guli_
05.01.2022 20:42
Öýkelek gyz.


Bir gyz söýdüm,
Aga gara, egrä dogry diýse-de,
Mahal-mahal unutsa-da wadasyn,
Gijä çenli garaşdyryp goýsa-da.

Bir gyz söýdüm,
Sözler bilen ýüregime düşse-de,
Geýinende gabanjymdam ölsem-de,
Men nädeýin,
Saýlap-saýlap söýenim öýkelek bolsa?!

Bir gyz söýdüm,
Ähli şertleri bilen,
Iňňirdisi, kemi, artygy bilen
Şertlerem iliňkä meňzänok onuň,
Bitirmäge güýjüm ýetenok meniň.

Nämemiş,
Günde bäş wagtyna habar tutmaly,
Okuwdan soň ugratmaly öýüne,
Ýadan bolsa taksi bilen eltmeli,
Seretmeli diňe onuň ýüzüne.
Her baýramda sowgat alyp bermeli,
Doglan gününe sowgatlaryň gymmadyn,
Gowşurmaly, ýogsam günüň görmeli,
Ýogsam bir aý ony görmän oňmaly.
Bazara gitse-de bile gitmeli,
Ýetirmeli söwdasynyň öwgüsin.
Satyjy göwnüne degäýse eger,
Hökman beräýmeli satyjyň mergisin.
Ýerine bermeli onuň bergisin,
Toýa gitse hökman alyp gaýtmaly,
Ýolda-da bermeli söýgi posasyn,
Ýadyňdan çykaýsa, Alla saklasyn!
Dostlaryny dost tutmaly özüme,
Duşmanlary duşman bolmaly maňa.
Eger ynanmasa aýdan sözüme,
Ant içmeli gara sürtüp ýüzüme.
Onuň bolsa aýdan her bir sözüni,
Doga edip dakynmaly boýnuma,
Säwlik bilen ýalňyşaýsaň birdenkä,
Derrew düzetmeli özi aňmanka.
Adamçylyk,Ýolda ýöräp barýakaň,
Gözüň düşse başgasyna birdenkä,
Öwrülmeli, ýanyňdaky duýmanka.
Garaz, şertleriniň ondan biri şujagaz,
Garaz, meň söýenim şular ýaly gyz.
Sözler bilen ýüregime düşse-de,
Saçlarym dökse-de, bilim bükse-de,
Sögse-de,Söýse-de,Janym ýaksa-da,
Iller gep etse-de, gybat etse-de,
Alla şaýat, men nädeýin,
Saýlap-saýlap söýenim öýkelek bolsa?!
18
309
Myhman Myhman
12 Fewral 2022
Bah oglanlar gacalyn onda gosgydaky dogry bolsa ya baram gyzlarmy bari
ideallider
6 Yanwar 2022
Muhammet2108, biziň şeýle zatlary saýlajagymyzy bilip Alla biziň maňlaýymyza ýazýar. Aslynda durmuşda "Saýlamagy" Alla bize goýýar.
Gülhan
5 Yanwar 2022
"Şansly gyz" bolmaly eken ady😊
N.T.
5 Yanwar 2022
Guli_,bolya onda 😊👍
guli_
5 Yanwar 2022
N.T.,Awtory yazylmandyr.Bolmasa menm bellik edip goyjakla!
N.T.
5 Yanwar 2022
Awtory kimka bu goshgynyñ? Gowy goshgy eken👍
Kuwadowna04
5 Yanwar 2022
Gowy gosgy😊😊😊👏👏👏👏👏👏
Muhammet2108
5 Yanwar 2022
Wah manlayyna yazylan sodurda allatagala manlayyna solar yalyny yazypdyr.Begensin gaytam.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.