Täze ýyl hakynda täsin faktlar.
1. Täze ýyl arçasyny bezemek däbiniň ilkinji resmi subutnamasy XVII asyryň başlaryna degişlidir. Taryhçylaryň pikiriçe, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bezelen ilkinji agaçlar Elzasda (şol wagt Germaniýanyň, häzirki Fransiýanyň bir bölegi) peýda boldy. Kesilen arçalar, sosnalar we buklar (agajyň bir görnüşi) üçin reňkli kagyzdan rozalar, almalar, kökeler, şeker bölejikleri we zerler baýramçylyk bezegleri bolup hyzmat etdiler.
2. Ilkinji aýna arça topy XVI asyrda Týuringiýada (Saksoniýa) ýasalýar. Arça bezegleriniň senagatdaky köpçülikleýin önümçiligi hem XIX asyryň ortalarynda Saksoniýada başlanýar. Ussat aýna önümini ýasaýjylar aýnadan oýnawaçlary üfläp çişiripdirler, olaryň kömekçileri kartondan jaňlary, ýürekleri, guşlaryň we haýwanlaryň şekillerini, şarlary, şişkalary, hozlary kesipdirler, soňra bolsa açyk reňkler bilen boýapdyrlar.
3. Dürli reňkli çyralardan bolan ýanýan elektrik girlýand ilkinji gezek 1895-nji ýylda amerikan Ak öýündäki arça bezeldi.
4. Täze ýyly 1-nji ýanwarda bellemek däbi ruslarda 1700-nji ýylda Piter I-iň karary bilen ýüze çykdy. Ondan öň 1-nji martda dini, 1-nji sentýabrda bolsa dünýewi Täze ýyl baýramçylygy bellenilipdir.
5. 1903-nji ýylda «Malýutka» çagalar žurnalynyň baýramçylyk sanynda Raisa Adamowna Kudaşewanyň «Arçajyk» atly goşgusy çap edildi, 2 ýyldan soň bolsa höwesjeň kompozitor Leonid Karlowiç Bekman teksti aýdyma geçirdi — dünýäde hemmeleriň şeýle halaýan söýgüli «Tokaýda arçajyk doguldy» («В лесу родилась ёлочка») aýdymy çykdy.
6. 1935-nji ýylda Staliniň karary bilen Roždestwo Täze ýyla,Wifleýem ýyldyzy gyzyl bäş burçly ýyldyza öwrüldi. Şonda ilkinji gezek Aýazbaba we Garpamyk peýda boldy.
7. 1949-njy ýyldan bäri 1-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edilýär.
8. Rus Aýazbabasy öz doglan gününi 18-nji noýabrda belleýär – hut şol gün onuň mülkünde — BeýikUstýugda hakyky gyş gelýär we aýaz bolýar.
9. Russiýada Aýazbabanyň birbada üç sany resmi bolýan ýerleri (rezidensiýalary) bar: Beýik Ustýugda (1998-nji ýyldan bäri), Çunozer mülkünde (1995-nji ýyldan bäri) we Arhangelskde (1980-nji ýyllaryň ahyryndan). Mundan başga-da, Demirgazyk Polýus azyndan XX asyryň ortalaryndan bäri Aýazbabanyň hemişelik ýaşaýan ýeri hasaplanýar.
10. Garpamyk 4-5-nji aprel gijesinde doglan gününi belleýär hem-de onuň watany Kostroma welaýatynyň Şýolykow obasy hasaplanylýar: 1873-nji ýylda Aleksandr Ostrowskiý hut şol ýerde «Garpamyk» («Снегурочка») pýesasyny ýazypdyr. Garpamyk Aýazbabanyň agtygy hökmündäki meşhurlygyny XX asyryň 50-nji ýyllarynda Kreml arçalarynyň saýasynda, Lew Kassil we Sergeý Mihalkow tarapyndan ýazylan senariýanyň kömegi bilen gazandy.