Sensiz nije ýoly,bilmedim ötüp
Ejir çekenlermi,diýmedim saňa
Öziň aňsat ýola ötdüňde gitdiň,
Kötelli ýollary galdyryp maňa
Çagyrdyň ykbala,başga bir deli
Hat-da sen tarapa ädilmez ädim
Sen maňa şeýle bir gerekdiň velin
Göýä ýaşap yörenligime güvädiň
Ýetermi,ýetmezmi aşygyň eli
Diyerdim "Kalbymda urýan urgusyň"
Sen maňa şeýle bir gerekdiň velin
Sanap gezer ýaly kalbym urgusyn
Gerekdiň,şeýle bir gerekdiň velin
Eý aldovçy söýgim,ýandyran söýgim
Indi ýaşasam-da, ýüregim öli
Kalp bilen geçmişi doňduran söýgim
Avtory:Ogulgurban Jumaýewa