gula
30.11.2023 19:02

Sensiz nije ýoly,bilmedim ötüp

Ejir çekenlermi,diýmedim saňa

Öziň aňsat ýola ötdüňde gitdiň,

Kötelli ýollary galdyryp maňa


Çagyrdyň ykbala,başga bir deli

Hat-da sen tarapa ädilmez ädim

Sen maňa şeýle bir gerekdiň velin

Göýä ýaşap yörenligime güvädiň


Ýetermi,ýetmezmi aşygyň eli

Diyerdim "Kalbymda urýan urgusyň"

Sen maňa şeýle bir gerekdiň velin

Sanap gezer ýaly kalbym urgusyn


Gerekdiň,şeýle bir gerekdiň velin

Eý aldovçy söýgim,ýandyran söýgim

Indi ýaşasam-da, ýüregim öli

Kalp bilen geçmişi doňduran söýgim


Avtory:Ogulgurban Jumaýewa

33
93
gula
29.11.2023 06:36
Asla biriniň umydyny kesme!Belki-de eýe bolan ýeketäk zady şoldyr!
***

Ýitirjek hiçbir zady galmadyk adamdan özüňi gora!
***

Dilden gelen-elden gelse,çyn gedaý-patyşa bolar;
***

Ýalan at ýaly gider,hakykat bolsa ýöräp,ýöne vagtynda ýetişer;
***

Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym,haçanda aýagy ýok adamy görenime çen#
***

Adam öz ýalňyşyny diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler!
***

Iki gezek ýaşaýan ýok,emma bir gezek ömür sürmäni hem başarmaýan köp#
***

"Ýaman-diýdi,başda Ýagşydym menem!...
38
70
gula
27.11.2023 10:21
Kimler üçin durmuş diyseň gözeldir
Kimler munda gözün ýaşa ezendir
Her zatdan paýyňy Allah yazandyr
Garaş ähli zadyň ölçegi bardyr

Dünýäň elmydama dar bolar öýtme
Hemişe ýamanlar ýar bolar öýtme
Maňlaýyň bar zatda şor bolar öýtme
Garaş ähli zadyň ölçegi bardyr

Avtor:Şanazar Hydyrov
31
41
gula
26.11.2023 11:11
Käte güler ýüzüň solanda gamgyn
Saňa beren güllerimi ýada sal...
Ynjama sen,kalbyň galanda ýalňyz
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Gövnüňi ýykanda indi ol özge
Aňýanyň bolmasa,bakyp gözüňe
Gulak goýup şol öňküje sözüme
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Mensiz uzak ýoda ýatyr öňüňde
Baryp bilmen, durup bilmen deňiňde
Birden meni duýsaň alan demiňde
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Ýatlamalar ga:lar ýük bolup arka
Ýörärsiň bagtyňa,ýörärsiň ertä
Keşbim,sesim,küýsän vagtyň,birdenkä
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Soňky sözüm aýtýan dolup damagym
Çözle öz geljegiň täze ýumagyn
Soň soň ýaşlar syrygaýsa ýaňagyn
Eliň tutan,ellerimi ýada sal...

Durmuşda kä ejizleseň,ýadasaň
Seni söýen günlerimi ýada sal...

Avtor:Şanazar Hydyrov
30
46
gula
22.11.2023 01:03

Her näçe ýatlamaýyn diysem-de

Senli pikirlerim goýanok ahyr

Öz ýüregiň başg ýary söýse-de

Gözleňden,gözlem doyanok ahyr


Elde telefonym,ýatda nomeriň

Aýlasam belgiňe...tanap bilermiň

Öňki ýaly gürleşermiň,gülermiň

Sesiň gulagymdan gidenok ahyr


Uky yok gözlemde gije gündiz deý

Sen dünýäme şugla sacyan ýyldyz deý

Deňiz içre arassa ak gündiz deý

Keşbiň ýüregimden ýitenok ahyr


Hany ýaz sms,oturn garaşyp

Sensizlikde ýalňyzlyga ýaraşyp

Gitme söýgümizden...gitme azaşyp

Näçe ja:n etsem-de undamok ahyr...


Avtory:Gylychmammedova G...

31
152
gula
16.11.2023 00:23

Sözüňde many ýok lal aç diýerler

Yöreseň ädimiň az aç diýerler

Dogry ýola gitseň,azaş diýerler

Şonuň üçin her gepläni diňlemäň


Gepçilerdir,zehiniň köýükleri

Islemezler özünden beýikleri

Ýere taşlap ucsaň ähli ýükleri

Ganatyňdan çekjekleri diňlemäň!


Beýik depgin bilen alaňda badyň

Köýdürmek islärler gazanan zadyň

Abraýyňdan öňde ýörese adyň

Lakam bilen ýüzlenjegi diňlemäň


Iliň maslahaty şeýledir meger

Yumak bolup geler,daş bolup deger

Öz kitabyň özüň ýazmasaň eger

Ýalňyşarsyň,özgeler diňlemäň!


Duşmanlaryň ilki geçirer töre

Soňra öz özüňi yöreder göre

Dälini diňleseň diňlegin ýöne

Kalby gatan görüpleri diňlemäň!



Avtory: Durdygylyc Yarjanov

30
49
gula
14.11.2023 18:59
Görüp bilýär göze ilmez hatanam
Sungat eder ýatanja bir matanam
Bu kärine berlen yhlaslaryndan
Işli geçýär,günüň dogup,batanam

Mundan egne yadaw donuny biçmez
Hic hacan bu eziz kärinden geçmez
Çünki tikinçilik şeýle täsin kär
Kän syrlary açyp,syryňy açmaz...

Şoň üçin kärinden kemçilik tapmañ
Bahanalar bilen gövnüni ýykmaň
Sebäbi tikinçi gelin gyzlar bu-
Eşige düşünýän ýeketäk ynsan😊
30
80
gula
12.11.2023 09:46

Adamlaň gövnüne degmäýin diýip

Gybatym etdiler,bermedim ünsüm

Agyr gürlediler ýylgyryp bakdym

Dişim gysyp,diňe bolupdum ümsüm


Adamlaň gövnüne degmäýin diýip

Salam berdim,salam almasalaram

Sylagym,hormatym,egismedim hiç

Meni köp ýerlerde aldasalaram


Adamlaň gövnüne degmäýin diýip

Dertlerini bile çekişjek boldum

Kän bir gövnemedim,kä bir ýagdaýda

Şonda-da goşulup gülüşjek boldum


Ýöne meniň ýaşap ýören dünýämden

Has üýtgeşik olaň ýalan dünýäsi

Her kimiň özüne görä bolmaly

Sebäp,düşünýärler şonda hemmesi


Başymy Allanyň öňünde egdim

Namartlap,namarda egmäýin diýip

Kä setirim köplenç ýazamsoň pozdum

Adamlaň gövnüne degmäýin diýip!

32
37
gula
11.11.2023 19:39

Bu ejiz ýüregim daş ýürek bolsa

Belki agyrmazdy sähelçe zada

Şemal deý deňimden geçirip bolsa

Belki gynanmazdym sähelçe zada


Gaýgyly görünsem,dertlidir ýürek

Gulakda ýaňlanýar awyly sözler

Ýagşyny,ýamany saýgarmak gerek

Tanaman gynandym sähelçe zada


Gapy kakdym,açylmadyk gapy bar

Ýüz tutamda iş bitmedik ýeri bar

Yzymdan gep edýänleň tanyş sesi bar

Janyňyz sag bolsun tanyş sesliler!

22
56
gula
10.11.2023 21:13

Ejem bar kakam bar hudaya şükür


Olar bilen dünýä bagtly bakaryn


Özge zatlam bolmasa-da,gynanman


Başga zady ýitirsemem taparyn.



Kynçylyklary-da geçerin bir ýan


Goý,durmuşyň ezýetleri köp bolsun


Maňa elmydama goltgusyn berýän


Käbäm hem kyblamyň başy dik bolsun!

30
53