guli_
guli_
05.01.2022 21:48
Bulary bilýärsiňizmi? Balarylary üçin bal ýygnamak örän agyr zähmeti talap edýär. Bir ary 100 gram arassa baly ýygnamak üçin 1 million güle gonmaly bolýar. Arylar baly nesilleriniň aladasy üçin
guli_
05.01.2022 20:42
Öýkelek gyz.


Bir gyz söýdüm,
Aga gara, egrä dogry diýse-de,
Mahal-mahal unutsa-da wadasyn,
Gijä çenli garaşdyryp goýsa-da.

Bir gyz söýdüm,
Sözler bilen ýüregime düşse-de,
Geýinende gabanjymdam ölsem-de,
Men nädeýin,
Saýlap-saýlap söýenim öýkelek bolsa?!

Bir gyz söýdüm,
Ähli şertleri bilen,
Iňňirdisi, kemi, artygy bilen
Şertlerem iliňkä meňzänok onuň,
Bitirmäge güýjüm ýetenok meniň.

Nämemiş,
Günde bäş wagtyna habar tutmaly,
Okuwdan soň ugratmaly öýüne,
Ýadan bolsa taksi bilen eltmeli,
Seretmeli diňe onuň ýüzüne.
Her baýramda sowgat alyp bermeli,
Doglan gününe sowgatlaryň gymmadyn,
Gowşurmaly, ýogsam günüň görmeli,
Ýogsam bir aý ony görmän oňmaly.
Bazara gitse-de bile gitmeli,
Ýetirmeli söwdasynyň öwgüsin.
Satyjy göwnüne degäýse eger,
Hökman beräýmeli satyjyň mergisin.
Ýerine bermeli onuň bergisin,
Toýa gitse hökman alyp gaýtmaly,
Ýolda-da bermeli söýgi posasyn,
Ýadyňdan çykaýsa, Alla saklasyn!
Dostlaryny dost tutmaly özüme,
Duşmanlary duşman bolmaly maňa.
Eger ynanmasa aýdan sözüme,
Ant içmeli gara sürtüp ýüzüme.
Onuň bolsa aýdan her bir sözüni,
Doga edip dakynmaly boýnuma,
Säwlik bilen ýalňyşaýsaň birdenkä,
Derrew düzetmeli özi aňmanka.
Adamçylyk,Ýolda ýöräp barýakaň,
Gözüň düşse başgasyna birdenkä,
Öwrülmeli, ýanyňdaky duýmanka.
Garaz, şertleriniň ondan biri şujagaz,
Garaz, meň söýenim şular ýaly gyz.
Sözler bilen ýüregime düşse-de,
Saçlarym dökse-de, bilim bükse-de,
Sögse-de,Söýse-de,Janym ýaksa-da,
Iller gep etse-de, gybat etse-de,
Alla şaýat, men nädeýin,
Saýlap-saýlap söýenim öýkelek bolsa?!
18
309
guli_
guli_
24.12.2021 20:44
Täsin Täze ýyl däpleri Islandiýalylar dünýäniň iň köp kitap okaýan halklarynyň biri hasaplanýar. Olaryň bu endigi Täze ýyl baýramçylygynda hem dowam etdirilýär. Islandiýalylar Täze ýylyň öň ýanynda
guli_
guli_
23.12.2021 19:14
Täze ýyl hakynda täsin faktlar. 1. Täze ýyl arçasyny bezemek däbiniň ilkinji resmi subutnamasy XVII asyryň başlaryna degişlidir. Taryhçylaryň pikiriçe, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bezelen
guli_
10.12.2021 20:54
Dürli pikirler (Könelerden)
1. Bir danadan sorapdyrlar. " Näme üçin köp heleýli erkek gowy? A näme üçin köp erkekli heleý erbet görülýär? " Dana şeýle jogap beripdir: " —Hemme gulplary açýan açar gowydyr hemmä gerekdir. Emma hemme açarda açylýan gulp erbetdir,oñ ýaly gulp hiçkime gerek däl "-- diýipdir.
''‘'"""""""'"'“""""""
2. Lukman hekimden sorapdyrlar:
- Edebi kimden owrendiň
- Edepsizlerden
""""""""""'''"""""""""'''
3. Eflatun şägirtleriniň arasynda oturan
Sokrata yüzlenyär.
- Düyn Köpçülikde bir dostun gownüne degdiň, ynjydyjy sözler aytdyň. Ol sözlerimi yekelikde aytmaly dälmidiň?
Sokrat soraga sorag bilen jogap beryar.
- Muny mana duydurmak üçin yekelikde galmagymyza garaşmaly dälmidiň?
""""""""""""""""'''''''
4. Bir Alyma sorapdyrlar
- Sizden aşa az bilyändiklerine garamazdan,sizden has kop şöhrat gazananlar bar. Munyň hikmeti nämede?
- Men bilmek üçin öwrendim. Olar bolsa tanalmak ücin.
'""'''''''''''''""""""""""""
5. Ibn sinadan:
- Dunyade dermany bolmayan bir dert barmydyr? Diyip soranlarynda
- Dermansyz dert yagşynyň yamana duçar bolmagydyr diyipdir.
"""'''''""""""""'"'''''''''''''''
6. Jüneyid Bagdada "Sabyr name"? Diyip soranlarynda, su jogaby beripdir.
- Gaşyňy çytmadan gaygyňy yuwutmakdyr.
""""""'""""""""'''''"""
7. Tolstoydan sorapdyrlar.
- Siz nähili bagtly bolyarsyňyz?
- Bar bolan zatlaryma guwanyaryn, yoklaryny asla pikir etmeyärin.
""""'''"""""""""""""""'""
8. Osmanly Soltany Yowuz Soltan selim yorişe çykjak yerlerini gizlin saklayar eken. Bir gün Soltan yörişe tayyarlanmagy tabşyrypdyr. Wezirlerinden biri gelip, yorişiň haysy yurda boljakdygy bilen gyzyklananda.
Soltan:
- Sen syr saklap bilýarmiň?
- Elbetde hökümdarym, saklap bilyärin
- Menem saklap bilyarin.
"""""""'''''''"""""""""""""'
9. Jelaletdin Rumy şägirtleriniň, biri bilen yoldan baryarka, yoluň gyrasynda iki sany köpek yana-yana yatan eken. Yanyndaky şägirdi.
- Käşga Ynsanlar hem şu itlerden görelde alsadylar, biri-biri bilen şular yaly dost bolsadylar. Diyipdir
Jelaletdin Rumy şägirdine şu jogaby beripdir.
- Aralaryna bir süňk okla bakaly, şonda görersiň olaryň nähili dostduklaryny.
""""""""""""""''""""""""
10.Asyl baýlyk malyň köplügi däl, göwün baýlygydyr.
Hz.Muhammed (SAW)
16
664
guli_
guli_
26.11.2021 20:04
😂😂😂Dogry aýdypdyr
guli_
09.11.2021 19:28
Hiçkimi durmuşuňyzda saklamana synanşmaň! Goý olar siziň durmuşuňyzda galmana synanşsyn!
----------------------
Käte kyn ýagdaýlarda bize ýeke-täk düşünjek zat Aýdym bolýar.
----------------------
Üns bermeýän ähli zadyň, birgün öler
----------------------
Baýlar pul üçin işlemeýärler, Baýlar Tejribe üçin işleýär, Tejribe bolsa olara pul alyp gelýär.
----------------------
Garyplara Million gerek - Baýlara IDEA
13
204
guli_
09.11.2021 19:24
Durmuş sapagy!

Garagol çaga kakasyny gaty gaharlandyrýardy. Etme diyenini edip. Et diyenini etmän. Ýyllaryň geçmegi bilen ýetginjek ýaşa ýeten çaga ýene kakasyny gaharlandyrjak iş edipdi. Muňa sabyr käsesi dolan kakasy Orazberdi aga ogluna:
- Adam bolmarsyn sen- diýip uly ses bilen gatyrganýar. Ogly hem bu gepi gaty görüp kakasyna gaharlanyp:
- Ine görersiň nähili bolýamyşym - diýip öýüň gapysyny şakyrdadyp ýapyp öýden gidýär. Şol gidişine öýe hiç gelmeýär.
Ýyllaryň geçmegi bilen ýanky oglan uniwersiteti gutarýar. Maşgalaly bolyar. Jaýy, maşyny, işi, iş edarasy bolýar.
Bir gün Orazberdi aga öz işi bilen meşgullanyp ýörkä gapy kakylýar. Gapyny açýar, seretse iki sany geýnüwli daýow adamlar:
- Ýaşuly, siz biz bilen gitmeli - diýip iki golundan tutup maşyna salyp alyp gidýärler. Orazberdi aga nirä barýanyna düşünip ýetişmänkä ýaňky iki daýow adamlar bir edaraň otagyna eltýärler. Otagyň içi uly, hemme zat ýerbe ýer bir başlygyň otagyna meňzeýärdi. Stoluň başynda oturgyjy ters öwrüp oturan adam Orazberdi agany görüp:
- Kaka, geldiňmi - diýip gürlemegini dowam edýär.
- Seret kaka, men seň isleýşiň ýaly boldum. Başlyk boldum. Şu edaraň hemmesi maňa degişli. Indi ynjaldyňyzmy? - diýip sözüni soňlaýar. Kakasy Orazberdi aga gamgyn gözleri bilen gomparyp duran ogluna seredip:
- Wahhh, oglum. Men sana başlyk bolmarsyň diýmedimä, ADAM bolmarsyň diýdim.
- O nähili kaka? - diýip ogly geňirgenip soraýar.
- Eger adamçylygyň bolsady gowy habaryňy aýtmak üçin iki adam ugradyp meni aýagyňa çenli getirmezdiň, özüň gelip gapymy kakardyň. - diýip gamgyn ädimler bilen öýüne rowana bolýar...
21
195
guli_
guli_
05.11.2021 01:32
Bulary bilmek gyzykly Dünýäde wulkan atylmaýan ýeke-täk kontinent Awstraliýadyr. Ýyldyrym çakanda onuň gyzgynlyk derejesi 3000 gradusa ýetýär. Gawaýanyň elipbiýi 13 harpdyr. Kagyz pullar ilkinji
guli_
03.11.2021 21:47
Balyklar hakynda

1959-njy ýylda Awstraliýanyň günortasynda çeňňek bilen äpet akula tutulypdyr. Onuň agramy 1208 kilograma barabar.

***

Gök kitiň çagasy haýwanat dünýäsinde iň çalt ulalýan jandarlaryň biridir. Onuň agramy 22 aý 3 hepde geçenden soňra, 26 tonna barabar bolýar.

***

Ýylan balygynda 550 woltluk elektrik togy bardyr.

***

Günorta Amerikanyň suwlarynda ýaprak balygy ýaşaýar. Ol balyk mele reňkde bolýar. Bu balyk özüne howp abananda, ýaprak ýaly bolup suwuň ýüzüne çykýar. Onuň burnunda ýapragyň baldagyna meňzeş çykyndy bar.

***

Balyklaryň gabaklary ýokdur. Olaryň gözleri elmydama açyk bolansoň, uklamaýandyrlar diýip pikir edýäris. Ýöne olar hem beýleki janly-jandarlar ýaly beden hereketlerini gowşadyp uklaýarlar. Emma balyklaryň ukulary agyr däldir. Sähelçe suw tolkuny olary ukudan oýaryp bilýär.

***

Gurbaga balygynyň çeňňege meňzeş murtlary bardyr. Olar suwuň içinde towlanyp durýarlar we edil çeňňegiňki ýaly gaňyrçak bolup durandyr. Gurbaga balygy aw awlajak wagty çägäniň ýa-da bir oýugyň içinde gizlenýär. Onuň gaňyrçaklaryna kiçi balyklar ilýär. Gurbaga balygy-da olary derrew ýuwudýar.

***

Bedeninde kümüş reňkinde menekleri bolan pirana balygy, balyklaryň iň howplusy hasaplanýar. Bu balyk Günorta Amerikanyň Amazonka derýasynda ýaşaýar. Pirana balygynyň gylyç ýaly ýiti kesgir dişleri bar. Pirana sürüsi bir jandara duşsa, az wagtyň içinde ony parçalap, süňklerine çenli gemirip iýip bilýär.
13
144