Sen gerekmi?
“Her kim özüçe akylyndan azaşýar” diýýändirler, meňkem şoň ýaly boldy. Altmyş alty ýaşa ýetip barýarkam, dil öwrenmäge başladym. Iňlis dili kyn dilem däl diýdiler. Hakykatdanam, başda kynam görünmedi. Ýöne gitdigiçe kynlaşýar, sözleri ýadymda saklap bilemok, çalt ýadaýan, garaz, höwesim gaçyp başlady. Esasy agram salýanam “Altmyşdan soň dutar öwrenip, görüňde çaljakmy?” diýen sowal. Üstesine oglumam: “Gerek bolsa öwrenersiň” diýdi. Agtyjaklar saýraşyp dur, men welin, hyklap otyryn, sakawlabam bilemok. Olar mekdebe gidýär. Isleseler islemeseler iňlisçe biläýmeli. Mekdepde sapaklar iňlisçe, ýoldaşlaram türkmençe bilenok. Onsoň iňlisçe olara gerek, zerur. Maňa welin beýle zerurlyk ýok.
Aslynda, diňe iňlis dilimi? Dünýede ähli zat şol düzgüne görä düzülen dälmi näme? Biz diňe özümize gerek hasaplan zadymyzy öwrenýäris, gerek hasaplan zadymyza berk ýapyşýarys. Bir mysal: Çaga ejesini gowy görýär. Hemmämizem ejemizi gowy gňrýäris. Oňa içimizden, daşymyzdan gowy sözleri aýdýas, aýdasymyz gelýär. Sebäbi eje bize gerek. Ýuwaş-ýuwaş ulalýaň, süýtden aýrylýaň, ejeň gujagynda däl, ýeke ýatyp başlaýaň. Bu saňa ýokuş degýär. Ejeňem beter dözüňden itýär. Öwrenmeli, gürlemeli, çagalar bagyna, mekdebe gitmeli… Senem ýuwaş-ýuwaş ejeňden daşlaşyp başlaýaň. Soň öýlenýäň, özüň kaka bolýaň. Indi ejeňden hasam daşlaşýaň. Gurbannazaryň aýdyşy ýalyrak aýtsak, gelniň ýuwýar köýnegiňi, ejeň dolagyňy ýuwsa armany ýok. Indi sen ejeňe gerek. Seň welin, “göwnüň düzlerde.” Işlemeli, iş bitirmeli, iliňe-halkyňa peýdaly boljak bolýaň. Ejeňe-de “Täk seň üçin dogulmanma düşün ahyry” diýýäň. Sen ejeň garrap barýanynam kän duýaňok. Birdenem ol dünýeden ötýär. Sen içiňi tutýaň. Ejeň bagtyň ekendigine düşünýäň. “Emma seň gözleriň şol bagta zardyr. Eneň soňky demde günäňi öter, emma oň ötdügi saňa jezadyr.” Ýöne gürrüňi jeza hakynda däl, dünýäň gurluşy hakynda edesim gelýär. Hakykatdan ejäň gerekdigi, kakaň gerekdigi olar dünýeden ötenden soň has ýiti bildirýär. Şonuň üçinem olaryň ýokdugynyň, barka gadyryny az bildegimiziň yzasyny çekýäs. Sen gerekmi? Saňa garaýyşam başga. Gerek dälmi? Ýene şoňa görä. Edil iňlis dili ýaly. Dünýäň täsin hem owadan gurluşy bar. Olar gereklik sütünine daýanýar. Sen muňa öýkeläbem oturma. Şahyryň aýdyşy ýaly “Ondan-a kelläň bilen diwary süs, ýa şah çyksyn ýa-da çiş.” Ýene-de aýdylypdyr “Gerekli daşyň agramy ýok.” Gereksiz kime gerek?! Sen eje bol, isle kaka, ogul bol hala-da gyz. Ýöne öz gerekliligiňi duýmak – bu başga. Mydama gerekli bolup ýaşajak bolmak bu-da başga. Gereklidigiňi däldigiňi kesgitlemegem adamyň özüne berilmändir. Ony käte il-günem kesgitläp bilmeýär. Ony diňe Allaň özi kesgitleýär. Şonuň üçin Ýaradanyň ýaradanlarynyň içinde artykmajy bolmaýar. Senem artykmaç dälsiň, gereklisiň. Eger gerekli däldirin öýdäýseňem, Onuň işine goşuldygyň bolar. Bize düşýän paý gereklilik derejämizi mydama galdyrjak bolmaga çalyşmak. Şahyrlardan köp setir getirdim, ýene birini gaty köp gaýtalaýan, Gurbannazar “Gidemden soň gidendigim duýulsyn” diýipdir. Bu maňa dileg ýaly eşdilýär. Şol dilege goşulasym, gerekli bolup ýaşasym gelýär.
Hydyr Amangeldi