guli_
05.01.2022 21:48
Bulary bilýärsiňizmi?

Balarylary üçin bal ýygnamak örän agyr zähmeti talap edýär. Bir ary 100 gram arassa baly ýygnamak üçin 1 million güle gonmaly bolýar.

Arylar baly nesilleriniň aladasy üçin ýygnaýarlar. Olara 1000 sany liçinkany (ýumurtgajyklar) iýmitlendirmek üçin 100 gram bal, 50 sany gül tozgasy we 30 gram suw gerek.

Işçi arylar ortaça 40 gije-gündiz ýaşaýar. Olar ýaşaýşynyň ilkinji döwrüni nesilleri üçin öý gurmak bilen geçirseler, bal ýygnamak wezipesini ömrüniň ahyrynda ýerine ýetirýärler.

Arylaryň gözi gowy görmeýär, olar diňe 1,5 metr aralykdaky zatlary saýgarmaga ukyply. Ýöne olaryň ys alşy güýçli ösen bolup, köplenç, gowy ysyň gelýän tarapyna uçýarlar.

Çyrlagyň gulagy aýagynda bolýar. Olaryň kömegi bilen otagdaky ýylylygy ölçäp bolýar. Bu, hakykatdanam, şeýle. Eger-de otaga çyrlak giren bolsa, onuň minutda näçe gezek ses çykarandygyny sanamaly. Ol sany ikä bölmeli we emele gelen sana 9-y goşmaly. Soňra ol sany ýene-de 2-ä bölmeli. Çykan san otagyň ýylylygyny görkezýär.
14
274
Myhman Myhman
21 Mart 2022
Salam hemma
Myhman Myhman
18 Fewral 2022
Ideallider onda gurruniz gyzykly gurlesibermella
ideallider
6 Yanwar 2022
Banucıcek, rowaýat bolsa ugrunda bardyr👍
ideallider
6 Yanwar 2022
Banucıcek, howwa şu nikde. Saýtlary sanapbererdimweli şonsuzam banlanman zordan durun. Aýtsam "Başga saýtlary reklama etdiň" diýip häzir bloklarlar meni😄

Banucıcek, ýene seň aýdýanyň anyk bolan wakamy ýa "Bolsadymy fantaziýamy"!?
ideallider
6 Yanwar 2022
Banucıcek, çagakam eşiden rowaýatlarym hem çynlarym. Seň aýdanlaryň barada bilemok. Saýtlaram "Tm saýtlar" diýip gözledipgör.
ideallider
6 Yanwar 2022
Banucıcek, herkim her-hili pikir edýär. Salyr-gazanyň aýaly, öz oglunyň etini iýen gaýduwsyz gerçek aýal. Bu barada gep açanymyz gowy boldy. Beýle posty ýasap gelejekde okyjylara ýetirerin. Elbetde başga saýtlarda.
ideallider
6 Yanwar 2022
Banucıcek, arylar ilki täze ene aryny döredýärler we köne ene-ary bilen ýumurtga goýmakda ýaryşdyrýarlar. Haýsysy ýaryşda utulsa şony hem hem öldürýärler. Ýene şularýaly nejis hereket edýän jandarlar köp. Meselem gorillanyň çagasy ölse onda ejesi öz çagasynyň beýnisi iýýär. Geçi-gaplaňlar(çita-gepard) hem şeýle hereket edýärler.
ideallider
6 Yanwar 2022
Banucıcek, ýöne arylaryň öz ejelerini özleri çakyp öldürýändiklerini bilýärmidiň😄👍
ideallider
6 Yanwar 2022
Peýdaly maglumat. Geň ýeri şuwagt hakyky ary bal tapmak gaty kyn. Erbet tarapy, hakyky bilen ýasama ar baly tapawutlandyrmak gaty kyn! 😨👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.