guli_
18.06.2021 14:02
Ýerde altyn nädip peýda bolduka?

Ýapon astronomlary ilkibaşda Ýerde altynyň peýda bolmandygyna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, onuň gelip çykyşy Ýerde döremändir-de, weýrançylygyň netijesinde peýda bolupdyr. Alymlar şeýle hasaplaýarlar: emele geleninden soň köp wagt geçmänkä, Ýer başga bir saýýara bilen çaknyşypdyr. Olam ýere altyn «getiripdir». Bu barada mail.ru ýazýar.

Ýapon alymlary mundan 4,4 milliard ýyl ozal Ýeriň başga saýýara bilen çaknyşandygyny ýüze çykarypdyrlar. Şol wagt ýeriň gatlagy hem-de ummanlar bolmandyr. Onuň ýüzi ýanardaglaryň agzyna meňzeýän eken. Astrofizikleriň pikirine görä, häzir ýeriň ýaşy 4,54 milliard ýyla barabar bolmaly.

Saýýara örän ullakan bolupdyr, onuň diametri 3 müň kilometre ýetendir diýlip çaklanylýar. Bu adaty meteroitlerden has uludyr. Deňeşdirmek üçin: Ýeriň diametri 13 müň kilometre, Aýyňky — 3,5 müň kilometre barabar.
11
173
ideallider
18 Iýun 2021
Turkmenogly, howwa. Gyzyklanyp göremok. Ýöne Gurhanda hemmezat dürs we dogry ýazylan diýip aýdýarlar. Okap görmedim. O derejä entek ýeterin öýdemok. Ýöne gudratly kitapdaky ähli zadyň dogrylygyna ynanýan.
ideallider
18 Iýun 2021
Tas hemmezat ÇAKLAMAK. Anyk, dogry dürs zat ýok diýenýaly😏👍
AdyýokPlanyýew
18 Iýun 2021
Turkmenogly,dogry yerin yuzuni 10 sm yapyp biljek derejede altyn bar yerin merkezinde
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.