Täsin Täze ýyl däpleri
Islandiýalylar dünýäniň iň köp kitap okaýan halklarynyň biri hasaplanýar. Olaryň bu endigi Täze ýyl baýramçylygynda hem dowam etdirilýär. Islandiýalylar Täze ýylyň öň ýanynda bir-birlerine kitap sowgat edýärler. Täze ýyl gijesinde bolsa gyzgyn şokolad içip, kitap okamak däplerini dowam etdirýärler.
Ýaponiýada Täze ýylyň öňüsyrasynda dükanlarda süýjülikleriň onlarça görnüşi peýda bolýar. Ýurtdaky göçme söwda dükanlarynda hem bu süýjülikler iň geçginli haryda öwrülýär. Bu süýjülikler Täze ýyl agşamynyň saçagyny bezeýär.
Polşada Täze ýyl agşamynda «wigiliýa» atly tagam taýýarlanýar. Bu ýurtda Täze ýyly nähili garşy alsaň, tutuş ýylyň hem şeýle geçjekdigine ynanylýar. Şol sebäpli polşalylar bu gijäni şadyýan geçirmäge çalyşýarlar.
Italiýada Täze ýyl agşamynyň saçagyny balyk we beýleki deňiz önümleri bezeýär. Saçakda 7 görnüşli deňiz jandaryndan taýýarlanan tagamyň bolmagyna üns berilýär.
Gollandiýada Täze ýyl baýramçylygyna has ir taýýarlyk görüp başlaýarlar. 6-njy dekabrda geçirilýän ilkinji baýramçylykda her kimiň adynyň baş harpy ýazylan köke bişirilýär.
Ispaniýada Täze ýyl baýramyndan birnäçe gün öň agaçdan ýasalan gutynyň içine sowgatlar salnyp başlanýar. Täze ýyl gijesi bolsa bu gutynyň gapagy mäkäm ýapylyp ýokarrakdan asylyp goýulýar. Çagalar bolsa özlerine taýýarlanan sowgady almak üçin aýdym aýdyp, gutynyň gapagyny döwýärler. Gutynyň içinden bolsa özleri üçin taýýarlanan süýjülikler çykýar.
Hytaýda mandarin berekediň simwoly hasaplanýar. Şol sebäpli Täze ýyl baýramynda birek-birege bu miwe sowgat edilýär. Çagalara bolsa gyzyl reňkli gutlag bukjalary we sowgatlar berilýär.
Bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda ýeriň Demirgazyk ýarym şarynda gyş pasly dowam edýär. Günorta ýarym şardakylar bolsa, tersine, ýylyň yssy möwsümini başdan geçirýärler. Awstraliýa hem günorta ýarymşarda bolansoň, bu ýurtda Täze ýyly deňizde ýüzmek, açyk meýdanlara çykyp gezelenç etmek arkaly geçirýärler.