Sözüňde many ýok lal aç diýerler
Yöreseň ädimiň az aç diýerler
Dogry ýola gitseň,azaş diýerler
Şonuň üçin her gepläni diňlemäň
Gepçilerdir,zehiniň köýükleri
Islemezler özünden beýikleri
Ýere taşlap ucsaň ähli ýükleri
Ganatyňdan çekjekleri diňlemäň!
Beýik depgin bilen alaňda badyň
Köýdürmek islärler gazanan zadyň
Abraýyňdan öňde ýörese adyň
Lakam bilen ýüzlenjegi diňlemäň
Iliň maslahaty şeýledir meger
Yumak bolup geler,daş bolup deger
Öz kitabyň özüň ýazmasaň eger
Ýalňyşarsyň,özgeler diňlemäň!
Duşmanlaryň ilki geçirer töre
Soňra öz özüňi yöreder göre
Dälini diňleseň diňlegin ýöne
Kalby gatan görüpleri diňlemäň!
Avtory: Durdygylyc Yarjanov