gula
12.11.2023 09:46

Adamlaň gövnüne degmäýin diýip

Gybatym etdiler,bermedim ünsüm

Agyr gürlediler ýylgyryp bakdym

Dişim gysyp,diňe bolupdum ümsüm


Adamlaň gövnüne degmäýin diýip

Salam berdim,salam almasalaram

Sylagym,hormatym,egismedim hiç

Meni köp ýerlerde aldasalaram


Adamlaň gövnüne degmäýin diýip

Dertlerini bile çekişjek boldum

Kän bir gövnemedim,kä bir ýagdaýda

Şonda-da goşulup gülüşjek boldum


Ýöne meniň ýaşap ýören dünýämden

Has üýtgeşik olaň ýalan dünýäsi

Her kimiň özüne görä bolmaly

Sebäp,düşünýärler şonda hemmesi


Başymy Allanyň öňünde egdim

Namartlap,namarda egmäýin diýip

Kä setirim köplenç ýazamsoň pozdum

Adamlaň gövnüne degmäýin diýip!

32
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.