmediler 😳
S_guvanjova
17 Iýun 2021
👏👏👏👌👌👌 ellerine saglyk gulim🥰
ideallider
17 Iýun 2021
Uçarlaryň ol herekedi barada şuwagda çenli bilemokdym🙂👍
Myhman Myhman
17 Iýun 2021
👍 mlds
ylham_1989
17 Iýun 2021
👍👍👍👍
Ovezova_
17 Iýun 2021
👏👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.